Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşulylary agyr günde ýaşaýandygyny aýdýarlar


Ýaşy uly zenanlar - Hasyl baýramy bilen bagly resmi dabaranyň gatnaşyjylary. Türkmenistan. Noýabr, 2020.
Ýaşy uly zenanlar - Hasyl baýramy bilen bagly resmi dabaranyň gatnaşyjylary. Türkmenistan. Noýabr, 2020.

Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesi barha peselýär. Ilat köpçüligi işsizligiň we gymmatçylygyň basyşy astynda galýarka, ilatyň gartaşan gatlagy pensiýa pullaryny azyga we dermanlara ýetirip bilmän kösenýärler. Azatlygyň habarçylary pensionerleriň gün güzerany barada habar berýärler.

Türkmenistanly pensionerler hasaplaryna geçirilýän pensiýa pullarynyň ortaça 300 manada barabar bolýandygyny aýdýarlar.

"Zähmet rugsadyna çykan goja erkek adamlar we garry daýzalar 300 manat möçberindäki pula ne garnyny doýurmak üçin ýeterlik iýmit alyp bilýärler, ne zerur dermanlary satyn alýarlar" diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýaşuly aýdýar.

Resmi maglumatlarda minimal pensiýanyň 2024-nji ýylyň başyndan 10% ýokarlanyp, 500 manada ýetendigi habar berilýär. Bu resmi kursdan 142 dollara, gara bazar nyrhy bilen 25 dollara barabar. Tebigy resurslarynyň eksportyndan milliardlarça dollar girdeji alýan Türkmenistanyň öz pensionerlerine berýän pensiýa haky hatda Merkezi Aziýa regionynda hem iň pes hasaplanýar.

Türkmenistanda adamyň ýaşamagy üçin zerur minimal çykdajylarynyň mukdaryny kesgitleýän we durmuş derejesine baha berýän statistika sanlary çap edilmeýär. Adamyň ýaşamagy üçin zerur minimal mukdardaky harytlardan düzülen ulanyjy sebedi diýen görkeziji hem ýöredilmeýär. Bu düşünje soňky 30 ýyldan gowak wagtda ýurtda asla ornaşdyrylmady.

Azatlyk bilen gürleşen ýaşuly türkmenistanlylar pensiýalaryna azyk alsalar, dermana, derman alsalar azyga ýetmeýändigini gürrüň berdiler.

"Iýenini siňdirmek üçin aşgazan dermanlaryny satyn almaga, dişleri dökülip, protez goýdurmaga, dyz agyrysyny azaltmak üçin derman satyn almaga puly bolmadyk, ýürek agyrysy, gan basyşy ýaly saglyk meseleleri üçin ýönekeý derman alyp bilmän biwagt dünýäsini täzeleýän ýaşulular az däl" diýip, ýaşuly aýdýar.

Azatlygyň söhbetdeşleri gartaşan raýatlaryň görgüleriniň, garyplygynyň jemgyýetiň ozaldan gelýän ýaşululara hormat-sylag görkezmek däplerine we türkmen hökümetiniň resmi derejede yglan edýän syýasatyna ters gelýändigine ünsi çekýärler.

Döwlet telewideniýesi yzygiderleri görnüşde topar-topar bolup ýören telpekli-donly ýaşuly gojalary we bezemen daýzalary görkezýär. Köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýan ýaşulular el çarpýarlar we ýurt ýolbaşçylaryna "bagtly durmuşy" üçin alkyş aýdýarlar.

Pensionerler döwletiň özlerini kemsidýändigini aýdýarlar.

"Azyk we dermanlar elýeter däl, gymmatçylyk. Bu ýagdaýda bize berilýän pensiýa haky ýaşy uly nesliň üstünden gülmek bolýar. Güýç-kuwwatyny ýitiren we oz hakyny talap etmäge fiziki taýdan mümkinçiligi bolmadyk ýaşuly gojalara we mamalara görkezilýän äsgermezçilik olary has-da ruhdan düşürýär we durmuşa höwesini alýar" diýip, ýaşuly aýtdy.

Türkmen hökümeti ýurtda sosial-ykdysady problemalaryň bardygyny boýun almaýar. Işsizligi, azyk ýetmezçiligini, nyrhlaryň ýokarlanmagyny we zähmet migrasiýasynyň artmagyny resmi derejede agzamaýar.

Türkmenistany ýokary töwekgelçilik astyndaky ykdysadyýetli ýurtlaryň hatarynda agzap gelýän Dünýä Banky (DB) we Halkara Walýuta Fondy ýaly abraýly halkara gurmalary türkmen hökümetini ilatyň ejiz gatlaklaryny töwekgelçiliklerden goramak üçin çäre görmäge çagyryp geldiler.

Emma türkmen hökümeti problemalary resmi taýdan boýun almady, tersine HWF-nyň hasabatyny petikledi. 2022-nji ýylda ýüze çykan bu ýagdaý DB-nyň we HWF-nyň Türkmenistanyň resmi statistika sanlaryny ulanmakdan ýüz öwürmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Şu aýda halkara pul gaznasy Türkmenistanda umumy içerki önüminiň ösüşiniň resmi sanlardan üç esse kemdigini öňe sürdi. HWF-nyň missiýasynyň ýurtdaky makro ykdysady ösüşlere we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek üçin Türkmenistana eden saparynyň netijesinde yglan eden sanlaryna görä, 2023-nji ýylda Türkmenistanda umumy içerki önümiň ösüş derejesi 2 %-e deň bolupdyr. Türkmen hökümeti bu görkezijiniň degişli döwürde 6,3 %-e barabar bolandygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG