Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşuly nesliň wekilleri özleriniň pensiýa haklarynyň ujypsyz bolandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda edara-kärhanalarda işläp, hormatly dynç alşa çykan ýaşuly nesliň wekilleri özleriniň pensiýa tölegleriniň ujypsyz bolandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagt Aşgabatda birnäçe ýaşaýjy bilen gürrüňdeş bolup, bu ýagdaýyň jikme-jiklikleri bilen gyzyklandy.

Döwlet edaralarynyň birinde 30 ýyl çemesi işläp, ýaňy-ýakynda pensiýa çykan uly ýaşly bir zenan maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özüne ujypsyz möçberlerde pensiýa tölegleriniň bellenendigini gürrüň berdi.

“Men soňky 30 ýyldan gowrak wagt bäri söwda pudagyna degişli bir edarada işläp gelýärdim. Meniň aýlygymdan her gezek pensiýa gaznasyna tutumlar tutulýardy. Ýöne meniň pensiýamy hasaplanlarynda welin, diňe soňky bäş ýylyň dowamyndaky zähmet ýyllarymyň esasynda pensiýa ýazdylar. Maňa 372 manat möçberinde pensiýa tölenýär” diýip, uly ýaşly zenan maşgala aýtdy we bu puluň örän ujypsyz bolandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy başga-da birnäçe ýaşuly adamlar bilen gürrüňdeş bolup, şuňa meňzeş ýagdaýlaryň bir ýa iki däldigini, munuň giň ýaýrandygyny anyklady.

Berhiz saklaýan beýleki bir paýtagtly ýaşuly öz pensiýasynyň zerur iýmitleri satyn almaga-da ýetmeýändigini, derman serişdelerini satyn almak üçin bolsa, ogul-gyzlaryndan pul soramaly bolýandygyny aýdýar.

“Milli türkmen manadynyň ýyl-ýyldan hümmetsizlenýändigi nazarda tutulanda, bu pullar hiç zada ýetmeýär” diýip, aşgabatly pensioner aýdýar.

Döwlet mediasy ýurtda raýatlaryň durmuş goraglylygynyň kepillendirilendigini, Türkmenistanda jemgyýetiň gatlaklarynyň ählisiniň abadan we bolelin durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürýär.

Ýöne onlarça ýyl döwlet pudagynda zähmet çekip, ujypsyz pensiýa töleglerine mätäç goýulýan uly ýaşly raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan tejribeleri durmuş goraglylygynyň kepillikleri barada aýdylýan gürrüňleri ýalana çykarýar.

“Biz derman serişdelerine pul artdyryp bilmän, ogul-gyzlarymyzdan pul soramaly bolýarys, olaryň hem öz hojalyklary, öz çagalary bar. Olar hem özlerinden artdyryp bilmeýärler” diýip, uly ýaşly raýat aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda pensiýalary hasaplamagyň iň pes binýatlyk möçberini 500 manat hökmünde yglan etdi.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar güýç edaralarynyň işgärlerinden başga tas ähli pudagyň işgärleriniň pensiýa haklarynyň ujypsyz bolandygyny aýdýarlar.

“Pensiýa tölegleri hasaplananda diňe soňky bäş ýylyň zähmet haklaryndan tutulan pensiýa gatançlary hasaba goşulýar. Diňe güýç gulluklary 800-1400 manat aralygynda pensiýa alýar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda raýatlara ýaşy boýunça, hünäri boýunça, gulluk ýyllary boýunça, maýyplyk boýunça, ekleýjisini ýitirendigi boýunça hem-de toplaýyş pensiýasy berilýär. Bulardan başga-da, şahsy pensiýalary bellemegiň şertleri goşmaça düzgünleşdirilýär.

Mundan ozal, türkmen hökümeti geçen ýylyň tomsunda Türkmenistanda watanyň öňünde aýratyn hyzmat bitiren raýatlara şahsy pensiýalaryň bellenip başlanýandygyny yglan etdi.

Ençeme ýyllardan bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda dowam edýän giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň sosial üpjünçilik we durmuş goraglylygy syýasaty ýurduň ykdysady we maliýe reallyklaryna gabat getirilmezlikde tankyt edilýär.

Aşgabatly zenanyň 372 manat möçberinde kabul edip başlan pensiýa tölegi dollaryň resmi alyş-çalyş nyrhy boýunça takmynan 105 dollara, gara bazar boýunça takmynan 20 dollara barabar bolýar.

Güýç edaralaryndan hormatly dynç alşa çykan pensionerleriň 800-1400 manat aralygynda bolan pensiýa haklary hem dollaryň resmi bahasy boýunça 228-400 dollara, gara bazar boýunça 42-73 dollara deň bolýar.

Türkmenistanda 62 ýaşyny dolduran erkek adamlar we 57 ýaşyny dolduran aýallar ýaşy boýunça pensiýa hukugyna eýe bolýarlar.

Pensiýalar raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilip bilinýär. Şeýle ýagdaýda, türkmen kanunçylygy, pensiýa alýan raýatlardan her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edaralarynda gaýtadan bellige alynmagy talap edýär.

Azatlyk Radiosy ujypsyz pensiýa tölegleri we raýatlaryň durmuş goraglylygy bilen baglylykda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden hiç hili teswir alyp bilmeýär.

Bu aralykda, Türkmenistanda 1-nji oktýabrda Ýaşulylaryň halkara güni bellenip geçildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu mynasybetli ýauly nesle gutlag hatyny iberip, olaryň her bir maşgalada asudalygy we agzybirligi üpjün etmekde alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtady we “siziň maslahatlaryňyz, goldawlaryňyz we öwüt-ündewleriňiz möhümdir” diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG