Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talybanyň "ýaşyl ynkylaby". Koştepa kanalynda suwuň böwüsmeginden howatyr artýar


Koştepa kanaly
Koştepa kanaly

Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” tarapyndan gurulýan kanalda, anyk bolmadyk ýagdaýlarda ýüze çykan suw ýaýramagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde alada döredýär diýip, Eurasianet internet neşiri ýazýar. Owganystanyň "Talyban" gözegçiligindäki hökümeti millionlarça owganlynyň azyk meselesini ýeňilleşdirer diýen maksada eýerýän taslamany durmuşa geçirmek üçin, güýçli depginde iş alyp barýar. Ýöne goňşy Merkezi Aziýa döwletleri Koştepa kanaly daşky gurşawa howp salýar diýip alada bildirýär.

Kanalyň gurluşygyna 2022-nji ýylyň ýazynda başlandy. "Talyban" resmileriniň aýtmagyna görä, taslamanyň ikinji tapgyryna fewral aýynyň aýagynda girişilipdir. Koştepa kanaly tamamlanandan soň, Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny suwarmak üçin, Amyderýadan suw alar. Owganystanyň TOLOnews nabar neşiri Kutbudin Ýakubi atly ykdysatçynyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, bu taslamanyň "ýaşyl ynkylaba" alyp barjagyny, munuň bolsa ägirt uly iş orunlaryny döretjekdigini ýazýar.

Umuman, halkara jemgyýeti Owganystanyň ykdysady durnuklylygyny ýokarlandyrmagyna gowy garaýar. Emma Owganystanyň goňşularynyň arasynda, Koştepa ynam çeşmesinden, has köp alada döredýär. Köp adamlarda gurluşygyň hiline şübhelenme bar. Olaryň gorkusyny satellit suratlary güýçlendirdi. Bu suratlar 2023-nji ýylyň noýabr aýynda, kanalyň gurlandygy aýdylýan böleginden, uly möçberde suwuň töwerege ýaýramagyny görkezýän şekillerdir. Suwuň ýaýramagynyň sebäpleri jedelli mesele bolmagynda galýar.

Bu betbagtlyk hadysamy? Ýa-da inženerleriň başarnyksyzlygynyň netijesimi? Zyýankeşlik hereketimi? Ýa başga bir ýagdaýmy? Elýeterli subutnamalar anyk netijä gelmek üçin ýeterlik däl. Kanalyň ýakasynda takmynan 30 metr çemesi böwsülen ýeriniň bardygy we ondan suwuň akandygy belli. Tä «Serhetsiz derýalar» ekologiýa guramasy duýduryş berýänçä, ýagny bir aýdan gowrak wagt suw daşara akypdyr. Satellit suratlaryny derňemek esasynda, ekspert topary suwuň ýaýramagyny kanalyň gurluşygyndaky kemçilikler bilen baglanyşdyrdy. Bar bolan maglumata görä, kanalyň ilkinji 100 kilometrlik bölegi noýabr aýynyň başynda, Amyderýanyň suwy bilen doldurylandan, bary-ýogy birnäçe hepde geçensoň, suw ýaýramak ýüze çykypdyr.

«Kanalyň kenary suwuň basyşyna garşy durup bilmedik bolmaly we kanaldan uly möçberde suw joşup çykyp, giň töwerege ýaýrandyr» diýip, «Serhetsiz derýalar» monitoring topary tarapyndan tassyklanylýar. Şol wagtyň özünde "Talyban" resmileri munuň kanalyň 75-nji kilometriniň çäklerinde, ýerasty suwlaryň derejesine gözegçilik etmek maksady bilen amala aşyrylandygyny aýtdy. Köp sanly garaşsyz hünärmenler bu düşündirişe şübhelendiler.

Eurasianet neşiriniň ýazmagyna görä, özbek resmileri bu meseläni ulaldyp aýtmagyny dowam edip, gapma-garşylykly beýanat berdiler. Özbegistanyň döwlet eýeçiligindäki «Ўзбеккосмос» agentligi 2022-nji ýylda, kanalyň gurluşygynyň başlanmagyndan bäri geçirilen "yzygiderli satellit monitoringiniň" netijeleriniň esasynda, "ýer işleriniň çäklerinde ýerasty suwlaryň ýokary göterilmegini anyklandygyny" belleýär.

Şol bir wagtda 4-nji noýabrda «Ўзбеккосмос» agentligi kanalyň raýşynda, 30 metrlik boşlugyň dörändigini tassyklady. 5-nji noýabrda joşgun zerarly 19,5

kwadrat kilometre suwuň ýaýrandygy aýdylýar. Özbegistanyň döwlet agentliginiň maglumatyna görä, 13-nji dekabra çenli 30,3 kwadrat kilometre çenli ýer suw astynda galypdyr. Beýanatda: "Suwuň [akymynyň] togtadylmagy üçin, hiç hili çäre görülmedi" diýilýär.

Emma kanaldan daşyna suwuň akýandygyny tassyklasa-da, özbek kosmos agentligi ol suwuň Amyderýadan gelmeýändigini hem öňe sürdi. Ýogsam bolmasa, ozalky beýanatda "kanalda emele gelen böwsülmeden suwuň ýaýrandygy” barada aýdylýardy. Netijede, «Ўзбеккосмосyň» beýan eden wakalarynyň garym-gatym hronologiýasy "Talybanyň" aýdýanlaryna gabat geldi.

«Ýokary derejeli satellit suratlarynyň derňewiniň netijesinde, kanalyň kenaryndan syzyp çykýan suwlar üçin, ýer gazmak işleriniň (gazylyp alynýan toprakdan görnüşi ýaly, ýörite enjamlary ulanmak we ş.m.) maksadalaýyk alnyp barylýandygy anyklandy» diýlip, özbek ekspertleri bu barada gysgaça maglumat berip, "Serhetsiz derýalar" toparynyň bu waka barada beren hasabatynyň "hakykata laýyk gelmeýändigini" öňe sürdüler.

Koştepa kanalynyň gurluşygyny 2028-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Kanal doly mümkinçiliginde ulanylyp başlanynda, onuň uzynlygy 285 kilometre, ini 100 metre golaý, çuňlugy hem 8,5 metre çenli bolar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, kanal Amyderýanyň tutuş suwunyň 20% çenli möçberini alyp biler. Bu derýa Owganystan bilen onuň demirgazyk goňşulary Özbegistanyň we Täjigistanyň serhedi bolup hem hyzmat edýär.

Merkezi Aziýanyň häkimiýetleri bu taslamanyň kämilleşmedik regional suw dolandyryş ulgamyny heläkçiligine getirip biler diýip, köpden bäri howatyrlanýarlar. Mysal üçin, ol kanalyň açylmagy Özbegistanda suwy köp talap edýän pagta senagatyna ýaramaz täsirini ýetirip biler. Kanal Aral deňzini dikeltmek üçin, tagalla edýän Gazagystanda hem kynçylyk döreder.

Koştepa baradaky Merkezi Aziýa boýunça Býurosynyň ekspertleriniň çap eden analitik hasabatlarynda, kanalyň gurluşygyň hiline "çynlakaý şübhe" bildirilmegi ol aladany has-da artdyrýar. «Gurluşyk usullary örän ýönekeý alyp barylýar: kanaly diňe "gazylýar", kanalyň düýbi we kenarlary kadaly, bolmaly ýagdaýynda berkidilmeýär. Suw gurak, çägeli topraga akyp başlanda, beýle usul agyr howp salýar, suwuň köp mukdarda ýitgisine getirer" diýlip hasabatda aýdylýar.

Geçen ýylyň sentýabrynda, Aral deňzine bagyşlanan regional duşuşykda çykyş edip, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew: "Merkezi Aziýada suw ýetmezçiligi meselesi agyr we ol dikeldip bolmajak ýagdaýa öwrülip, diňe erbetleşer" diýip beýanat etdi. Şeýle-de, ol Koştepa taslamasynyň "Merkezi Aziýada suw düzgünlerini we balansyny düýpgöter üýtgedip biljekdigini" sözüne goşdy. Ol öz çykyşyny Owganystany "suwdan peýdalanmak boýunça sebitleýin dialoga" gatnaşmaga çagyryş bilen tamamlady.

Özbegistanyň 2023-nji ýylyň ahyrynda, Owganystandaky suw ýaýramagy hakdaky reaksiýasynyň Mirziýoýewiň "Talybany" suw meselelerini çözmäge gatnaşdyrmak islegi bilen bagly bolmagy mümkin. Dürli maglumat serişdeleriniň habarlaryna görä, 2023-nji ýylyň ahyrynda, Özbegistanyň delegasiýasy Koştepa boýunça gepleşikler geçirmek üçin, Owganystana sapar etmegi maksat edinipdi. Şondan bäri ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri barada, hiç hili habar berilmedi. Belki, Daşkendiň pikirine görä, "ýuwaş diplomatiýa" we çaknyşykdan gaça durmak islegi "Talybany" suwdan peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge mejbur etmegiň iň gowy usuly hasaplaýandyr diýip, Eurasianet neşiri ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG