Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýatlaryň şahsy ulagyna degişli täze çäklendirme sürüjileri ýüzlerçe manat möçberinde goşmaça çykdaja goýýar


Ýol polisiýasy we ulag eýesi (Illýustrasiýa suraty)
Ýol polisiýasy we ulag eýesi (Illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynda raýatlaryň öňi AK bilen başlaýan şahsy awtoulaglarynyň döwlet belgileri ellerinden alynýar. Häkimiýet wekilleri munuň sebäbini diňe “bolanok” diýmek bilen düşündirip, ulag eýelerinden täze döwlet belgilerini almagy talap edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy awgustda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler döwlet belgisiniň öňi AK bilen başlanýan, meselem, AK 4517 MR bolan awtoulaglaryň eýelerine Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan jaň edýärler ýa-da olaryň öýlerine etrap polisiýasynyň işgärleri barýar. Käte-de olar ýol polisiýasy tarapyndan saklanýar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleriniň ählisi bu ulaglaryň eýelerine döwlet belgilerini yzyna tabşyrmalydyklaryny aýdyp, olary dessine goparyp alýarlar.

“Polisiýa wekilleri munuň sebäbini düşündirmeýärler. Olar diňe ‘bolanok, çalyşmaly’ diýýärler” diýip, başga bir ulag eýesi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlygyň sebitiň kanun goraýjy edarasyndaky ynamdar çeşmesi bu çäräniň “ak reňk” ýa-da “Ak şäherim Aşgabat” propagandasy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Bize paýtagtdan gelen habarda öňi AK bolan döwlet belgileriniň diňe Aşgabatda dakylmalydygy aýdyldy. Hamana, “AK şäherim Aşgabat” diýlip, bahana edildi” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Türkmenistanda döwlet derejesinde ak reňkiň propagandasy dowam edýär. Bu propaganda, hususan-da, paýtagtda has güýçli depginde göze ilýär. Aşgabatda ähli binalar ak reňkde gurulýar we ozaldan bar bolan binalar ak reňke boýalýar ýa-da mermere çalymdaş ak plitalar bilen örtülýär. Ýedi ýyldan gowrak wagt bäri ýurtda diňe ak we açyk reňkli awtoulaglaryň hereket etmegine rugsat berilýär. Şeýle-de, häkimiýetler ýylda bir gezek “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergini hem gurnaýarlar. Ak reňk propagandasyna häkimiýetler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär.

Maryly sürüjiler täze döwlet belgisini almak üçin ýüzlerçe manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdyp, raýatlaryň şahsy ulagyna degişli nobatdaky çäklendirmäni “häkimiýetleriň ilatyň hasabyna gaznany dolmak tagallalary” häsiýetlendirýärler.

“Ulag eýeleri täze döwlet belgisini almak üçin 140 manat tölemeli. Şeýle-de, men ulagymy täzelikde guratlyk barlagyndan geçiren bolsam-da, indi ýene-de 400 manat töläp, gaýtadan guratlyk barlagyndan geçirmeli bolýaryn. Bu, adamlary ýok ýerden talamak bolýar” diýip, ulag eýesi aýtdy.

Ulag eýelerine döwlet belgilerini çalyşmak üçin diňe üç gün wagt möhleti berilýär. Ýöne sürüjiler köp adamda ýüzlerçe manat töläp, dessine döwlet belgilerini çalyşmaga we guratlyk hatyny täzelemäge maddy ýagdaýynyň ýokdugyny belleýärler.

“Bu raýatlaryň ulaglaryny jerime duralgasyna ‘dostawka’ edýärler. Olar döwlet belgisi bolmazdan, köçede ulag dolandyrmakda aýyplanýarlar. Jerime duralgasyndan ulagy çykarmagyň nähili kyndygyny, munuň üçin-de näçe möçberde para bermelidigini diňe bu ýagdaýa düşen sürüjiler bilýärler” diýip, maryly başga bir ulag eýesi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat Polisiýa müdirliginden we ýurduň Içeri işler ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, döwlet belgisi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdi. 2018-nji ýylda raýatlaryň öňi 77-lik bilen başlaýan şahsy awtoulaglarynyň döwlet beglileri hem häkimiýetler tarapyndan ýygnalyp alnypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG