Rus prezidenti Wladimir Putiniň Özbegistana eden iki günlük sapary sosial ulgamlary ulanyjylaryň arasynda dürli pikirleri döretdi we olaryň käbiri bu saparyň Özbegistanyň at-abraýyna bolmandygyny öňe sürdi.
Putin Özbegistana bäşinji möhlete prezident saýlanandan iki hepde soň, döwlet sapary bilen geldi we bu onuň Hytaýa we Belarusa eden saparlaryndan soňky üçünji daşary ýurt sapary boldy.
Özbegistanda Putiniň saparyna uly taýýarlyk görüldi, prezident Şawkat Mirziýoýew ony Daşkent howa menzilinde garşy aldy.
Ukrainanyň garşysyna alyp barýan agressiiw urşy sebäpli Günbatar sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolan Putin Russiýasy üçin Özbegistan, halkara synçylarynyň pikiriçe, Russiýa gelýän sanksiýa harytlaryny eksport edýän esasy ýurtlaryň birine öwrüldi.
Hagadaky Halkara jenaýat kazyýeti geçen ýylyň mart aýynda, Ukrainadaky uruş jenaýatlarynda güman edip, Russiýanyň prezidentini tussag etmek barada karar çykaraly bäri Wladimir Putiniň erkin syýahat edip biljek ýurtlarynyň sanawy beýle bir uzyn däl.
Rus lideri şondan bäri Halkara jenaýat geňeşiniň Rim düzgünnamasyny tassyklan ýurtlara gitmeýär.
Özbegistan Rim düzgünnamasyny tassyklan ýurtlaryň sanawyna girmeýär we, Haaga kazyýeti tussag etmek kararyna geleli bäri, bu Putiniň Özbegistana eden ilkinji sapary boldy. Russiýanyň prezidenti mundan öň Özbegistana 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin geldi.
Abraý getirmedik sapar
Putiniň Özbegistana sapara gelmegi sosial media ulanyjylary tarapyndan örän negatiw garşylandy.
"Ganhor ... Gynansagam, biziň başga alajymyz ýok, biz kiçijik ýurt" diýip, blogçy Hudoýberdi Zamini öz gysgaça ýazgysynda aýtdy.
“Demirgazykly” myhmanyň gelmegini sapar däl-de, kemsidiji diýip atlandyrmak isleýärin. Sebäbi bu saparyň bize abraý getirmeýändigi äşgär" diýip, dini alym Mubaşşir Ahmed hem öz pikirini ýazdy.
Putiniň Özbegistana eden saparynyň öňüsyrasynda Daşkentde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Içeri işler ministrliginiň köçe, ýol hereketi howpsuzlygy gullugy sürüjilere, “uly halkara çäreleri we köçeleriň käbirinde geçirilýän abadanlaşdyryş we gurluşyk işleri” sebäpli, 26-27-nji maýda paýtagta gelmezligi maslahat berdi.
“Men beýle zady ilkinji gezek görýärin. Aýdara söz ýok" diýip, žurnalist Muhrim Azamhojaýew ýazdy.
Sosial media aktiwisti Dima Kaýum bolsa, Putiniň saparyna yşarat etmek bilen, öz Facebook sahypasynda merhum şahyr Muhammet Ýusufyň "Doňuzlar" atly goşgusyny ýerleşdirdi.
Analitik Sardar Salim Buharanyň bakna emiriniň we Russiýanyň imperatory Nikolaý II suratlaryny çap edip, gapdalyndan: "Özbegistan - Russiýa: 160 ýyl bäri çynlakaý synagdan geçirilýän strategiki hyzmatdaşlyk we bileleşik" diýip ýazdy.
Özbek aktiwistleriniň köpüsi Özbegistan Ukrainada alyp barýan urşy sebäpli halkara derejesinde izolirlenen Kreml ketdesinden daşda durmaly diýip hasap edýär.
"Biz ‘Putin Russiýasyndan’ daşlaşmaly. Esasy mesele, Russiýa bilen gatnaşyk sebäpli sanksiýa astyna düşmezlikde" diýip, Aziz Tuhtarow atly ulanyjy ýazdy.
Emma muňa garamazdan, blogçy we aklawçy Zafarbek Soližonow Özbegistanyň Moskwa bilen ýakynlaşmagynyň berjek peýdalaryny düşündirmäge çalyşdy.
“Internetde Putine paýyş sözler bilen sögýärler. Dogry edýärler. Ol we onuň töweregindäkiler özbek halkynyň urşa bolan reaksiýasyny bilmeli. Emma muňa garamazdan, men döwlet işgärleriniň bu meselä goşulmagyny we boş ýerden diplomatik konfliktiň döremegini islemeýärin. Muňa derek, sanksiýalar sebäpli serişde gözleýänlerden islendik ýol bilen pul almak has gowy" diýip, blogçy öz pikirini aýtdy.
Otabek Mirzabekow ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Kremle bolan ýigrenji peseltmek üçin edilýän synanyşyga ünsi çekdi.
"Özbegistanyň Russiýa bilen nähili gowy gatnaşyk saklaýandygy, Russiýanyň biz üçin iň uly işewür hyzmatdaşdygy baradaky maglumatlaryň ähli habar beriş serişdelerine diýen ýaly ýaýradylyşyny gördüňizmi?" diýip, Mirzabekow sorady.
Özbegistanyň Russiýa ýakynlaşmagy baradaky pikiri goldaýanlar köplenç bu ýurtda birnäçe million özbegistanlynyň, işçi migrantlaryň gazanç etmeli bolýandygyna salgylanýar.
Emma muňa garamazdan, analitik Anwar Nazir Russiýada mundan beýläk özbek migrantlary üçin iş, gazanç mümkinçilikleriniň ýeterlik bolmajakdygyny, bu ýagdaýyň eýýäm ýokdugyny öňe sürýär.
“Putiniň gelmegi bilen dörän ýagdaý şundan ybarat: biziň ýurdumyz bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ählisi diýen ýaly iş ýüzünde gutardy diýip aýdyp bileris. Russiýanyň hökümeti, işçi güýjüniň nähili zerurdygyna garamazdan, daşardan gelip işleýän myhman işçileri Russiýanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndan gysyp çykarýar.
Russiýa bilen senagat hyzmatdaşlygyny etmek mümkin däl, sebäbi rus senagaty tutuşlygyna harby ýola, ýagny ýarag önümçiligine geçýär we Özbegistan mundan peýda görüp bilmez" diýip, Nazir öz sosial ulgam sahypasynda ýazdy.
Forum