Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda salgyt gullugy hususy telekeçileri, taksiçileri “güýçlendirilen tertipde” barlaýar


Türkmenabatda polisiýa hususy telekeçileri barlaýar. (arhiw suraty)
Türkmenabatda polisiýa hususy telekeçileri barlaýar. (arhiw suraty)

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda bu günler salgyt gullugynyň işgärleri esasy ýollaryň ugrundaky hususy eýeçilikdäki kärhanalarda, söwda dükanlarynda barlaglary geçirýärler. Şeýle-de şäheriň ýol polisiýasy taksçilik bilen meşgullanýan sürüjileriň degişli patentini we salgyt töleglerini barlaýar. Bularyň anyk sebäbi aýdylmaýar. Emma birnäçe günden bäri güýçlendirilen bu çäreler welaýata prezident Serdar Berdimuhamedowyň etmegine garaşylýan saparynyň çäginde görülýän giň taýýarlyklara gabat gelýär.

Habarçymyz husuyýetçileriň degişli hyzmaty hödürlemek üçin patenti bolmasa ýa-da onuň möhleti gutaran bolsa, 1 müň 200 manat möçberinde jerime ýazylýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, şol sanda telekeçileriň tabşyrýan salgydynyň ep-esli azalmagy ýa-da döwlete degişli edaralaryň bäsdeşlik ukybyny artdyrmak maksady bilen bagly, häkimiýetler hususy pudagyň wekillerine häli-şimdi reýdleri geçirýärler.

Emma Türkmenabatda soňky günlerde göz-görtele güýçlendirilen barlaglar sebite prezident Berdimuhamedowyň saparynyň öňýanynda görülýän taýýarlyklar bilen ilteşdirilýär.

Habarçymyz prezident Berdimuhamedowyň iýunyň ilkinji 10 günlüginde welaýatyň dolandyryş merkezine gelmegine garaşylýandygyny anyklady. Onuň dowamynda hususan-da Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşigindäki bugdaý oragyna gatnaşmak meýilleşdirilýär.

Bu planlar geçen hepdäniň aýagynda mälim edilenden soň, sebitde köpçülikleýin mejbury ýowarlar geçirilip başlandy. Ýüzlerçe býujet işgäri, goşmaça töleg edilmezden, köçeleriň ugrunda arassaçylyk işlerini geçirdi, ýagtylyk sütünlerini ýekeme-ýeke esgi bilen ýuwdy, binalaryň diwarlaryny reňkledi, galyberse-de haşal otlary çapdy.

Mejbury ýowaryň çäginde, häkimlikler prezidentiň geçmeli ýolundan göze iläýjek boş duran mellek ýerlerine bakja önümlerini hem gyssanmaç ekdiler.

Resmi mediada entek habar berilmeýän saparyň öňýanynda, adatça bolşy ýaly, howpsuzlyk çäreleri hem eýýämden güýçlendirilip başlandy. Sebitde has köp polisiýa işgärleri göze ilýär.

Azatlyk bu çäreler, şol sanda hususy pudaga gönükdirilen güýçlendirilen barlaglar barada Türkmenabadyň häkimliginden, söwda edaralaryndan we polisiýa bölümlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Geçen ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, sebitdäki barlag reýdleri ýokary derejeli emeldarlaryň etmeli saparlarynyň öňýanynda, galyberse-de uly baýramçylyklaryň öňünde güýçlendirilen tertipde amal edilýär.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde prezidentiň saparynyň dowamynda tutuş bir sebitiň adaty durmuşynyň togtap galmagy hem adaty ýagdaýa öwrüldi.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, prezident Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna göz öňünde tutulýan sapary barada resmi metbugatda entek maglumat çap edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG