Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hiç zat aýtmaga rugsat berilmeýär". Özbegistandaky bloggerler prezidente dil ýetireni üçin, türmä basylýarlar


2021-nji ýylda Özbegistanyň Jenaýat kodeksine düzediş girizilip, onda sosial ulgamlarda prezidentiň kemsitmegi ýa-da oňa töhmet atylmagy üçin, jogapkärçilige çekmek kesgitlenildi.
2021-nji ýylda Özbegistanyň Jenaýat kodeksine düzediş girizilip, onda sosial ulgamlarda prezidentiň kemsitmegi ýa-da oňa töhmet atylmagy üçin, jogapkärçilige çekmek kesgitlenildi.

Özbegistanda döwlet baştutanyny kemsidendigi üçin, türmä basylýan adamlaryň sany gitdigiçe artýar. Rehimdarlyk çagyryşlary hiç bir ünssüz galdyrylýar.

Ýylyň başynda 24 ýaşly Sitora Bozorowa sosial ulgamda, prezident Şawkat Mirziýoýewiň "dinastiýasyny" "ýakmaga" çagyrany üçin, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Mirziýoýewiň gyzy we onuň esasy kömekçisi Saida Mirziýoýewa barada ýaramaz beýanatlar bermekde hem aýyplanan Bozorowa döwlet baştutanyny kemsidendigi üçin, türmä basylan adamlaryň sanyny artdyrdy. Bu täze madda Özbegistanyň Jenaýat kodeksine 2021-nji ýylda goşulypdy.

2016-njy ýylda prezident bolandan soň, Mirziýoýew ilkibada öňki ýolbaşçy Yslam Kerimowyň ýowuz awtoritar kursuna garşy, söz azatlygynyň tarapdary hökmünde özüni görkezdi.

Şeýle başlangyç hem ýurduň içinde, hem daşynda gowy garşylandy. Indi o döwür geçmişe öwrülene meňzeýär hem-de Mirziýoýewiň töweregindäki gorag diňe repressiýany giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga hyzmat edýär.

DERREW TÜRMÄ BASMAK

Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 158-nji maddasyna goşmaça 3-nji bölek girizildi, şoňa laýyklykda sosial ulgamlary ulanyp, prezidentiň köpçüligiň öňünde kemsidilmegini ýa-da masgaralanmagyny jenaýat hasap edýän özbek häkimiýetleriniň başgaça pikir edýänleri togtatmak işinde, gün-günden giňelýän ýaragynyň bir bölegi bolup durýar.

Bu hukuk ýaragy giňden ulanylýar.

Ýokary kazyýetiň maglumatlaryna salgylanyp, golaýda "UzNews" hususy habar serişdesi soňky 12 aýda, prezidenti kemsidendigi üçin, azyndan 10 adamyň türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, gürrüň günälenýäniň jezadan boşadylmagyndan başlap, başga-da beýleki jenaýatlarda hem aýyplamak işleri ýüklenen halatlarda, iň köp bäş ýyl azatlykdan mahrum edilen, 25-60 ýaş aralygyndaky graždanlar barada barýar.

Köp halatlarda, jeza çäresi bildirilýänler internetdäki neşirleri ýa-da ýazan kommentariýalary üçindir, ýöne jenaýatçy hasaplananlaryň hiç biriniň abonentleri köp bolmandyr.

Adam hukuklary boýunça Parižde ýerleşýän Merkezi Aziýa adam hukuklary boýunça assosiasiýanyň (AHRCA) başlygy Nadežda Ataýewanyň sözlerine görä, olar Brýusselde ýerleşýän Halkara hyzmatdaşlyk guramasy bilen Özbegistanda söz azatlygyny gysmagyň adaty ýagdaýa öwrüldigi barada, hasabat çap etmekçi bolýar.

Ataýewa telefon arkaly gürrüňçilikde, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna häzirki wagtda Özbegistanyň kanunçylygynda, söz azatlygy bilen bagly ol ýa-da beýleki görnüşde, 30-a golaý maddanyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, 158-nji maddanyň 3-nji bölegine laýyklykda, tussag edilen halatlaryň aglabasynda, höküm edilen raýatlaryň başga aýyplamalary ýok.

«Köplenç başga ýurtlarda, ýokary derejedäkilere garşy aýdylan söz bilen baglanyşykly düzgün bozulmalar hakda gürrüň gideninde, hukuk-tertip edaralaryň ilkinji reaksiýasy duýduryş bolýar – diýip, Ataýewa aýdýar. – Özbegistanda hiç hili duýduryş ýok, derrew türmä basýarlar».

Şu wagta çenli rehimdarlyk baradaky haýyşlara üns berilmän gelinýär.

«Gyzymyň prezidenti masgaralandygyny göz öňüne getirip bilemok» diýip, Bozorowanyň ejesi Saodat Gurbanowa prezidente ýalbaryp ýüz tutandygyny Azatlygyň Özbek gullugyna gürrüň berdi: «Prezident, haýyş edýärin, gyzym durmuşa çykmaly. Men onuň ömrüni haýsydyr bir başbozar ýaly, türmede geçirmegini islemeýärin. Onuň köp ýagşy umyt-arzuwlary bardy. Gyzymyň aklanyp, öýümize dolanmagyna kömek etmegiňiz üçin, meniň haýyşymy diläp, kömek bermegiňizi soraýaryn».

Mirziýoýewi we onuň gyzyny tankyt edeni üçin, türmä basylan Sitora Bozorowanyň ejesi Saodat Gurbanowa
Mirziýoýewi we onuň gyzyny tankyt edeni üçin, türmä basylan Sitora Bozorowanyň ejesi Saodat Gurbanowa

Prezidente dil ýetireni üçin, tussaglyga höküm edilen iň ýaş raýat Samarkandyň 19 ýaşly ýaşaýjysy bolup, ol 2023-nji ýylyň oktýabrynda, iki ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Azatlygyň Özbek gullugy tarapyndan görlüp çykylan kazyýet kararynyň nusgasynda, Dilşod Iskandarow Instagram’da, prezidentiň maşgalasy baradaky wideonyň aşagynda, Mirziýoýewleriň häzirki we geljekki nesillerine garşy näletli pikir galdyrandygy aýdylýar.

Şol döwürde Orsýetde bolan Iskandarow dostlarynyň maslahaty bilen kommentariýany öçüripdi we kazyýet diňlenişiginde toba edipdir, emma günäsini boýun almagy ony türmeden halas etmändir.

ÖZBEGISTANDAKY « AKWARIUM» DURMUŞY

Parižde ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasy (RSF) 2019-njy ýylda, Özbegistandaky metbugat azatlygyna degişli "örän çynlakaý" häsiýetnamasyny "çylşyrymly" diýip üýtgedipdi.

RSF tarapyndan taýýarlanan her ýylky Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde, Özbegistan ilkinji gezek metbugat hukuklaryny we azatlyklaryny bozmakda sanalyp geçilen Hytaý, Eýran, Saud Arabystany ýaly ýurtlar bilen bir hatardaky "gara-gyzyl zonadan" çykypdy. Soňra Özbegistan narynç reňkli topardan orun aldy. Olaryň arasynda Kolumbiýa, Marokko, Indoneziýa we Özbegistanyň Merkezi Aziýadaky goňşusy Gazagystan hem bardy.

Şol gazanan üstünliginden 5 ýyl soň, Özbegistan ýene-de gyzyl zolaga düşdi. Ol 180 ýurtduň arasynda, 148-nji orunda durýar. Bu bolsa geçen ýyllardaky reýtinginden 11 pozisiýa aşakda ýerleşýär.

«Websaýtlara we blogçylara güýçli basyş bar. Materiallar yzygiderli aýrylýar. Senzura, çäklendirme. Kärdeşler žurnalistikadan çykyp gidýärler ýa-da gitmekçi bolýarlar» diýip, žurnalist Şuhrat Latipow öz telegram kanalynda, Özbegistanyň indeksdäki ornuny ýitirmegine jogap ýazdy.

Şeýle aýyplamalar sebäpli ilkinji tussag edileniň biri Termez şäherinden wideo blogger Otabek Sattori boldy. Ol ýerli emeldarlary korrupsiýada we nädogry dolandyrmakda rehimsiz tankyt edipdi.

Şol bir wagtda, Mirziýoýewi kemsitmek daşda dursun, eýsem prezidenti özüniň ylhamynyň gözbaşy hasaplapdy, sebäbi ol öz hökümdarlygynyň başynda, bloggerleri resmileriň arasyndaky "kemçilikleri paş etmäge" çagyryp, şonuň bilen birlikde, žurnalistleri "goldajakdygyny" wada beripdi.

Emma 2021-nji ýylyň maýynda, Sattori gorkuzyp pul almakda we töhmet atmakda aýyplanyp, alty ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şu ýylyň fewral aýynda, ol möhletinden öň azatlyga çykdy. Sattori möhletiniň galan böleginde, girdejisiniň 20%-ni döwlete tölemeli.

Blogger Otabek Sattori
Blogger Otabek Sattori

Berlinde ýerleşýän ynsan hukuklary boýunça Özbegistan forumynyň direktory Umida Nyýazowa geçen ýyl Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde, bu taktikanyň bir böleginiň häkimiýetleriň syýasy komponentden gaça durmak we ony adaty jenaýat ýaly etmek isleginden gelip çykýandygyny aýtdy.

«Ikinjiden, tejribede görnüşi ýaly, gorkuzyp pul almak diýilýäni bilen aýyplamak aňsat. Onuň üçin fiziki subutnamalary hödürlemegiň geregi ýok, kimdir biriniň haýsydyr bir bloggeriň pul talap edendigi barada, polisiýa arza ýazmagy ýeterlik» diýip, şonda Nyýazowa aýdypdy.

2022-nji ýylyň başynda, şeýle aýyplama boýunça ýedi ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilen blogger Fozilhoja Orifhojaýew geçen ýylyň dekabr aýynda türmeden boşadyldy. Ol şertli ýagdaýda azatlyga goýberildi.

Blogger Fozilhoja Orifhojaýew
Blogger Fozilhoja Orifhojaýew

Ýöne hut şol aýda hem Fergana jülgesindäki Kokant şäherinden, meşhur blogger Olimjon Haýdarow türmä düşdi. Ol gorkuzyp pul almakda we töhmet atmakda aýyplanyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu ýowuz jezalar tankytlaýjy sesleri sem etmek üçin täsirli boldy.

Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýleki ýoldaşlary ýaly, blogçylar hem köplenç hökümetiň açyk täsiri bilen gowşaýarlar ýa-da ruhdan düşýärler.

Geçen ýyl Özbegistanyň günortasyndaky sebitde on müňlerçe okyjyly alty sany telegram kanaly häkimiýetleriň basyşy astynda ýapylandan soň, "Serhetsiz reportýorlar" guramasy aladaly duýduryş etdi.

Şonuň bilen bir wagtda, hökümetçi bloggerler maglumat giňişliginde, öz täsirini giňeldýärler, adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Ataýewanyň aýdyşy ýaly, "göwnejaý ýaşaýşyň keşbi" arkaly köpçülikleýin diňleýjileri özüne çekmäge synanyşýarlar.

Onuň sözlerine görä, bularyň bary Mirziýoýew režiminiň gymmatly pikir alyşmak mehanizmini ýitirýändigini aňladýar.

«Özbegistan ýene akwariuma meňzäp barýar, ol ýerdäki suw zaýalanýar, ýöne graždanlara hiç zat aýtmaga rugsat berilmeýär. Olar edil balyk ýaly, diňe dymmaly we ýüzmeli» diýip, Ataýewa aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG