Türkmenistanda şu ýyl döwlet goldawy bilen haj zyýaratyna ugradylmaly mümkin adamlaryň üç arka garyndaşlarynyň arasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilenleriň barlygy ýa ýoklugy seljerilýär. Iýunyň ortalarynda Saud Arabystanyna gitmeli zyýaratçylaryň sanawynyň töweregindäki alym-berim hadysalary barada hem maglumatlar gowuşýar.
“Balkan welaýatynyň häkimliklerinde sanawa nobaty ýeten adamlaryň saglyk, şol sanda koronawirusa garşy dört sanjym etdirendigi baradaky kepilnamalary toplanyp başlady. Mümkin zyýaratçylar üç arka maglumatlaryny hem hödürlemeli. Eger-de olaryň arasynda kimdir-biri türme tussaglygyna höküm edilen bolsa, olar sanawa asla goşulmaýar. Munuň üstesine-de, ol merhum ýakyn garyndaşlarynyň anyk haýsy gonamçylyklarda jaýlanandygyny ýazmaça görnüşde takyklaşdyrmaly. Edil bu talabyň sebäbine özümiz hem düşünmeýäris” diýip, bu işlere çekilen ýerli hünärmenleriň biri 30-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.
Türkmenistanyň hökümeti her ýyl döwlet goldawy bilen ýüzlerçe zyýaratçyny Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugradýar.
Adatça, haj möwsüminiň öň ýany, Türkmenistanyň prezidenti ýörite buýruga gol çekip, “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna zyýaratçylary mugt uçar gatnawy bilen üpjün etmegi tabşyrýar. Ýöne bu ýyl döwlet metbugaty prezidentiň bu babatdaky buýrugyny heniz çap etmedi.
Emma ýagdaýlardan habarly çeşmämiz iýun aýynyň ortlaryna rekord derejede, ýagny 300 adamdan ybarat topary haja ibermek göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Geçen ýyl iberilen zyýaratçylaryň sany 275 adam bolupdy.
Yslam ynanjynda parz hasaplanýan haj zyýaraty musulmanlaryň aý senenamasynyň 12-nji aýynyň, ýagny zülhijje aýynyň ilkinji on günlüginde amala aşyrylýar. Bu ýyl haj möwsümi 26-njy iýun – 1-nji iýul aralygyna gabat gelýär. Haj möwsüminiň üçünji gününde musulmanlar Gurban baýramyny belleýär.
Saud Arabystany haj zyýaratyna isleg bildirýän adamlar üçin her ýurduň musulman ilatyna laýyklykda ýörite kwota hödürleýär.
Habarçylarymyz dini azatlyklary çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda hökümetiň howandarlygynda haj zyýaratynda bolup gelenleriň döwlet derejesinde aýratyn “sylag-hormata” mynasyp bolýandygyny belleýärlerler. Olar barada döwlet telewideniýesinde yzygiderli reportažlar berilýär. Olar dürli sowgatly döwlet çärlerine hem dowamly çagyrylýar.
Haj zyýaratynyň guramaçylygynyň töweregindäki korrupsiýa ýagdaýlary barada hem resmi ýagdaýda tassyklanmadyk maglumatlar gowuşýar. Habarçymyzyň birnäçe söhbetdeşi üç arka garyndaşlarynyň arasynda türmä höküm edilenler bar bolsa, 30 müň manada galp güwanama resmileşdirip bolýandygyny gürrüň berdiler. Mundan başga-da, paranyň öwezine sanawdaky nobaty hem has öňe süýşürip bolýandygy ýa-da dini adatlary dowamly berjaý etmeýänleriň hem sanawa goşulýandygy bellenilýär.
Azatlyk bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmedi, şeýle-de gürrüňi gidýän anyk sebitleriň häkimliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda Haj zyýaratyna görülýän taýýarlyklaryň arasynda, türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň ýakyn garyndaşlary Umra hajyny berjaý etmek üçin ýurtdan çykarylmaýar. Ençeme ýyl bäri Berdimuhamedowlaryň awtoritar režimini tankytlaýan Hamida Babajanowa, türkmen häkimiýetleriniň özünden ar almak üçin, 73 ýaşly ejesiniň ýoluny böwetländigine ynanýandygyny Azatlyk Radiosyna aýdypdy.
Türkmenistan ABŞ-nyň dini azatlyklar boýunça hasabatynda 2014-nji ýyldan bäri yzly-yzyna “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda galýar.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda adam hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde yzygiderli tankyt edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum