Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 2022-nji ýylda dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýyllyk hasabatlaryny çap etdi. Hasabatyň Türkmenistana bagyşlanan bölümi ýurtdaky adam hukuklarynyň möhüm meselelerine ünsi çekýär.
Türkmenistanda zorlukly ýitirim etmeler; polisiýa we türme resmileri tarapyndan gynamalar ýa-da rehimsiz we adamkärçiliksiz çemeleşmeler; agyr we adam ömrüne howp salýan türme şertleri; syýasy tussaglar; kazyýetiň garaşsyzlygy babatyndaky çynlakaý problemalar; şahsy durmuşa bikanun we eden-etdilikli gatyşylmagy; söz we media azatlygynyň berk çäklendirilmegi, şol sanda žurnalistlere garşy zorluk haýbatlary we esassyz tussag etme ýa-da jogapkärçilige çekmek haýbatlary; internet azatlygynyň berk çäklendirilmegi, şol sanda web sahypalarynyň petiklenilmegi we senzura; syýasy azatlyklaryň çäklendirilmegi; raýatlaryň erkin we adalatly saýlawlar arkaly öz hökümetini parahatçylykly çalşyp bilmezligi; syýasata gatnaşygyň esassyz we berk çäklendirilmegi; hereket azatlygynyň çäklendirilmegi ýaly adam hukuklarynyň meselelerine ünsi çekilýär.
Transmilli repressiýa
Döwlet departamentiniň her ýylda çap edýän adam hukuklary hasabatynda bu gezek türkmen häkimiýetleriniň transmilli repressiýa babatyndaky täze tejribesine ünsi çekilýär.
“Human Rights Watch 18-nji noýabrda bir adam hukuklary aktiwistiniň, Azat Isakowyň Russiýada ýitirim bolandygyny, soňra Türkmenistana gaýtarylandygyny habar berdi. Isakow 2020-nji ýylda Lebap we Mary sebitlerinde uly zyýana getiren güýçli harasatdan soň, türkmen hökümetini ejir çekenlere ýardam bermezlikde açyk tankyt etdi” diýip, hasabatda aýdylýar.
Hereket gözegçiligi
Şol bir wagtda, türkmen raýatlarynyň halkara hereketiniň çäklendirilmegi bilen bagly problemalara üns çekilýär.
“Türkmenistanyň hökümeti Türkiýeniň hökümetinden türkmen raýatlary üçin wizasyz syýahaty togtatmagy haýyş etdi” diýip, hasabatda aýdylýar we munuň yz ýany Türkiýäniň türkmen raýatlary üçin girizen wiza düzgüne salgylanylýar.
Şahsy durmuş
Şahsy durmuşyň eldegirmesizligi barada aýdylanda, hasabata görä, Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň şahsy durmuşyna eden-etdilikli we bikanun gatyşýar.
“Howpsuzlyk resmileri fiziki yzarlamalardan, telefon diňlemelerinden, elektron diňlemelerden we şugullardan peýdalanýarlar. Häkimiýetler daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ene-atalaryny ýygy-ýygydan sorag edýärler” diýip, hasabat ýazýar.
Raýat azatlyklary: söz, media, metbugat we internet azatlyklary
Raýat azatlyklary barada aýdylanda, Türkmenistanyň Konstitusiýasy söz azatlygyny üpjün edýär, ýöne “hökümet bu hukuga hormat goýmady” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatynda aýdylýar.
Metbugat we beýleki media serişdeleri berk hökümet gözegçiliginde saklanýar we çäklendirilýär.
“Kanunçylyk hökümete islendik garşylygy dönüklik hökmünde häsiýetlendirýär. Hökümeti ýa-da režimi aç-açan tankytlaýan raýatlar gorkuzmalar we, ahmal, tussag etme bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, hasabat aýdýar.
Internet azatlygy barada aýdylanda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti Internete elýeterliligi çäklendirdi we päsgelçilik döretdi, onlaýn maglumaty senzuralady.
“Ulanyjylaryň şahsy onlaýn aragatnaşyklaryna bikanun esewan edilendigi barada ygtybarly maglumatlar bar” diýip, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň meselelerine bagyşlanan hasabatda aýdylýar.
Syýasy azatlyklar
Şeýle-de, hasabata görä, Türkmenistanda raýatlaryň ýygnanyşmak we bileleşmek azatlygy berk çäklendirilýär.
“Konstitusiýanyň bileleşmek azatlygyny üpjün edýändigine garamazdan, hökümet bu hukugy çäklendirdi. Kanunçylyk ähli hökümete degişli bolmadyk guramalaryň Adalat ministrliginde bellige alynmagyny we ähli daşary ýurt ýardamlarynyň Daşary işler ministrligi arkaly utgaşdyrylmagyny talap edýär. Bellige alynmadyk hökümete degişli bolmadyk guramanyň işi jerime, gysga möhletli tussag etme we emläk konfiskasiýasy bilen jezalandyrylyp bilinýär” diýip, hasabat ýazýar.
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ahyryna çenli “hökümete degişli bolmadyk” 134 gurama hasaba alnypdyr. Ýöne halkara guramalary Türkmenistanyň “hökümete degişli bolmadyk” örän az sanly guramasyny ykrar edýär.
Döwlet departamentiniň adam hukuklary hasabaty Türkmenistanda raýatlaryň syýasata gatnaşmak hukuklarynyň berk çäklendirilmegine üns çekýär.
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda prezident saýlawlary geçirildi. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň ýeňijisi yglan edildi.
“ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasy we beýleki guramalar, ýurduň saýlaw bidüzgünçilikleri we korrupsiýa babatdaky baý geçmişi, şeýle-de Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň 2017-nji we 2018-nji ýyllardaky hasabatlarynda beren teklipnamalarynyň hatda bir sanysynyň hem kabul edilmändigi göz öňünde tutulyp, bu saýlawlary synlamagy ret etdi” diýip, hasabatda aýdylýar.
Hasabatda türkmen kanunçylygynyň garaşsyz syýasy partiýalaryň guramaçylygyny we dalaşgärleriň hödürlenmegini kynlaşdyrýan çäklendirmeleri üns merkezine çekilýär.
“Ne guramaçylykly oppozisiýa, ne-de garaşsyz syýasy toparlar ýurtda iş alyp bardy” diýip, 2022-nji ýyl boýunça hasabatda aýdylýar.
Zenan hukuklary
Hasabatda-da aýdylşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda zenan hukuklarynyň ýagdaýyna oňyn baha berilmedi.
Zenanlar kanun taýdan erkekler bilen deň hukuklara eýe bolsa-da, aýal-gyzlar öňden gelýän medeni ters pikirler zerarly ýekirmelere sezewar boldy, hökümet bu ugurda kanuny netijeli güýje girizip bilmedi diýip, Birleşen Ştatlaryň 2022-nji ýyl üçin adam hukuklary hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde aýdylýar.
Zorlukly ýitirim etmeler
Şeýle-de, hasabatda Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilen syýasy tussaglaryň ykbalyna üns çekilýär. ABŞ hasabaty "Olary diri görkeziň!" kampaniýasynyň 2021-nji ýylyň dekabrynda täzelän sanlaryna görä, Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilen syýasy tussaglaryň sanynyň 162 adam bolandygyny belleýär. Hökümete degişli bolmadyk gurama şeýle ýitirim edilenleriň ýüzlerçedigini çaklaýar.
"Syýasy tussaglaryň anyk sany näbelli bolmagynda galýar" diýip, hasabat ýazýar.
Galyberse-de, Türkmenistanda syýasy matlaplar bilen, 20 müň töweregi adam syýahat gadaganlygy astynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum