Saýlaw galplyklary we rus gatyşmasy barada giň ýaýran aýyplamalaryň arasynda, Gürjüstanyň Ýewropa tarapdar oppozisiýasy 26-njy oktýabrda geçirilen dawaly saýlawlaryň netijelerini ykrar etmekden boýun gaçyryp, saýlaw netijesinde alan mandatlaryndan resmi taýdan ýüz öwürmek bilen, täze parlamentden çykdy.
Oppozisiýa soňky 12 ýylda häkimiýet başynda bolan dolandyryjy partiýa, Moskwa bilen dostlugyny saklaýan “Gürjüstan arzuwy” saýlawda 54% ses alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan edeninden soň, Tbiliside gündelik ýagdaýda uly protest ýörişlerini geçirýär.
Gürjüstanyň Ýewropany goldaýan prezidenti Salome Zurabişwili hem saýlaw netijeleriniň dogrudygyny ykrar etmekden ýüz öwürdi we täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyrdy.
Iki esasy oppozisiýa blogynyň - Birleşen Milli Hereketiň we Özgermeler koalisiýasynyň wekilleri 12-nji noýabrda Merkezi Saýlaw komissiýasyna şikaýat bilen ýüz tutdular, ýagny tehniki ädim ädip, öz partiýalarynyň sanawlarynyň ýatyrylmagyny talap etdiler. Bu talap Merkezi saýlaw toparynyň kanun çykaryjy hökmünde orun alan oppozisiýa kandidatlaryny bellige almagynyň, registrasiýa etmeginiň öňüni baglaýar.
"Birleşen Milli hereketiň adyndan, biz bu saýlawlaryň kanunylygyny ykrar etmeýändigimizi we parlament mandatlarymyzy ret edýändigimizi jar edýäris. Şu günki gün, biziň her birimiz, parlament sanawyna girenler bolup, bu dalaşgärleriň hiç biriniň hasaba alynmazlygy üçin, saýlaw komissiýasyna resmi hat iberdik” diýip, BMH-iň başlygy Tina Bokuçawa bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy.
Özgermeler Koalisiýasynyň lideri Nika Gwaramia, Merkezi saýlaw komissiýasy häkimiýetleriň basyşy astynda, býurokratiýa proseduralary arkaly, parliament agzasy hökmünde hasaba aljak bolup näçe synanyşyk etse-de, öz blogynyň sanawynyň agzalarynyň boýun bolmajakdygyny we, öz ýüz öwürmeleri üçin, näçe gerek bolsa, şonça-da kän resmi gol çekjekdigini aýtdy.
“Bu parlament kanuny däl we biziň onuň işine gatnaşmagymyz kada sygmaýar. Biz häkimiýetlere onuň biziň gatnaşmagymyz arkaly kanunlaşdyrylmagyna kömek bermeris” diýip, Gwaramia aýtdy.
Muňa jogap edip, “Gürjüstan arzuwy” Birleşen halk hereketini göni dönüklikde aýyplap, käbir oppozisiýa partiýalaryny bikanun, kanundan daşary etmek üçin Konstitusiýa kazyýetine ýüz tutjakdygyny aýtdy.
"Biz ozaly bilen ýurda garşy dönüklik eden Birleşen halk hereketi barada alada etjekdigimizi aradan aýyrmaýarys" diýip, "Gürjüstan arzuwynyň" baş sekretary Kakha Kaladze aýtdy. Ol anyklaşdyrmazdan, häkimiýetlerde bu bileleşigiň kanundan daşary edilmegi üçin “bir topar subutnamanyň” bardygyny hem sözüne goşdy.
Gürjüstan geçen ýyldan bäri Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin kandidat bolup durýar.
Emma "Gürjüstan arzuwynyň" Moskwanyň jemgyýetçilik guramalarynyň daşar ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilmegine garşy gönükdirilen "daşary ýurt agentleri" kanunyna meňzeş kanunlary kabul etmegi, LGBT azlyklaryna garşy gören çäreleri kawkaz ýurdunyň Brýussel we Waşington tarapyndan berk tankytlamagyna sebäp boldy. Olar Gürjüstanyň demokratiýadan yza çekilendigini aýtdylar.
Forum