TASS-yň "Agroexport" federal merkezine salgylanyp ýazmagyna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan rus bugdaý ununy import edýän ýurtlaryň ilkinji üçlügine girdi.
Bu habary “Türkemnistanyň Hronikasy” hem çap etdi.
Geçen ýyl rus ununy iň köp satyn alan ýurt Owganystan boldy. Deslapky maglumatlara görä, Russiýa 2024-nji ýylda bu ýurda 80 million dollarlyk un eksport etdi. Bu Owganystanyň rus ununy 2023-nji ýyldakydan iki esse köp import edendigini aňladýar.
Rus ununy iň köp import eden ýurtlaryň ikinjisi we üçünjisi Hytaý bilen Türkmenistan bolup durýar.
Mundan başga, Eýrana edilen un eksportynyň 18 esse, Mongoliýa 6 esse, Taýlanda 1,9 esse, Gazagystana we Özbegistana 1,6 esse artandygy aýdylýar.
“Başinform” dekabr aýynda Başgyrdystanyň Türkmenistana 400 tonnadan gowrak bugdaý ununy eksport edendigini habar berdi.
Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly işleriň edilendigini aýdýar, ýöne habarlar ýurtdaky un, çörek meseleleriniň saklanyp galýandygyny görkezýär.