Sowet lideri, bölüjilik mirasy ukrain konflktiniň esaslaryny goýan Iosif Staliniň ýogalan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli, 5-nji martda Moskwanyň Gyzyl meýdanyna 1000-den gowrak adam ýygnandy.
Kiýew bu urşuň Stalin döwründäki imperialistik meýiller bilen baglanyşyklydygyny aýdýar we Russiýanyň içinde tankytçylara garşy güýçlendirilen basyşlaryň sowet usullaryny ýada salýandygyny belleýär.
Kommunist baýdaklaryny göteren ýa-da merhum diktatoryň portretlerini alyp gelen adamlar onuň Kreml diwarynyň golaýyndaky mazaryna gül goýmak üçin uzyn nobata durdular.
Bir pensioner: "Eger-de bizde ýene-de şunuň ýaly bir lider bolsa, adamlar bagtly bolardy" diýdi.