Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Ýegowa şaýatlaryna garşy basyşlar güýçlenýär


"Şol bir wagtda, dini ynançlaryny paýlaşýan şahsyýetleriň polisiýa çagyrylmagy, tussag edilmegi ýa-da tussag edilmek barada haýbat atylmagy, jerime salynmagy, mobil telefonlarynyň elinden alynmagy ýaly wakalar saklanyp galýar”. Illýustrasiýa suraty
"Şol bir wagtda, dini ynançlaryny paýlaşýan şahsyýetleriň polisiýa çagyrylmagy, tussag edilmegi ýa-da tussag edilmek barada haýbat atylmagy, jerime salynmagy, mobil telefonlarynyň elinden alynmagy ýaly wakalar saklanyp galýar”. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Balkan we Lebap welaýatlarynda Ýegowa şaýatlarynyň listowkalary paýlaýan wekilleri tussag edilip, soraga çekilýär, polisiýa öýlere reýd geçirýär.

Halkara guramalary dini akymyň wekilleriniň gorky we ýanama şertlerinde, tussag edilmek howpy astynda ýaşaýandygyny aýdyp, türkmen häkimiýetlerini olaryň dini ynanjyny erkin beýan etmegine rugsat bermäge çagyrýarlar.

Din azatlyklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanyň hökümeti özge dinlileriň, hususan-da, Ýegowa şaýatlarynyň ýanamalara sezewar edilýändigi barada aç-açan gürrüň gozgamaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Balkan welaýatyndan beren maglumatyna görä, soňky hepdelerde polisiýa işgärleriniň we raýat eşigindäki kanun goraýjylaryň köpçülik ýerlerinde listowkalary paýlaýan Ýegowa şaýatlaryny saklap, döwlet ulagyna mündürip äkitmegi ýaly wakalar göz-görtele köpeldi.

“Olar polisiýa bölümlerine eltilýär. Bu ýerde olar soraga çekilip, gorkuzmalara sezewar edilýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, kanun goraýjylaryň bu çäreleri amal etmegine listowkalary paýlaýan Ýegowa şaýatlarynyň göz-görtele köpelmegi sebäp bolýar.

“Soňky hepdelerde diňe bir bazarda bäş sany Ýegowa şaýadyny görse bolýar. Olaryň paýlaýan listowkalary dini akym baradaky maglumatlary we oňa goşulmaga çagyrýan mazmundaky çagyryşlary öz içine alýar. Ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ruhy dünýäsini kanagatlandyrmak üçin, bu dini akymdan haraý gözleýänler hem bar” diýip, polisiýa işgäri belledi.

Habarçymyz listowkalary paýlaýan Ýegowa şaýatlaryna welaýatyň, şol sanda Balkanabat şäheriniň awtobuslarynda we duralgalarynda, söwda merkezlerinde, bazarlarynda we awto menzillerinde tas her gün duş gelse bolýandygyny aýdýar.

Lebap welaýaty

Lebapdaky habarçymyz hem, soňky aýlarda kanun goraýjy edaralaryň Ýegowa şaýatlaryna gözegçiliginiň güýçlenendigini habar berýär.

“Polisiýa köpçülik ýerlerinde listowka paýlaýanlary tussag edýär, soraga çekýär. Şeýle-de, polisiýa işgärleri Ýegowa şaýatlarynyň öýlerine ýa-da üýşmeleňlerine reýd geçirip, olary polisiýa bölümlerine alyp gidýärler” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmämiz daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okuwyny tamamlap gelýän ýaşlaryň hem jikme-jik barlanyp, soraga çekilýändigini aýdýar.

“Aşgabadyň aeroprotunda ýaşlardan öz ýanlary bilen dini kitaplary getirip-getirmändikleri soralýar. Kanun goraýjylaryň bu çäreleri şu ýylyň tomus paslynyň başyndan bäri Ýegowa şaýatlarynyň işjeňliginiň artandygy bilen bagly. Olaryň köpüsi ýaşlar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belledi.

Dini akymyň wekilleriniň işjeňleşendigini ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýarlar.

Türkmenabatlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, olar köp gatly jaýlaryň gapylaryny kakyp, listowkalary paýlaýarlar. Olary öýlerine kabul edip, olaryň wagyzlaryny diňleýän ýaşaýjylar hem bar.

“Ýaşaýjylaryň arasynda olara gapysyny açmaýan ýa-da olary kowup goýberýänler hem köp” diýip, şäheriň 2-nji etrapçasynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada agzalýan sebitleriň kanun goraýjy edaralaryndan we din işleri boýunça bölümlerinden, şeýle hem Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Bu aralykda, halkara guramalar, hukuk toparlary, galyberse-de, Ýegowa şaýatlary Türkmenistanda dini ynançlaryny paýlaşýanlaryň häkimiýetler tarapyndan yzarlanmagynyň, ýanalmagynyň dowam edýändigine ünsi çekýärler.

“2024 Ýegowa şaýatlary din azatlygy hasabaty: Türkmenistan”

Düýbi Norwegiýada ýerleşýän dini habarlary çap edýän “Forum 18” neşiriniň redaktory Feliks Körliniň (Felix Corley) Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistanda režimiň howplaryna we jeza çärelerine garamazdan, Ýegowa şaýatlary hem, beýleki dini akymlaryň agzalary ýaly, öz ynançlaryny beýlekiler bilen paýlaşyp, dini azatlyk hukuklaryny ulanmagyny dowam etdirýärler.

“Şol bir wagtda, dini ynançlaryny paýlaşýan şahsyýetleriň polisiýa çagyrylmagy, tussag edilmegi ýa-da tussag edilmek barada haýbat atylmagy, jerime salynmagy, mobil telefonlarynyň elinden alynmagy ýaly wakalar saklanyp galýar” diýip, ol belledi.

Ýegowa şaýatlarynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasyndan guramanyň Azatlyk Radiosyna iberen eksklýuziw hasabatynda Ýegowa şaýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan başga-da ýagdaýlaryna üns çekilýär.

Guramanyň diňe adam hukuklary guramalaryna iberýän “2024 Ýegowa şaýatlary din azatlygy hasabaty: Türkmenistan” atly raportynda Türkmenistanda olaryň dini azatlyklarynyň bozulmagy we çäklendirilmegi, tussag edilmegi ýaly wakalaryň ençemesi beýan edilýär.

“2024-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Lebabyň Sakar etrabynda polisiýa hususy jaýa rugsatsyz reýd geçirdi. Jaýdaky Ýegowa şaýatlarynyň bäşisi tussag edildi we polisiýa bölümine äkidildi. Olaryň mobil telefonlary we beýleki elektron enjamlary ele salyndy, we olar sekiz sagatlap sorag edildi” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Maglumata görä, polisiýa olaryň telefonlaryndaky ähli maglumatlary pozup, elektronik enjamlary 16-njy ýanwarda yzyna gaýtardy.

“Tutulanlaryň biri soňra telefon arkaly şäher häkimligine çagyryldy. Ýöne ol resmi çagyryş [haty] bolmandygy sebäpli gitmezlik kararyna geldi. Şondan soňra üýtgeşikli bolmady” diýlip, hasabatda aýdylýar.

Şu ýylyň 26-njy fewralynda bolsa, Hojambaz şäher gonamçylygy administrasiýasy ölen aýaly jaýlamakdan ýüz öwürdi, sebäbi ol Ýegowa şaýatlaryndan biridi.

Hasabatda olaryň şäher prokuraturasyna şikaýat edendigi, emma munuň ret edilendigi aýdylýar. "Merhumyň rus gonamçylygynda jaýlanyp bilinjekdigi habar berildi” diýlip, hasabatda nygtalýar.

Ymamlaryň wagyzlary

Bellesek, soňky döwürde Türkmenistanda kanun goraýjy edaralaryň Ýegowa şaýatlaryna basyşlary ýokarlanýan mahaly, döwlet bilen baglanyşykly ymamlar öz wagyzlarynda olary aç-açan tankytlaýarlar we ilaty olar bilen hyzmatdaşlyk etmekden gaça durmaga çagyrýarlar.

Ýakynda Balkanabadyň metjitleriniň birindäki ymam namaza gelenlere ýüzlenip eden wagzynda adamlary diňe Ýegowa şaýatlarynyň agzasy bolýanlara garşy däl, eýse olaryň maşgala agzalaryna garşy hem öjükdirýän ýaly bolup görünýär.

“Şu Ýegowa öwrülip giden türkmenlerden ýadadyk indi biz diýýär. Ýegowa öwrülýänleriň ýa-da krişna öwrülýänleriň köpüsiniň öýünde namazlylar hem bar, şol namazlylar aýdanokmyka diýýär. Eger [olar] şoňa normalnyý wagyz etsedi, [ol] daşyndaky Ýegowany wagyz edýäne mätäç bolmazdy diýýär” diýip, ymam öz wagzynda belleýär.

Azatlykda ymamyň şahsyýeti baradaky maglumatlar bolsa-da, redaksiýa onuň bilen habarlaşyp, teswir alyp bilmändigi sebäpli, olary äşgär etmekden saklanýar.

Türkmenistanda Ýegowa şaýatlarynyň yzarlanmagynyň, dini azatlyklarynyň bozulmagynyň uzak taryhy bar. Bu, esasan Ýegowa şaýatlarynyň dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrmagy bilen bagly.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň raýaty bolan her bir erkek adamdan harby borçlulyk talap edýär.

Ýegowa şaýatlarynyň Nýu-Ýorkdaky baş binasyndan guramanyň metbugat wekili Jarrod Lopes Azatlyga beren maglumatynda geçmişde Türkmenistanyň olaryň dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrandygy sebäpli tussag edendigini aýtdy.

“Şeýle bolsa-da, 2021-nji ýylyň maýy aýyndan bäri şeýle wakalaryň hasaba alynmandygyna begenýäris” diýip, ol belledi.

Şol bir wagtda, ol Ýegowa şaýatlarynyň parahat ybadatynyň bozulmagy bilen baglanyşykly birnäçe hadysanyň bolandygyny habar berlendigini hem aýtdy.

“Biz türkmen hökümetiniň Ýegowa şaýatlary baradaky aladalaryna has gowy düşünmek we olary diňlemek üçin [Türkmenistan] bilen gepleşikleri dowam etdirýäris” diýip, ol belledi.

Guramanyň hasabatynda Ýegowa şaýatlarynyň 1980-nji ýyllaryň ahyryndan bäri Türkmenistanda hereket edýändigi, ýöne 1991-nji ýylda ýurt öz garaşsyzlygyny alanyndan soň, türkmen hökümetiniň dini azatlyga çäklendirmeleri girizip başlandygy bellenilýär.

Hasabatda olaryň häzirki wagtda Türkmenistanda "kanun taýdan ykrar edilmedigine” hem üns çekilýär.

Şeýle-de, onda döwlet edaralarynyň, esasanam Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň Ýegowa şaýatlaryny soraga çekmegi dowam etdirýändigi, ynançlaryny paýlaşmazlygy ýa-da dini ýygnaklara gatnaşmazlygy buýurýandygy hem bellenilýär.

Hasabatda olaryň "gorky we yzarlama atmosferasynda ýaşaýandygy we elmydama tussag edilmek we azatlykdan mahrum edilmek howpy astynda bolýandygy" nygtalýar.

Ilatynyň aglabasy sünni musulman bolan, dünýewi Türkmenistanda dine uýmak erkinligi, şol sanda özbaşdak ýa-da beýlekiler bilen bilelikde islendik dine uýmaga ýa-da hiç birine uýmazlyga, dini we gaýry garaýyşlary erkin saýlamaga we üýtgetmäge, edinmäge, beýan etmäge, şeýle hem şolara laýyk hereket etmäge hukuk kepillendirilýär. Bu barada ýurduň Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunynyň 5-nji maddasynda bellenilýär.

Türkmen wekilleri adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişi barada berýän döwürleýin hasabatlarynda ilatyň din azatlygynyň berjaý edilýändigini hem öňe sürýärler.

Ýöne ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan soňky onýyllyklarda "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň arasynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG