Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan lebaply ýedi talyp iýunyň ahyrlarynda Aşgabat halkara howa menzilinden Moskwa uçýan uçara goýberilmedi. Talyp ýaşlaryň hossarlary soňky wagtlarda häkimiýetler tarapyndan raýatlaryň Türkmenistandan daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlaryna gitmegi bilen bagly emeli päsgelçilikleriň döredilýändigini aýdýarlar.
Uçara goýberilmedik talyplaryň daşary ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň birnäçesi bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berip, ýollary baglanan raýatlaryň arasynda 30 ýaşa ýeten talyplaryň hem bolandygyny aýtdylar.
Talyp hossarlarynyň sözlerine görä, migrasiýa resmileri degişli gadagançylygy “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň käbir maddalaryna salgylanyp esaslandyrmaga çalyşýarlar.
Habarçymyzyň ýerli kanun goraýjy edaralardaky çeşmesi raýatlaryň daşary ýurt döwletlerine syýahat etmegine degişli gözegçilik işleriniň güýçlendirilendigini tassyklap, häkimiýetleriň bu ýagdaýy öz raýatlarynyň özge ýurtlarda gulçulygyň pidasy bolmak howpuna garşy alyp barýan tagallalary bilen düşündirýändiklerini gürrüň berdi.
“Ýaşy 25-den geçen raýatlar potensial migrant hasaplanýar. Bu barada dilden görkezme berildi. Syýahatçylyga barýan raýatlar daşary ýurtlarda iş gözleýändir öýdülse, olar howa menzilindäki ýapyk otaglarda saklanýarlar we birnäçe sagatlap sorag edilýärler” diýip, kanun goraýjy edaralardaky çeşme aýdýar.
Uçara goýberilmedik talyplar hem gulçulyk barada özlerine aýdylan gürrüňleri tassyklap, şeýle düşündirişlere soragly çemeleşýärler.
“Hökümet ýegenimiň daşary ýurtlarda gulçulygyň pidasy bolup-bolmajakdygyny nädip kesgitleýär? Bu örän absurd, hem-de raýatyň hereketini çäklendirmek bolýar” diýip, bir talyp hossary aýdýar.
Aşgabat halkara howa menzilinde ýollary baglanan talyplar özleriniň wiza we bilet çykdajylarynyň hem öweziniň dolunmaýandygyny aýdýarlar.
“Awiakassa bilediň umumy bahasynyň 65 göterimini alyp galdy. Ýurtdan çykyp bilmeýändigim üçin wizanyň puluny hem yzyna gaýtaryp bolanok” diýip, bir talyp aýdýar we bu mesele boýunça özüniň rus ilçihanasyndan ýardam almak synanyşyklarynyň hem netijesiz tamamlanandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.
“Men bu mesele boýunça Russiýanyň ilçihanasyna ýüz tutanymda ‘biz türkmen tarapynyň işine gatyşmaýarys’ diýip jogap berdiler” diýip, ol aýdýar.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň sanlaryna görä, häzirki wagtda bu ýurtda 30 müňden gowrak türkmenistanly ýokary bilim alýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuş tertibine görä, 4-nji iýun – 30-njy iýun aralygynda Aşgabat – Moskwa aralygynda hepdede ýedi sany uçar gatnawy ýola goýlupdyr.
Aşgabatda uçara goýberilmedik talyplardan Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysy soňky ýyllarda diňe bir Russiýa Federasiýasyna däl, eýsem, umuman daşary ýurt döwletlerine okuw gitmek üçin häkimiýetlerden rugsat almak prosesiniň has-da kynlaşandygyny gürrüň berýär.
“Okuw ýerini tassyklatmak, maliýe goldawy we beýleki şahadatnamalar ýaly resminamalaryň giň toplumyny ýygnamaly. Degişli talaplary ýerine ýetirendiklerine garamazdan, köp sanly talyp esassyz daşary ýurtlara goýberilmeýär” diýip, çärjewli ýaş ýigit gürrüň berýär.
Mundan ozal, türkmen häkimiýetleri martyň ortalarynda, Russiýada howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmak ähtimallygy bilen bagly aladalaryň fonunda, ilat arasynda gürrüňdeşlikleri geçirip, bu ýurtda bilim alýan talyplaryň okuwlaryny howpsuz ýurtlara geçirmegini maslahat berdiler.
Şeýle-de, 22-nji martda Moskwanyň eteginde bolup geçen ýaragly hüjümden soň, türkmen häkimiýetleri Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan raýatlaryny yzyna getirmek tagallalaryny çynyrgatdy.
Bu habarlaryň yz ýany, martyň soňky hepdesinde hem Aşgabatdan Russiýa barýan talyplaryň we beýleki türkmenistanly raýatlaryň ençemesiniň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmedi.
Türkmenistanyň raýatlary üçin ýurtdan çykmak, onsuz hem, köpýyllyklaryň dowamynda uly mesele bolmagynda galýar. Raýatlar biometriki pasportlary almakda we ýurduň çäginden daşary ýurtlara syýahat etmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan 40 ýaşlaryndaky bir aýal maşgala özüniň syýahatçylyk maksady bilen Aşgabat halkara howa menzilinden Stambula barýan mahaly, uçara goýberilmändigini gürrüň berdi.
Bu wakada hem migrasiýa işgärleri raýatyň syýahatçylyk maksatlaryna şübheli çemeleşip, onuň iş gözleginde Türkiýä barýan bolmak ähtimallygyny öňe sürdüler.
“Seniň syýahata barýanyň çynyň bolsa, ýanyňdaky pullaryňy görkez. Belki-de, sen işlemäge barýansyň!” diýip, şonda migrasiýa işgärleri zenan maşgaladan nagt görnüşinden 1500 dollar pul serişdesini görkezmegi talap etdiler.
Häkimiýetler raýatlara girizýän syýahat gadagançylyklaryny öz raýatlarynyň daşary ýurtlarda gulçulygyň pidasy bolmak ähtimallygy bilen bagly wehimler bilen düşündirýärler.
Ýöne Türkmenistanyň hökümeti adam gaçakçylygyny ýok etmekde ýeterlik tagalla etmezlikde tankytlanaýar. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ýaňy-ýakynda adam gaçakçylygy boýunça çap eden täze hasabaty bu ýagdaýa salgylandy.
“Hökümet [Türkmenistanyň hökümeti] daşary ýurtlarda türkmen pidalaryny hem öz içine alýan ýagdaýlaryň resmiler tarapyndan tassyklanylmagyna garamazdan, halkara gaçakçylyk derňewleri boýunça hyzmatdaşlyk barada habar bermedi” diýip, şonda hasabat aýtdy.
Azatlyk Radiosy Aşgabatda lebaply ýedi talybyň Russiýa goýberilmezligi bilen bagly ýagdaýlar boýunça migrasiýa resmilerinden teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri, şol sanda elektron neşirler raýatlara garşy girizilýän syýahat gadagançylyklary barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum