Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çärjew etrabynda tiz kömege mätäç hassalar nobata garaşmaly bolýar


Ýaşaýyş jaýyň öňünde duran tiz kömek ulagy. Aşgabat (arhiw suraty)
Ýaşaýyş jaýyň öňünde duran tiz kömek ulagy. Aşgabat (arhiw suraty)

Çärjew etrabynyň ýaşaýjylary tiz kömegiň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin nobata durmaly boldular. Köp ilatly Lebap welaýatynyň bu etrabynda ýaşaýjylara hyzmat edýän tiz kömek gullugynyň bary-ýogy iki sany awtoulagy hereket edýär.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýaşaýjylary etrabyň tiz kömek gulluklaryna ýüz tutanlarynda kömegiň wagtynda gelmeýändigini gürrüň berýärler.

"Gije sagat 01:00-da üç aýlyk çagamyň gyzgyny galdy. Näme etjegimi bilmän, tiz kömege jaň etdim. 'Taksi tutyp çagaňyzy getiriň. Bizde bary ýogy bir ulag bar. Sizden öňde jaň eden adamlar hem bar. Nobat boýunça siz dördünji' diýip jogap berdiler. Obanyň içinde gündizine taksi tapmak kyn, gije nädip taksi tapmaly? Adam ölüm ýassygynda ýatan bolsa hem: 'Edip biljek zadymyz ýok, ulag ýok' diýmek bilen, gödek jogap berýärler” diýip, obada ýaşaýan ene gürrüň berdi.

Etrabyň tiz kömek gullugynyň ýagdaýyndan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, esasy problema tutuş etraba hyzmat edýän tiz kömek ulaglarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen bagly - diňe iki sany ulag işleýär.

“Bu iki maşynyň hem häzirki ýagdaýy örän ýaramaz. Olar köne sowet döwründen galan ulaglar bolup, köplenç döwülýär we kömek gerek wagty wagtynda ýetişip bilenok” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli çeşmeleriň biri aýdýar.

Çeşmeleriň sözlerine görä, Çärjew etrabynda 130 000-den gowrak adam ýaşaýar we 20-den gowrak oba bar. Şeýle köp ilatly ýerde bary-ýogy iki sany tiz kömek awtoulagynyň bolmagy saglyk hyzmatlarynyň elýeterliligini çäklendirýär.

Tutuş etrabyň ýaşaýjylaryna iki sany tiz kömek gullugy hyzmat edýär we olaryň hersinde diňe bir sany köne awtoulag bar.

Tiz kömek gulluklarynyň biri Çärjew etrabynyň administratiw merkezi bolan Çärjew şäherçesinde merkezi etrap hassahananyň çäginde ýerleşýär we etrabyň 13 obasynyň ilatyna hyzmat edýär. Etrabyň galan 7-ä golaý obasy Türkmenabat şäheriniň gündogar serhetlerinde ýerleşýär we olara Türkmenabat şäheriniň içinde ýerleşýän, emma administratiw taýdan Çärjew etrabyna degişli bolan “Uçgun” obasyndaky tiz kömek gullugy hyzmat edýär.

Ýerli ýaşaýjylar medisina hyzmatlarynyň hiliniň gitdigiçe ýaramazlaşýandygyny we hökümetiň saglygy saklaýyş pudagyna ýeterlik üns bermeýändigini aýdyp, nägile bolýarlar.

30 ýyldan gowrak saglyk edaralarynda işlän türkmenabatly ýaşuly lukman nebit-gazdan girdeji alýan ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda şeýle kemçilikleriniň döremeginiň sebäbini hökümetiň pudaga ýeterlik üns bermezliginde görýär.

“Tebigy uglewodorod çyg malyna baý bolan döwletde şeýle problemanyň bolmaklygy akla sygmaýar" diýip, lukman belleýär.

Ýurduň dürli şäherlerinde, şol sanda paýtagtda tiz kömek hyzmatlarynyň wagtynda berjaý edilmeýändigi barada habarçylarymyz öňem maglumat beripdi. Tiz kömek gullugynyň işgärleri bolsa, çagyryşlaryň köpdügini we olaryň ählisine ýetişmekde kynçylyk döreýändigini, şol sanda ulag sanynyň azdygyny habar beripdi. Tiz kömek sürüjileri bolsa ýollaryň erbetdigini we ulaglaryň tehniki ýagdaýynyň ýaramazdygyny Azatlyga gürrüň beripdi.

Geçen ýyl Balkan welaýatynyň saglyk pudagyndaky çeşmelerimiz etraplardaky tiz kömek ulaglarynyň tas 80 göteriminiň hatardan çykandygyny habar beripdi.

Türkmen resmileri medisina pudagyndaky kemçilikleri agzamaýarlar we ýagdaýdan habar berýän resmi sanlary çap etmeýärler.

Şol bir wagtda-da, goňşy Özbegistan 2023-nji ýylda Türkmenistana 20 sany tiz kömek ulagyny sowgat berdi. Türkmenistanyň şol tiz kömek ulaglaryny uly şatlyk bilen ýüzlerçe adamyň, şol sanda tans toparlarynyň, aýdymçylaryň, ýaşulularyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar bilen garşy alynandygy "Watan" habarlar gepleşiginde geçen ýylyň 8-nji fewralynda görkezildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň medisina edaralarynda kadrlar ýetmezçiligi hem ýüze çykdy. Daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýänleriň arasynda medisina işgärleriniň sanynyň hem köpelmegi hassahanalarda şepagat uýalarynyň işini arassaçylyk işgärleriniň ýerine ýetirmegi ýaly ýagdaýlara alyp bardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG