Balkanyň döwlet dükanlarynda Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda satylyp başlanan arzan ösümlik ýagynyň satuwy ýene bes edildi. Bu ýagdaý, ýaşaýjylaryň arasynda nägilelik döredýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi.
“Indi üç gün bäri döwlet dükanlarynda arzan günebakar ýagy asla satylmaýar. Balkanabat, Türkmenbaşy we Bereket şäherlerindäki we obalardaky dükanlaryň hiç birinde günebakar ýagy tapdyrmaýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Käbir ýaşaýjylar beýleki şäherdir etraplardaky dogan-garyndaşlaryna we tanyş-bilişlerine jaň edip, ýag satylýandygyny ýa-da satylmaýandygyny anyklamaga çalyşýarlar.
Sebitde günebakar ýagynyň “emeli arzan söwdasynyň” bes edilmegi, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda guralan arzan söwda ýarmarkalarynyň ýapylmagy bilen utgaşdy.
Ýatlatsak, dekabr aýynyň ortalarynda ýurduň ähli sebitlerinde söwda ýarmarkalary gurnalypdy we olarda miwe we gök-bakja önümleri biraz arzanladylan bahadan alyjylara hödürlenipdi.
Şeýle-de, döwlet dükanlarynda ilata bir litr günebakar ýagy 18 manatdan çäkli möçberde satylyp başlanypdy. Hususy telekeçilerdäki bahasy azyndan 30 manada barabar bolan bu ýaga ilat arasynda uly isleg bildirildi.
Häzirki wagtda günebakar ýagy döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan bolsa-da, hususyýetçilerde ony islendik mukdarda satyn alyp bolýar.
Ýaşaýjylaryň ençemesi täze 2025-nji ýyldan zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylan bolsa-da, azyk önümleriniň bahasynyň onlarça göterim gymmatlandygyny aýdyp, arzan günebakar ýagynyň satuwdan aýrylmagyna nägilelik bildirýär.
“Halk samsyk däl, sabyr käseleri dolar welin kime näme boljakdygy belli däl. Alýan aýlygymyz bilen güzeran eklär ýaly däl. Bazarlarda azyk yzygiderli gymmatlaýarka, ilatyň günübirin ulanýan günebakar ýagynyň arzan söwdasy hem ýene bes edildi” diýip, balkanabatly ýaşaýjy nygtady.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda 17 manatdan bahalanan günebakar ýagynyň bir litriniň bahasy birden 30 manada ýokarlandy.
Şondan bäri häkimiýetler döwlet dükanlarynda we käbir söwda nokatlarynda günebakar ýagynyň satuwyny çäkli möçberde 18 manatdan wagtal-wagtal ýola goýýar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda dörän agyr işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy we durmuşyň yzygiderli gymmatlamagy ýeňillikli bahadan goýberilýän harytlaryň hyrydarynyň barha köpelmegine getirýär.
Bellesek, 6-njy ýanwarda habarçylarymyz ýanwaryň ilkinji bäş gününde Türkmenbaşyda, Gyzylarbatda, Bereketde, Balkanabatda we Çelekende azyk önümleriniň bahasynyň iki-üç esse gymmatlandygyny habar berdiler.
Türkmenistanyň resmileri we habar serişdeleri 2025-nji ýylyň ýanwaryndan aýlyklaryň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10% artdyrylýandygyny geçen ýylyň tomsunda habar berdiler. Ýöne bu aralykda azyk önümleriniň we durmuş hyzmatlarynyň näçe göterim gymmatlaýandygy barada aç-açan maglumat bermeýärler.
Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesi we adam başyna ýaşamak üçin zerur çykdajylaryň mukdary barada resmi sanlar hem çap edilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum