Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda azyk önümleri birden we esli gymmatlady


Teke bazary. Aşgabat (arhiwden surat)
Teke bazary. Aşgabat (arhiwden surat)

Türkmenistanda esasy azyk harytlarynyň nyrhy birden esli göterildi, käbirleri tekjelerden aýryldy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň söwulmagynyň yzýanyna gabat gelen bu azyk gymmatçylygy ýurt ilatynyň aladasyny artdyrdy we ençeme maşgalanyň azyk üpjünçiligini hatar astyna goýdy.

Türkmenbaşyda şu günler et, un, çörek we ýumurtga ýaly azyk önümleriniň bahalary göterildi we olaryň ýerli dükanlardaky üpjünçiliginde mesele döredi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, azyk harytlarynyň nyrhlary ortaça iki esse çemesi gymmatlapdyr.

Şu günler 1 kilogram et 80 manada, ýumurtga 30 sanysy 70-90 manat aralygynda, ýurduň içerki önümi bolan unuň 1 kilogramynyň bahasy 8,50 manada, Gazagystandan getirilen un 14 manada durýar.

Söwda wekilleri bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyz häzirki gymmatçylygyň we gytçylygyň sebäplerini anyklamaga synanyşdylar.

"Bazar we hususy söwdada ýumurtganyň hem etiň gymmatlap, gytalmagyny ýurtda iri şahly mallaryň we towuklaryň sanynyň azalmagy bilen düşündürilýär. Şeýle hem towuk we mal iýminiň döwlet bahasy 2 essedenem köp gymmatlapdyr. Hususy söwdada 1 kilogram künjara ozal 4-5 manat bolan bolsa, indi 8-9 manada gymmatlap, et ýumurtga öndürýän hojalyklara agram salýar we etiň bahasynyň hem gymmatlamagyna getirýär" diýip, ýerli çeşme gürrüň berýär.

Bazarlardaky bahalara syn eden habarçymyz soňky 10 gün bäri bir kilogramy 68 manatdan satylan goýun we düýe etiniň hem satuwdan aýrylandygyny aýdýar.

Türkmenbaşyly ýaşaýjylar bahalaryň gymmatlamagynyň maşgalalaryň ençemesiniň azyk üpjünçiligini hatar astyna goýandygyny aýdýarlar.

"Mugallym aýlygyna et satyn alyp iýip bolmaýar. Garaşsyzlyk güni baýramçylykda maşgalama 1 kilogram et satyn almaga pul tapmadym. Zordan bir kilogramy 25 manada towuk buduny satyn alyp bardym. Başga näme edeýin 80 manatdan sygyr etini almaga gapjygym götermeýär" diýip, türkmenbaşyly mekdep mugallymy gürrüň berdi.

Esli gymmatlan harytlaryň arasynda günebakar ýagynyň bahasy welaýatdan welaýata görä üýtgeýär. Birnäçe aýlap bir litri 18 manada duran günebakar ýagyny şu günler 25 manada tapmak kyn bolýar.

Käbir ýerlerde dükanlarda günebakar ýagyna goşa nyrh ýöredilýär. Gäwers daýhan birleşiginiň dükanlarynda tekjelerde duran günebakar ýagynyň nyrhy 19 manat diýlip görkezilýär, emma ýag satyn aljak bolan alyjylara onuň bahasynyň 29 manatdygy aýdylýar diýip, habarçymyz aýdýar.

"Biz Söwda ministrliginden aýdylany ýerine ýetirýäris. Tekjede ýagyn bahasy 19 manat diýlen ýazgy dursun, emma ony gymmatrak satyň diýip, dilden görkezme berdiler. Biz şol görkezme esasda işleýäris" diýip, ýerli dükanlaryň birinde satyjy gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar bahalaryň häzirki depgini zerarly aýlyklarynyň we pensiýalarynyň gün görmek üçin düýpden ýetmeýändigine ünsi çekýärler.

"Pensiýa bir aýda 4 kilogram et almaga zordan ýetýär. Döwletiň ilatyň goraglylyk meselesine üns berip, inflýasiýany nazara alyp, ilatyň alýan aýlyk we pensiýa derejesine gaýtadan seretmäge zerurlyk döredi" diýip, balkanly pensioner aýdýar.

Türkmenistanda minimal pensiýa resmi taýdan 500 manat çemesi diýlip, yglan edilýär. Emma iş ýüzünde pensiýasy 300 manatdan geçmeýän pensionerler hem bar. Türkmen döwletiniň öz pensionerlerine berýän Merkezi Bankyň kursuna görä, 156 amerikan dollaryna, gara bazaryň nyrhyna görä, 25 dollardan ybarat pensiýasy hatda Merkezi Aziýada hem iň pes hasaplanýar.

Ýurtda azyk önümleriniň ençeme ýyl bäri dowam edýän we wagtal-wagtal güýçlenýän gytçylygy we gymmatçylygy maşgalalaryň iýmit üpjünçiligini gowşadýar. Azyk önümlerinden başga-da, derman, senagat önümleri we ýaşaýyş üçin zerur jemagat hyzmatlarynyň nyrhy gitdigiçe göterilýär.

Türkmenistanda ýaşamak üçin zerur minimum we alyjylar sebedi diýen düşünje ýok. Türkmen hökümeti ýurtdaky sosial-ykdysady problemalaryň bardygyny resmi derejede boýun almaýar we çözgüt teklip etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG