Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet dükanynyň 10-a golaý işgäri polisiýa çagyrylyp, ýeňillikli azygy bikanun satmakda aýyplandy


Türkmenistanda polisiýa işgärleri ýük ulagyna ýüklenýän harytlary barlagdan geçirýärler. (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda polisiýa işgärleri ýük ulagyna ýüklenýän harytlary barlagdan geçirýärler. (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynyň 10-a golaý işgäri şäheriň Polisiýa müdirligine çagyrylyp, ýeňillikli azyk önümlerini bikanun satmakda aýyplandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň polisiýadaky çeşmesi we dükan işgärleriniň birnäçesi anonim şertde paýtagtdaky habarçymyza maglumat berdi.

Bu maglumat, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda goşmaça wideo we audio gözegçilik enjamlarynyň oturdylmagyndan bir aý çemesi soňa gabat geldi.

“Soňky bir hepdäniň dowamynda paýtagtyň Polisiýa müdirligine çagyrylan 10-a golaý dükan işgärine dükanyň wideo gözegçilik kameralarynda ýazgy edilen düzgün bozulmalar görkezildi” diýip, polisiýadaky çeşmämiz gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, wideolarda dükan işgärleriniň käbir alyjylara arzan çöregi bir ele ikiden artyk satýandygyny we arzan towuk ýumurtgasyny bir ele 10-dan artyk satýandygyny görse bolýar.

Häkimiýet wekilleri bu wideolary subutnama hökmünde görkezip, satyjylara basyş görkezdi. Şeýle-de, olar dükan işgärlerine “siziň baryňyzyň gözüňizi türmede açarys” diýip, dürli haýbatlary atdylar.

“Dükan müdiri satyjylara arzan bahadan satylýan azyk harytlarynyň alyjylara satylmaly möçberi we tertibi barada dilden görkezme, düşündiriş bermedimi? Beren bolsa, näme sebäpden görkezmäni ýerine ýetirmeýärsiňiz ýa-da äsgermeýärsiňiz? Türmä girip, çagalaryňyzy dirikäňiz ýetim goýmak isleýärsiňizmi? Ýa-da 15 gije-gündiz gözenegiň aňyrsynda neşebentler bilen bilelikde oturmak isleýärsiňizmi? ýaly haýbatlar we soraglar polisiýa işgärleri tarapyndan dükan satyjylaryna gönükdirildi” diýip, ýagdaýlardan habarly dükan işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň dükan işgärleriniň soňky ykbalyny anyklamak synanyşyklary häzirlikçe oňyn netije bermedi.

Redaksiýa bu barada 7-nji iýunda Polisiýa müdirliginden we ýerli söwda edarasyndan telefon arkaly teswir hem alyp bilmedi.

Ýöne bu maglumat, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabatda ýerleşýän dükanlarynda goşmaça wideo we audio gözegçilik enjamlarynyň oturdylýandygy baradaky habarlardan bir aý çemesi soňa gabat geldi.

2-nji maýda Milli howpsuzlyk ministrligindäki bir çeşmämiz dükanlara ozal oturdylan wideo kameralaryň ýeterlik hasaplanmaýandygyny we, ýokardan görkezme esasynda, wideo şekillerini ses ýazgylary bilen bilelikde ýazgy edýän wideo kameralaryň kassalaryň gapdalynda oturdylýandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ýeňillikli azyk önümleriniň satyjylar tarapyndan käbir raýatlara gymmat bahadan, artyk möçberde satylýandygy barada Azatlyk ençeme gezek maglumat berdi.

Habarçylarymyz dükan işgärleriniň goşmaça gazanç edýändigini, we netijede, dükanlara onsuz hem çäkli möçberde gelýän çöregiň we ýumurtganyň nobata duranlaryň ählisine ýetmeýändigini aýdyp gelýärler.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk önümlerine garaşly bolup galýar.

Ýöne häkimiýetler şu ýylyň başynda un, ýag ýaly harytlary ilata ýeňillikli bahadan satmak düzgünini ýatyrdy. Şol bir wagtda, ýeňillikli azyk önümleriniň hatarynda saklanyp galýan çöregiň we ýumurtganyň üpjünçiligi hem ýaramaz bolmagynda galýar.

Bu aralykda, häkimiýetler azyk nobatlaryna gözegçiligi güýçlendirip, dükanlara goşmaça gözegçilik kameralaryny oturdyp, çörek nobatlaryndaky adamlary azaltmaga we ýaşyrmaga çalyşýarlar.

Ýöne ýerli synçylaryň birnäçesi bu çäreleriň ýeterlik däldigini, häkimiýetleriň ýurtda dowam edýän maliýe-ykdysady kynçylyklara garşy çynlakaý göreş alyp barmalydygyny aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG