Aşgabatda azyk önümlerinden zäherlenýän çagalaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Lukmanlar we ýaşaýjylar olaryň döwlet dükanlarynda ilata mejbury satylýan, ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümlerinden zäherlenýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Şu günlerde möhleti geçen azykdan zäherlenip, şäher hassahanalaryna gelýän çagalar köp. Olara esasan zäherlenmä garşy derman, şol sanda damja berilýär” diýip, Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň bir lukmany anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Ene-atalaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, çagalar möhleti geçen azyk önümlerini iýeninden ýa-da içeninden soň, olaryň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp başlaýar.
“Bular döwlet dükanlaryndan satyn alnan harytlar bolup, olaryň arasynda kemput, gaplanan süýt, kisel, ýagny jele we şireli suwlar bar. Ilat bulary ýeňillikli bahadan paýlanýan unuň ýany bilen satyn almaga mejbur edilýär” diýip, zäherlenen çagasy şäher hassahanasynda bejergi alýan aşgabatly ene anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Ene-atalaryň sözlerine görä, lukmanlar çagalaryň bu önümlerden zäherlenendigini dilden tassyklaýarlar.
Ýöne olar bu ýagdaýlary hassahananyň resminamalarynda beýan etmäge rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.
“Biz çagalaryň döwlet dükanlarynda mejbury satylýan önümlerden, şol sanda kiselden zäherlenendigini ýazsak, onda häkimiýetler bu barada derňew geçirmeli bolýarlar. Biz döwlet bilen gapma-garşylyga gidip biljek däl” diýip, Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň lukmany belledi.
Ýöne ol şeýle ýagdaýa hususy dükanlarda ýol berlen bolsa, onda dükan eýesini jogapkärçilige çekip, ýetirilen maddy zyýanyň, şol sanda çaganyň hassahana çykdajylarynyň öwezini doldurtmaga ene-atalaryň kanuny haklarynyň bardygyny hem belledi.
Azatlygyň bu aýdylanlar barada agzalýan hassahanadan, paýtagtyň söwda we saglygy saklaýyş edaralaryndan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Şeýle-de, redaksiýa zäherlenen çagalaryň takyk sanyny hem anyklap bilmedi.
Ýöne bu waka, paýtagtyň dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan unuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleriniň satylmagynyň dowam edýän mahalyna gabat geldi.
“Häzir käbir döwlet dükanlarynda 5 kilogram unuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen 100-150 gramlyk kemput satylýar. Alyjylar 5 kilogram un üçin 5 manat we kemput üçin 5 manat, jemi 10 manat tölemeli edilýärler. Käbir dükanlarda bolsa, unuň ýany bilen kisel satylyp, onuň un bilen umumy bahasy 10 manat bolýar. Käbir dükanlarda bolsa, geçmän galan şireli suwlar, alkogolsyz içgiler satylýar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan azyk harytlarynyň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen önümleriň satylmagy ýyllarboýy dowam edýär.
Häkimiýetler, şol sanda ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bu barada dymyşlygyny saklap gelýärler. Ýöne dükan satyjylary anonim şertde habarçymyza beren maglumatlarynda bu barada özlerine dilden görkezme berlendigini aýdýarlar.
Azatlyk bu barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan azyk önümlerini paýlamak tejribesi alty ýyl gowrak wagt bäri dowam edýär.
Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.
Raýatlaryň ýeňillikli bahadan satylýan önümlerden zäherlenmegi bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary şu ýylyň aprelinde hem habar beripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum