Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda ilata çüýrän önümler satylýar, hususyýetçilerde harytlar gymmatlaýar


Käbir satyjylar, alyjylaryň nägileliklerinden we şikaýatlaryndan soň, ýaramlylyk möhleti geçen towugyň satuwyny bes edýärler. (Illýustrasiýa suraty)
Käbir satyjylar, alyjylaryň nägileliklerinden we şikaýatlaryndan soň, ýaramlylyk möhleti geçen towugyň satuwyny bes edýärler. (Illýustrasiýa suraty)

Balkanda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli arzan bahadan satuwa çykarylýan harytlaryň hili adamlary lapykeç edýär. Ilata çüýräp, zaýa bolan harytlar satylýar. Bu aralykda, hususyýetçilerde azyk önümleriniň bahasy gymmatlaýar.

Bu waka, prezidentiň baýramçylyk günlerinde bazarlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Baýramçylyk mynasybetli Türkmenbaşy şäheriniň ‘Kenar’ bazarynda gurnalan göçme söwda çadyrlarynda ýaramlylyk möhleti geçen harytlar satylýar. Olaryň arasynda alma, apelsin, mandarin, pomidor ýaly harytlar bar. Bular çüýräp, reňki heňläp, porsap gidipdir. Olary adam iýer ýaly däl, megerem, goýun we sygyram iýmese gerek” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Söwda nokatlarynda almanyň bir kilogramy 15 manat, apelsin 20 manat, mandarin 10 manat we pomidor 12 manat bahalanýar.

Habarçymyz bu nokatlarda ilata ýeňillikli bahadan satylýan towugyň söwdasynda hem gözboýagçylygyň bardygyny aýdýar.

Gaplanan towugyň daşynda ýaramlylyk möhletiniň oktýabrda gutarandygy bellenilýär. Käbir satyjylar, alyjylaryň nägileliklerinden soň, towugyň satuwyny bes edýärler.

“Satyjy başlygyna jaň etdi. Ol adamlar ‘bizi zäherläp öldürjek bolýaňyzmy diýip gygyryp dur, halk meni urjak bolýar’ diýdi. Başlygy oňa ‘towuklary satma, olary Akdaş we Mäneli obalaryndaky dükanlarda satdyrmaga ugradaryn, towuk ýok diýip aýdaý’ diýdi” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy 20-nji dekabrda irden “Kenar” bazarynda şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Bu aralykda, bazarlarda we dükanlarda hususyýetçiler tarapyndan satylýan azyk önümleriniň bahasy gymmatlaýar.

Häzir 30 sany ýumurtganyň bahasy 58 manada, bir kilogram towugyň bahasy 53 manada ýokarlandy. Mundan ozal, bu önümler degişlilikde 51 we 40 manat bahalanýardy.

“Bazarlarda harytlaryň gymmatlamagy we hökümetiň ‘arzan berdim’ diýip, zibile zyňylmaly zatlary halka puluna satmakçy bolmagy, köp adamy lapykeç edýär” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň söwda edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Bu maglumatlar, prezident Serdar Berdimuhamedowyň “baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmegi babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary bermeginden iki gün soňa gabat geldi. Prezident bu tabşyryklaryny 18-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda mälim etdi.

Türkmenistan 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilen gije Täze ýyl baýramyny belleýär. Bu baýram ýurtda maşgala baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýär.

Häkimiýetler ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, emeli azyk bolçulygyny döretmäge çalyşýarlar. Bazarlarda we köçeleriň ugrunda göçme söwda çadyrlary döredilip, bularda arzan bahadan harytlar satuwa çykarylýar.

Ýöne bu önümleriň hiliniň pesligi, ýaramlylyk möhletiniň geçendigi barada hem yzygiderli habar berilýär. Galyberse-de, häkimiýetleriň emeli bolçulygy uzaga çekmeýär we baýramçylyklaryň yzysüre aradan aýrylýar.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalygyň arzan azyk önümlerine garaşlylygy saklanyp galýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda baýramçylyklaryň “şatlyk we şowhun bilen bellenilýändigini” tekrarlaýarlar, ýöne ýokarda aýdylanlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG