Ahal welaýatynyň onlarça ýaşaýjysy häkimiýetlere ýazýan arzalaryna kanagatlanarly jogap berilmeýändigini aýdýar. Bu şikaýatlar, sebitde häkimiýetlere arza ýazýan raýatlaryň göz-görtele köpelmeginiň arasynda ýüze çykýar. Bu arzalaryň köpelmegi bolsa, ýurtda ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň durmuş problemalarynyň ýitileşendigine yşarat edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Soňky aýlarda obamyzyň onlarça ýaşaýjysy ýüzlerçe arza ýazdy. Käbir adamlar arzasyna jogap berilmänsoň, üç-dört aý garaşyp, soňra ýene üç-dört arzany yzly-yzyna ýazyp ugradýarlar. Ýöne bu hem kömek etmeýär” diýip, ahally bir ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürüň berdi.
Azatlykda gürrüňi edilýän raýatlaryň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar, şol sanda olaryň ýaşaýan etrapdyr obalarynyň takyk atlary bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, arzalarda esasan raýatlaryň ýygy-ýygydan duçar bolýan problemalary, bularyň ençeme aýlap, käte ýyllarboýy çözülmezligi we olaryň çözülmegi üçin ýerli häkimiýetlere eden arzalarynyň oňyn netije bermeýändigi beýan edilýär.
“Bu problemalaryň arasynda raýatlaryň suw, gaz, elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikleri, howly jaýlar üçin döwletnama alyp bilmezligi, özbaşdak jaý almak üçin mellek ýerleriniň bölünip berilmezligi we biometriki pasport almakdaky kynçylyklary bar” diýip, ahally başga bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Şeýle-de, köp raýat biometriki pasportlaryna daşary ýurda çykmazlyk üçin näçe ýyl deport goýlandygyny anyklaşdyrmagy hem soraýar
Bellesek, ýokarda agzalan problemalar barada Azatlyk soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdi. Hususan-da, şu ýylyň başyndan bäri raýatlaryň biometriki pasport almakdaky kynçylyklary ýitileşdi. Şeýle-de, soňky aýlarda türk häkimiýetleriniň bikanun migrantlara garşy göreşini güýçlendirmeginiň arasynda, müňlerçe türkmen raýaty Türkiýeden Türkmenistana deport edildi. Azatlyk tomus aýlarynyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň suw, gaz we elektrik üpjünçiligindäki problemalar barada hem habar berip gelýär.
“Raýatlar Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyna, Adalat ministrligine, Nebitgaz ministrligine, Oba hojalyk ministrligine arza ýazýarlar. Ýöne şolardan diňe Adalat ministrligi ‘arzaňyz öwrenildi’ diýip jogap berýär diýsek ýalňyşmarys. Ýöne bu jogapda-da, problema çözülmeýär. Sebäbi onda raýatlardan ministrligiň ýerli edarasyna ýüz tutmak soralýar. Ýöne ýerli edarada-da seniň derdiňi diňlejek, arzaňa seretjek we ony kanagatlandyrjak işgär ýok” diýip, ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.
Habarçymyz ýaşaýjylaryň bu baradaky şikaýatlarynyň, ýurduň dürli künjeginde häkimiýetlere arza ýazýan raýatlaryň göz-görtele köpelmeginiň arasynda ýüze çykýandygyna ünsi çekýär. Bu ýadaý ýurtda ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň durmuş kynçylyklarynyň ýitileşendigine yşarat edýär.
“Adamlar eýýäm çydap bilmän, Aşgabatdaky merkezi edaralardan medet gözleýärler. Ýöne problema çözülmejek bolsa, ne ýerli edara arza ýazanyň, ne-de merkezi edara arza ýazanyň peýdasy bar” diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk 12-nji oktýabrda ýokarda agzalan edaralar bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanda raýatlaryň degişli häkimiýet edaralaryna ýazýan arzalarynyň köplenç kanagatlandyrylmaýandygy, hatda asla jogap berilmeýändigi barada Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar ýyllarboýy habar berip gelýärler.
Käte häkimiýetler arza ýazan raýatlaryň meseleleriniň çözülmejekdigini, hatda olaryň “ýolunyň böwetlenjekdigini” hem duýduryp, olaryň arza ýazmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, olaryň çözgüdi üçin häkimiýetlere ýazýan arzalary barada aç-açan habar bermeýärler.
Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça baş wekiliniň, ombudsmeniň 2017-nji ýylda bu wezipe döredileli bäri her ýyl çap edýän hasabatynyň 2022-nji ýyla degişli nobatdaky sanynda ýurtda raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilýändigi gaýtalandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum