Russiýanyň ýokary derejeli bilim resmileri 30-njy oktýabrda türkmen kädeşleri bilen Aşgabatda duşuşyp, ylym we bilim pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Azatlyk Radiosynyň bilim pudagyndaky çeşmeleri duşuşyklarda ileri sürlen ugurlaryň käbir jikme-jiklikleri barada maglumat berýärler, şeýle-de ýerli magaryf işgärleri bilim resmileriniň beren beýanatlarynyň setir aralaryny seljerýärler.
Iki ýurduň bilim resmileri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň duşuşyklarynyň çäklerinde çarşenbe güni Türkmenistanyň Bilim ministrliginde duşuşdy.
Bu ugurda aýrybaşga iki duşuşyk geçirildi. Birinji duşuşykda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Russiýanyň Magaryf ministriniň orunbasary Andreý Korneýew bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahat etdi. Ikinji duşuşykda Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý türkmen kärdeşleri bilen ýokary bilim pudagynda tejribe alyşmagyň ugurlaryny maslahat etdi.
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde bu duşuşyklary “däp bolan howaýy duşuşyklar” atlandyrsa-da, gepleşikleriň barşynda käbir “çynlakaý meseleleriň” ara alnyp maslahatlaşylandygyna ünsi çekdi.
Eýsem, gepleşiklerde bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň haýsy möhüm ugurlary maslahat edildi?
Azatlygyň çeşmelerine görä, türkmen tarapy Russiýada ýokary bilim alýan türkmen talyplaryna degişli “gözegçilik mehanizminiň” güýçlendirilmegine we Russiýanyň ýokary bilim edaralary tarapyndan türkmen raýatlaryna hödürlenýän döwlet kwotalarynyň sanynyň artdyrylyp, türkmenleriň hususy tertipde rus ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmeginiň doly ýatyrylmagyna gyzyklanma bildirýärler.
Öz gezeginde, rus resmileri gysga möhletde hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen “Professionalitet” maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle-de orta mekdeplerde jemleýji synaglary geçirmegiň mümkinçilikleri bababtynda rus tejribelerini teklip edýärler.
Rus maglumat çeşmelerine görä, “Professionalitet” taslamasy Russiýanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylda işe girizildi. Bu taslama ýokary isleg bildirilýän hünär ugurlary boýunça hünärmenleriň gysga möhletde taýýarlanylmagyny, hünär okuwlarynyň möhletiniň gysgaldylyp, studentleriň talap güýçli bolan işlere gysga wagtda iberilmegini göz öňünde tutýar.
Azatlyk Radiosynyň bilim ulgamyndaky çeşmelerine görä, türkmen tarapy duşuşyklarda esasan hususy tertipde rus ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän türkmenistanlylaryň sanynyň azaldylmagyna, ýa-da munuň düýbünden ýatyrylmagyna, şeýle-de bu ýurtda ýokary bilim alýan türkmen talyplaryna degişli “gözegçilik işleriniň güýçlendirilmegine” uly üns gönükdirdi.
Azatlygyň çeşmeleri Türkmenistanyň Bilim ministrligine "türkmen raýatlaryny rus ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul etmekligi diňe döwlet sargydy esasynda hem-de Russiýanyň kwotalary boýunça amala aşyrmak hakynda, şeýle-de türkmenistanlylaryň hususy tertipde rus ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul edilmegini doly ýatyrmak" hakynda şu ýylyň ahyryna çenli rus resmileri bilen gepleşikleri geçirmegiň tabşyrylanygyny aýdýarlar.
"Ýokardan gelen gizlin buýruk esasynda rus tarapy bilen ministrlik [Bilim] häzirki wagtda işjeň ýagdaýda tapgyrlaýyn gepleşikleri we duşuşyklary geçirýär, sebäbi, 2025-nji ýyldan başlap, türkmen raýatlarynyň Orsýede hususy tertipde okuwa gitmeginiň doly ýatyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şu sebäpli hem, 30-njy oktýabrda rus tarapyndan türkmen raýatlary üçin bölünip berilýän okuw kwotalaryny köpeltmek haýyş edildi” diýip, bilim pudagyndaky çeşme aýdýar.
Onuň maglumatlaryna görä, şu wagta çenli her ýylda 7 müň – 7 müň 500 çemesi türkmenistanly rus ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýärler, şolardan 500-600 student rus tarapynyň döwlet kwotalary boýunça okuwa alynýar.
“2025-nji ýylda rus tarapynyň döwlet kwotalary boýunça rus ýokary okuw jaýlaryna iberilýän studentleriň sanynyň 800-1000 adama çenli ýetirmek meýilleşdirilýär” diýip, çeşme aýdýar.
Ýöne şol bir wagtda, çeşmäniň sözlerine görä, Türkmenistan mundan beýläk Russiýanyň ýokary okuw jaýlaryna gidýän türkmenistanlylaryň sanyny ýylda 1000 adamdan köp bolmazlygyny gazanmaga çalyşýar.
“Şeýlelikde, Russiýa ugry boýunça akademiki migrasiýa 90 göterime çenli kemeldiler” diýip, çeşmämiz aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal Russiýa ýokary bilim almaga barýan türkmenistanlylaryň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmezligi barada birnäçe gezek habar berdi.
Bulardan başga-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi türkmen studentleriniň Russiýada bilim alýan döwürlerinde olara gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen rus tarapyna “bilelikdäki gözegçilik mehanizmini” işläp düzmegi teklip edýär.
Rus resmileriniň “Professionalitet” taslamasy hakynda, şeýle-de orta bilimde jemleýji synaglar boýunça türkmen kärdeşleri bilen paýlaşýan tejribeleri Türkmenistanyň bilim giňişliginde käbir soraglary döretdi.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan mundan ozal ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe dokuz ýyllyk orta bilim tejribelerini başdan geçirdi we bu ýurtda hem, Russiýanyň “Professionalitet” taslamasynda ileri tutulşy ýaly, bilime däl, esasan hünäre esaslanýan, gysga möhletde hünär öwrenmäge gönükdirilýän praktikalar hem synalyp görüldi.
Ýöne ýerli synçylara görä, şeýle tejribeler Türkmenistanda synagdan geçip bilmedi we ýurduň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan orta bilim maksatnamalarynyň möhletiniň uzaldylmagyna, şeýle-de hünär öwrenmekde “bilime has ähmiýet berilmegini göz öňünde tutýan” maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagyna alyp geldi. Munuň netijesinde, orta bilimde-de, ýokary bilimde-de okuw maksatnamalarynyň möhleti uzaldyldy.
Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň bilim ulgamyndaky çeşmeleri rus resmileri bilen geçirilen duşuşyklaryň yz ýany, Türkmenistanda orta bilimiň möhletiniň gysgaldylmak ähtimallygynyň gaýtadan gün tertibine getirilip başlanandygyny aýdýarlar.
"Ministrlikde eýýäm birnäçe ýyldan bäri iş orunlaryny gysgaltmak çärelerine badalga berildi. Işgär sanyny azaltmak boýunça ýokardan berilýän talaplar soňky aýlarda has-da güýçlendi. Bir döwür mekdepleri 12-ýyllyk eden hökümet 2026-njy ýylda umumybilim berýän mekdepleriň okuw möhletini 10-11 ýyla getirmegi planlaşdyrýar diýen "myş-myşlar" ýaýrap ugrady. Şu jähtden, sowetler döwründäki ýaly, esasy orta bilimi 8-9 synpa, umumy orta bilimi 10-11 synpa getirmek göz öňünde tutulýar we ol iki okuw basgançagyny tamamlaýan ýaşlara Orsýetdäki ýaly ÝGE we OGE gutardyş synaglaryny tabşyrtmak islegleri bar. Ýörite we orta hünär mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň möhletini gysgaltmak we umuman orta mekdeplerde hem 2026-njy ýylda esasy orta mekdebi 8 ýa 9-njy synpda we umumy orta bilimi 10 ýa 11-nji synpda tamamlatmagy ýola goýmak planlarynyň iň esasy sebäbi bu pedagogik kadrlaryň sanyny kemeltmek bolup durýar, hut şonuň üçin hem şeýle usullara ýol urmaga mejbur edilýäris" diýip, türkmen bilim emeldary aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu malgumatlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmeýär, şeýle-de bu mesele boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligine görä, iki ýurduň bilim resmileri Aşgabatda bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, taraplar A. S. Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň goşmaça binasynyň gurluşygyna degişli käbir meseleleri hem maslahat etdiler.
Resmi çeşmelere görä, Russiýanda 30 müňden gowrak türkmenistanly talyp ýokary bilim alýar. Bu ýurt daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň sany boýunça birinji orunda gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum