ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuna kömek bermek üçin getirilmegini "howply we durnuksyzlaşdyryjy möwjeme" diýip atlandyrdy we munuň konfliktiň möhletini has-da uzaldyp biljekdigini aýtdy.
Ol 30-njy oktýabrda, Günorta Koreýaly kärdeşi bilen Pentagonda geçiren metbugat ýygnagynda Demirgazyk Koreýanyň takmynan 10 000 esgeriniň gündogar Russiýa getirilendigini aýtdy. Esgerleriň bir bölegi rus ýunformalaryny geýip, rus enjamlaryny alyp, Kursk sebitine ugraýar. Demirgazyk Koreýanyň eýýäm Kursk sebitine gelen bölümleri hem bar.
Ukrain güýçleri awgust aýynda Kursk sebitie uly hüjüm edip, ýüzlerçe inedördül kilometr meýdany eýelemegi başardylar.
Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň bu ýere ýerleşdirilmegi diňe bir konfliktiň möhletiniň has uzamak ähtimallygyny döretmän, eýsem beýlekileriň hem herekete gelmegine meçew berip biler.
"Bu ýerde bolup biljek bir topar zat bar" diýip, Ostin aýtdy.
Ol sözüni dowam etdirip, Russiýanyň Demirgazyk Koreýanyň esgerlerini söweşde ulanmak ähtimallygynyň örän ýokarydygyny belledi.
Ostin Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň söweş meýdanynda Ukraina ABŞ we onuň ýaranlary tarapyndan berlen ýaraglar arkaly nyşana alynmagyna garaşyp boljakdygy barada aýdanlaryny gaýtalady we olaryň käbiriniň ölmeginiň mümkindigini aýtdy.
"Eger-de rus esgerleri bilen bilelikde söweşýän bolsalar, olar söweşýän taraplar bolýarlar we munuň netijesinde, biziň olaryň öldüriljekdigine we ýaralanjakdygyna ynanmaga ähli esasymyz bar" diýip, Ostin aýtdy.
Birleşen Ştatlar bu ýagdaýa örän çynlakaý garaýar we Kremli ugruny üýtgetmäge çagyrýar.
Moskwanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi 30-njy oktýabrda Nýu-Ýorkda Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip, Russiýanyň Demirgazyk Koreýa bilen edýän harby gatnaşyklarynyň halkara borçnamalaryny bozmaýandygyny we "üçünji ýurtlara garşy gönükdirilen däldigini" aýtdy.
Wasiliý Nebenzýa Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň uruşda öň hatarlarda bolandygy baradaky habarlary hem ret etdi.
"Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň biziň frontumyzdadygy barada edilen beýanatlar hiç kimi geň galdyrmasyn, sebäbi olaryň hemmesi zoňtar ýalan" diýip, Nebenzýa geňeşe ýüzlenip aýtdy we Waşington bilen Londony "dezinformasiýada", nädogry maglumat ýaýratmakda aýyplady.
Günorta Koreýa Phenýanyň öz esgerlerinden gymmatly sapak aljakdygyny we Russiýa kömek edip, häzirki zaman söweşlerine şaýat boljakdygyny, munuň Seul üçin gönümel harby howp bolup biljekdigini duýdurdy.
Günorta Koreýanyň goranmak ministri Kim Ýong-hyun Ostin bilen geçirilen metbugat ýygnagynda bu goşun ýerleşdirmesiniň hökman Koreýa ýarym adasynda uruş turmagyna sebäp boljakdygyna ynanmaýandygyny, ýöne onuň howpsuzlyk wehimlerini ýokarlandyryp biljekdigini, sebäbi Demirgazyk Koreýanyň Ukraina uruşmak üçin esger ibermegiň deregine Moskwadan rus harby tehnologiýasyny almaga çalyşmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.
Bu taktiki ýadro ýaraglaryny we kontinentara ballistik raketa tehnologiýasyny hem öz içine alyp biler diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şu aralykda, Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli diplomaty Moskwa gepleşik geçirmäge geldi. Günorta Koreýanyň aňtaw gullugy bu gepleşikleriň goşmaça esger ibermek we Demirgazygyň öz beren kömegine derek aljak zatlary barada bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
Forum