Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky urşuň üçünji ýyl dönüminde Zelenskiý Kiýewde daşary ýurt liderlerini garşy alýar


(Çepden saga) Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kosta, Latwiýanyň prezidenti Edgars Rinkewiks, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we onuň aýaly Olena Zelenska, Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandr Stubb, Litwanyň prezidenti Gitanas Nauseda. Kiýew, 24-nji fewral, 2025.
(Çepden saga) Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kosta, Latwiýanyň prezidenti Edgars Rinkewiks, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we onuň aýaly Olena Zelenska, Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandr Stubb, Litwanyň prezidenti Gitanas Nauseda. Kiýew, 24-nji fewral, 2025.

Prezident Wolodymyr Zelenskiý ABŞ-nyň we Ýewropanyň arasynda konflikti nädip bes etmelidigi barada dörän täze düşünişmezlikleriň arasynda Russiýanyň giň gerimli çozuşy netijesinde tutaşan urşuň üçünji ýyl dönüminde 10-dan gowrak daşary ýurt liderini Kiýewde garşy aldy.

"Ukraina gelen liderler üçin biz bu güni öz ýurdumyza janyny pida eden esgerlerimize hormat goýmak bilen başladyk" - diýip, Zelenskiý Kiýewde geçirilen "Ukraina goldaw" sammitinde aýtdy. "Onlaýn we oflaýn gatnaşýan liderler biziň garaşsyzlygymyzy, territorial bitewiligimizi goldaýarlar we munuň Russiýanyň Ukraina tarapyndan sebäp berilmedik jenaýat söweşidigini hemmämiz bilýäris" diýip, Zelenskiý belledi.

Ukrainada otuz alty aýlap dowam eden söweş Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly konflikt bolup, ýurdy weýran etdi, Russiýanyň harby güýç hökmünde statusyny şübhe astyna aldy we Ýewropanyň howpsuzlyk duýgusyny pese gaçyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň urşy nädip bes etmelidigi baradaky täze diplomatik itergisi konflikte täze bir goşant goşdy. Geçen hepde Saud Arabystanynda ABŞ-Russiýa gepleşikleri Kiýewiň we Ýewropa ýurtlarynyň gyrakladylmagy we Russiýa üçin oňaýly parahatçylyk çözgüdine gelinmegi bardaky howatyrlanmalary döretdi.

Bu aladalar Ýewropa liderleriniň urşuň ýyl dönüminde eden teswirlerinde beýan edilýär.

"Bu söweşi Russiýa başlady" - diýip, Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Steinmeier Kiýewdäki sammite wideo arabaglanyşygy arkaly ýüzlendi. "Russiýa Ak Tamda gulak asylýan bolmagy mümkin, emma ol sähelçe-de kanunylyk gazanyp bilmedi" diýip, Germaniýanyň prezidenti aýtdy.

Zelenskiý Kiýewde azyndan 13 daşary ýurtly resmi bilen duşuşýar we ýyl dönümi bilen bagly senäni bellemek çäresine ýene-de 10-den gowrak ýurt ýolbaşçysynyň onlaýn gatnaşmagyna garaşylýar. Donald Trampyň ýanwar aýynyň aýagynda prezident wezipesine bellenmeginden soň Waşingtonyň syýasaty üýtgäp, ABŞ-nyň goldawynyň sorag astyna galýandygyna garamazdan, maslahatda Ukrainany goldamak meselesine hem garalýar.

"Biz şu gün Kiýewde, sebäbi Ukraina Ýewropadyr. Diri galmak ugrundaky göreşde diňe bir Ukrainanyň ykbaly howp astynda bolman, Ýewropanyň ykbaly hem howp astynda" - diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen aýtdy.

Trampyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen diplomatik gatnaşyklaryny täzeden başlamaga we Ukrainadaky urşuň bes edilmegi barada gepleşik geçirmäge taýynlygy Amerikanyň Ýewropadaky ýaranlarynyň bu işde Ýewropanyň, hatda Kiýewiň hem çetleşdirilmeginiň ähtimaldygy baradaky aladalaryny gozgady.

Putin, Ukrainada hakyky milliligiň ýa-da döwletlilik däbiniň ýokdugyny öňe sürmek bilen Russiýanyň çozuşyny aklamaga synanyşdy, şeýle-de Moskwa Ukrainany ýaragsyzlandyrmak we "nasistlerden halas etmek" üçin herekete geçendigini aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow munuň düýp sebäbine her tarap düşünmese, Ukrainadaky söweşi çözmegiň mümkin däldigini we Russiýanyň häzirki wagtda ÝB bilen gepleşikleri dowam etdirmäge zerurlyk görmeýändigini žurnalistlere aýtdy.

Urşuň ýyl dönüminde Türkiýä eden sapary wagtynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň gepleşiklere açykdygyny, emma harby kampaniýasynyň netijesiniň Russiýa üçin kanagatlanarly bolan halatynda bes ediljekdigini aýtdy.

Lawrow, köp ýurtlaryň uruş meselesindäki pozisiýalarynda has “realist” bolmagyna ynanýandygyny we Saud Arabystanynda ýakynda geçirilen duşuşygyň Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda kadaly gepleşiklere umyt döredendigini aýtdy.

Riýaddaky gepleşikler we Russiýa bilen ABŞ-nyň öz arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna bildiren umydy ABŞ bilen onuň Ýewropadaky ýaranlarynyň arasynda täze diplomatik düşünişmezliklere ýol açdy we Ýewropa liderleriniň Waşingtona eden ýüzlenmesine sebäp boldy.

"ABŞ-dan gelýän habarlara seretseň, rus beýanynyň bardygyny we gaty berk beýan edilýändigini görmek mümkin" - diýip, ÝB-niň ýokary derejeli diplomaty Kaja Kallas Brýusselde žurnalistlere aýtdy. Onuň 25-nji fewralda Waşingtona gidip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşmagyna garaşylýar.

"Meniň pikirimçe, ABŞ-nyň täze administrasiýasy bilen mümkin boldugyça köp aragatnaşyk saklamagymyz gowy bolar" diýip, Kallas aýtdy.

Kallasyň saparynyň öňüsyrasynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 24-nji fewralda Waşingtona baryp, Ak tamda Tramp bilen duşuşar. Polşanyň prezidenti Andrzej Duda geçen hepdäniň ahyrynda Tramp bilen hem duşuşdy.

Şeýle hem, Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynda Ukrainaky urşuň daşynda diplomatik gapma-garşylygyň ýüze çykjagy çak edilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ukrainadaky söweşi tamamlamak boýunça teklip etjek taslamasy Ýewropa Bileleşiginiň öňe süren taslamasyna garanda Russiýanyň giň gerimli çozuşy babatynda has gowşak tankytly dili ulanýar.

ABŞ-nyň 21-nji fewralda teklip edilen taslamasynda “Russiýa-Ukraina konfliktindäki pajygaly ýitgilere” gynanç bildirilýär we çaltlyk bilen soňuna çykmaga, uzak möhletli parahatçylyga çagyryş edilýär. Emma Russiýanyň basyp alan ýerleri agzalmaýar we Moskwa konfliktiň çeşmesi hökmünde görkezilmeýär.

Munuň tersine, Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň taslamasy "Russiýa Federasiýasynyň Ukrainadaky doly derejeli basyp alyjylygyny" görkezýär we Moskwanyň ähli güýçleriniň haýal etmezden şertsiz çykarylmagyny talap edýär.

Ukraina-Ýewropa teksti, urşy bes etmek üçin şu ýyl diplomatik tagallalary iki esse artdyrmagyň zerurdygyny nygtaýar, Russiýany basyp alyjylykda günäkärleýär we Kiýewiň "territorial bütewüligini" nygtaýar. Şeýle hem, dokument "Ukraina garşy agressiýa jogap hökmünde kabul edilen" öňki rezolýusiýalaryň hemmesini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny ýatladýar.

"Bu konflikti ortadan aýyrmak we BMG-nyň Tertipnamasyna, halkara hukugyna we Baş Assambleýanyň kararlaryna laýyklykda adalatly we dowamly parahatçylygy gazanmak üçin ähli tagallalary etmelidiris" - diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterres 24-nji fewralda Ženewada BMG-nyň Adam hukuklary geňeşinde eden çykyşynda aýtdy.

Iki tarapdan on müňlerçe esger söweşde öldi, rus goşunlary ýakynda Ukrainanyň gündogar böleginde haýal öňe gidişlige eýe boldular.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG