Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri Russiýanyň Ukraina çozmagynyň üçünji ýyllygynda Kiýewe bardylar


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen.

Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurdunyň ýolbaşçylary duşenbe güni irden - Russiýanyň Ukraina giň gerimli harby hüjümini başlamagynyň üçünji ýyl dönüminde Kiýewe bardylar.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kosta, Finlýandiýanyň, Daniýanyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň, Şwesiýanyň, Litwanyň, Latwiýanyň we başga-da birnäçe ýurduň ýolbaşçylary otly bilen Ukrainanyň paýtagtyna bardylar. Olary Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý garşy aldy.

Kiýewde Ukrainany goldamaklyga bagyşlanan forum geçirilýär. Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň beýleki liderleriniň ýygnaga wideo arabaglanyşygy arkaly gatnaşmagyna garaşylýar.

Kiýewdäki duşuşyk ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň we ÝB ýurtlarynyň köpüsiniň Ukrainadaky söweş meselesindäki düşünişmezlikleriniň fonunda geçirilýär.

ABŞ-nyň administrasiýasy iki tarapdan - Ukrainadan we Russiýadan eglişik talap edip, konfliktiň tiz gutarmagyny isleýär.

ÝB öz pozisiýasyna ygrarlydygyny, "näçe wagt gerek bolsa" Ukrainany goldamagyň zerurdygyny we Kiýewiň oňaýsyz şertnamalara goşulmaly däldigini mälim etdi.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen Ukraina ÝB-den 3,5 milliard ýewro möçberli täze kömegiň beriljegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG