Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Zelenski baradaky ýiti tankydyny gaýtalap, onuň Riýad gepleşiklerine gatnaşyp biljekdigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini tankytlap aýdýan sözlerini güýçlendirip, ýene bir gezek onuň erbet işländigini aýtdy we eger islän bolsa, şu hepde Saud Arabystanynda Russiýa bilen geçirilen gepleşiklere gatnaşyp biljekdigini nygtady.

Tramp bu sözleri 19-njy fewralda, Maýamide Saud Arabystanynyň özygtyýarly baýlyk gaznasynyň iş dolandyryjylarynyň gurnan ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy we bir gün öň Zelenskini tankytlap eden şuňa meňzeş gürrüňiniň üstüni ýetirdi.

Tramp “Truth Social” platformasynda Zelenskini “Saýlawsyz diktator” hökmünde häsiýetlendirdi we “çaltrak hereket etse gowy boljakdygyny, ýa-da onuň ýurdunyň galmajakdygyny” duýdurdy.

Ol Maýamide eden çykyşynda Zelenskiniň uruş kömegi üçin niýetlenen amerikan tagallasyny nädogry ulanýandygyny we prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyndan peýdalanandygyny öňe sürdi.

Biraz öň ol "Truth Social" platformasynda, görnüşinden Günbatar kömegini göz öňünde tutup, "Zelenski, belki-de, “ýükli otlynyň" gelip durmagyny isleýär” diýdi.

Bu sözler Zelenskiniň Trampyň Moskwa tarapyndan goldanýan "dezinformasiýa giňişliginde ýaşaýandygy" baradaky aýyplamasyna jogap bolup görünýär. Zelenski 19-njy fewral güni irden "Biz munyň Russiýadan gelýändigine düşünýäris" diýdi.

Zelenski bu sözleri Tramp ony Moskwanyň Ukraina çozmagynda günäkärleýän ýaly bolup, ukrain lideriniň ABŞ-Russiýa arasynda urşuň soňlanmagy barada geçirilen gepleşiklere çagyrylmazlygyndan şikaýat etmeginden “lapykeç” bolandygyny aýdanyndan soň aýtdy.

Zelenski tas üç ýyl mundan ozal Moskwanyň Ukraina çozmagy bilen başlanan urşy soňlamak üçin Saud Arabystanynda geçirilen ABŞ-Russiýa gepleşiklerinden edýän aladasyny gaýtalady.

Ol bir gün öň Riýadda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň "[Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putini izolýasiýadan çykarmak" maksadyndan ugur alandygyny” we geosyýasy dinamikanyň üýtgemegine getirip, Ukrainanyň howpsuzlygyna täsir edip biljekdigini aýtdy.

"Birleşen Ştatlar Putine köp ýyllyk izolýasiýadan çykmaga kömek etdi .... Putin we ruslar muňa örän begenýär" diýip, Zelenski aýtdy. “Düýn ol ýerde Russiýanyň pidadygy barada ýaňzytma boldy, bu täze bir zat" diýip, ukrain lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski gepleşikleriň geçiriljekdigi yglan edilende Ukrainanyň oňa gatnaşmak üçin çagyrylmandygyny aýtdy.

Tramp 19-njy fewral güni giçlik Maýamiden yzyna dolananda, “Howa güýçleri Birde” žurnalistlere ruslaryň "köp territoriýa alandygyny”, şu sebäpden, Ukrainadaky urşy soňlamak baradaky gepleşiklerde “olaryň kartlarynyň bardygyny" aýtdy.

Urşy soňlamak ugrundaky tagallanyň bir bölegi hökmünde Riýad gepleşiklerine itergi beren Tramp, Zelenskiniň sözlerine giňişleýin sosial media ýazgysy bilen jogap berdi we, Putiniň aýdan sözleriniň äheňinde, ýene bir gezek Ukrainada saýlaw geçirilmändigini agzady.

Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başlan giň gerimli urşy sebäpli girizilen we birnäçe gezek uzaldylan harby kanun düzgüni astynda ýaşaýan Ukraina wagtynda öz prezident saýlawyny geçirip bilmedi.

Zelenskiniň bäş ýyllyk möhleti 2024-nji ýylyň maý aýynda, mart aýynda geçirilmeli bolan saýlawlardan soň tamamlanmalydy. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmäge kanuny ygtyýarlygynyň ýokdugyny öňe sürmek bilen, Putin Ukrainanyň prezidenti bilen gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.

Kongres agzalarynyň käbiri Trampyň aýdan sözleriniň uruşda wepat bolan müňlerçe ukrainalyny kemsidýändigini aýtdy.

Senator Riçard Blumenthal (Demokrat-Konnektikut) Trampyň “özleriniň we biziň azatlygymyzy goraýan batyr erkekleriň we aýallaryň hakykatyny we pidakärligini äsgermezlik edendigini” aýtdy. “Olaryň söweşi biziň söweşimiz, prezidentiň tabyn bolmagy gynandyryjy we gowşaklyk" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Senator Kris Kuns (Demokrat-Delawer) Senatdaky beýleki respublikanlaryň Putiniň biziň hyzmatdaşymyz däldigini bilýändigini aýtdy. Köpeldilen sanksiýalar we hatda Ukraina has köp ýarag iberilmegi bilen haýbat atyp, Putinden urşy duruzmagyny talap etmese, oňa "21-nji asyryň iň uly utulan adamy" hökmünde tanalmak howpy abanýar diýip, Kuns ABŞ-nyň MSNBC ýaýlymyna aýtdy.

Ilkinji prezidentlik möhletinde Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi bolup işlän Jon Bolton Trampyň Zelenski we Ukraina babatdaky häsiýetnamasynyň "ABŞ prezidenti tarapyndan şu wagta çenli edilen iň utançly bellikler bolandygyny" aýtdy. Ol X platformasynda sözüniň üstüni ýetirip: "Biziň Ukraina berýän goldawymyz hiç haçan haýyr-sahawat meselesi bolmandy, biziň ýurt içindäki durmuş ýolumyz daşary ýurtlardaky kuwwatymyza bagly" diýdi.

Forum

XS
SM
MD
LG