Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Britaniýa ukrain ýaraglary bilen bagly çäklendirmeleri gowşatmagy ara alyp maslahatlaşýar, Russiýa duýduryş berýär


Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer we daşary işler ministri Deýwid Lammy, ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen geçiriljek gepleşikleriň öň ýanynda, 12-nji sentýabrda Maryland ştatynda ýerleşýän Andrews bilelikdäki howa bazasynda uçardan düşüp gelýär.
Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer we daşary işler ministri Deýwid Lammy, ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen geçiriljek gepleşikleriň öň ýanynda, 12-nji sentýabrda Maryland ştatynda ýerleşýän Andrews bilelikdäki howa bazasynda uçardan düşüp gelýär.

ABŞ prezidenti Jo Baýden we Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer Ukraina berlen uzak aralyk ýaraglary bilen bagly çäklendirmeleriň gowşadylmagyna özleriniň has oňyn garap başlandyklary baradaky yşaratlaryň we alamatlaryň arasynda Waşingtonda duşuşýar. Moskwa Kiýewe rus çäginiň içine zarba urmak mümkinçiliginiň berilmegine garşy berk duýduryş berýär.

Bu dawaly meseläniň Baýden we Starmer 13-nji sentýabrda Waşingtonda duşuşanda iň esasy tema bolmagyna garaşylýar. Bu duşuşykdan bir gün öň, döwlet sekretary Entoni Blinken Ýewropa syýahatyny tamamlady. Bu saparlaryň dowamynda ol Ukrainanyň we onuň ýaranlarynyň çäklendirmeleriň ýatyrylmagy boýunça eden gaýta-gaýta çagyryşlaryny diňledi.

Baýden rus çäginden atylýan raketa we dron zarbalaryny hem öz içine alýan iri rus hüjümlerine garşy Ukrainanyň öz çägini gorap bilmegi üçin, onuň ABŞ ýaraglaryndan peýdalanmagyna degişli ABŞ syýasatyna maý aýynda üýtgetme girizdi. Ýöne şonda Baýden ABŞ raketalarynyň zarba urup biljek aralygyny çäkli saklap galdy, şeýlelikde, Ukraina diňe serhede golaý sebitlerdäki nyşanalara zarba urup bilýärdi.

“The Guardian” neşiri 12-nji sentýabrda hökümet çeşmelerine salgylanyp, Londonyň Ukrainanyň “Storm Shadow” raketalaryndan peýdalanyp, rus çäginiň çuň içine zarba urmagyna ygtyýar berendigini habar berdi. Ýöne beýleki käbir britan media serişdeleri Britaniýanyň bu meselede ilki bilen Waşingtonyň rugsadyna mätäç bolup biljekdigini, sebäbi ýaragyň käbir komponentleriniň ABŞ-da ýasalýandygyny habar berdiler.

Rus prezidenti Wladimir Putin 12-nji sentýabrda Günbataryň uzak aralyk ýaraglary bilen öz ýurdunyň çägine zarba urulmagyna garşy duýduryş berip, munuň ABŞ-nyň we Britaniýanyň agzasy bolan NATO ýaranlygynyň Russiýa bilen “uruşda” bolmagyny aňladýandygyny aýtdy.

“Eger şeýle bolsa, biz hem, çaknyşygyň tebigatyndaky üýtgeşmeleri nazarda tutup, özümiziň ýüzbe-ýüz boljak wehimlerimiziň esasynda zerur kararlary kabul ederis” diýip, Putin aýtdy.

Putin ukrain harbylarynyň diňe NATO satellitleriniň maglumatlary esasynda şeýle zarbalary amala aşyryp biljekdigini hem-de diňe NATO-nyň harbylarynyň “bu raketa ulgamlary bilen uçuş tabşyryklaryny ýerine ýetirip bilýändigini” öňe sürdi.

Russiýanyň parlamentiniň aşaky öýüniň, Döwlet dumasynyň başlygy 13-nji sentýabrda Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy esassyz girişen çozuşynda NATO-ny uruşda bireýýäm tarap bolmakda aýyplady.

Wýaçeslaw Wolodin, hiç hili subutnama hödürlemezden, NATO-ny Ukrainanyň strategiýalaryny kesgitlemäge ýardam bermekde, rus nyşanalaryny saýlamakda we hatda Kiýewe buýruk bermekde aýyplady.

“Birleşen Ştatlar, Germaniýa, Britaniýa we Fransiýa (Ukraina tarapyndan) uzak aralyk ýaraglaryndan peýdalanyp, biziň ýurdumyzyň çägine zarba urmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar” diýip, Wolodin Telegramda ýazdy. “Bu olaryň öz gönümel gatnaşygyny we harby hereketini ýaşyrmak we kamuflýaž etmek synanyşygyndan başga hiç zat däl” diýip, ol belledi.

“Aslynda, Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary raketalar bilen Russiýa garşy agressiýa hereketlerini amala aşyrmak üçin, özlerine rugsat bermäge çalyşýarlar” diýip, Putiniň ýakyn ýarany bolan Wolodin aýtdy.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski soňky wagtlarda özlerine berlen ýaraglara degişli çäklendirmeleriň gowşadylmagy babatynda Kiýewiň Günbatar ýaranlaryna edýän çagyryşlaryny batlandyrdy. Zelenski Russiýanyň öz uzak aralyk ýaraglaryny Ukrainanyň ýetip biljek çäginden hem aňry geçirendigini, şonuň üçin, hüjümlere garşy Ukrainanyň özüni has oňat gorap bilmegine ýol bermek üçin, uzak aralyk ýarag mümkinçilikleriniň zerur bolandygyny aýtdy.

Russiýa dowam edýän hüjümleriň arasynda Ukrainanyň gündogarynda has köp territoriýalary ele geçirýär. Şeýle-de, ol II Jahan urşundan bäri öz çägine ilkinji gezek çozuş amala aşyrylmagynyň, Ukrainanyň garaşylmadyk ýagdaýda Russiýa girmeginiň yz ýany, Ukraina tarapyndan ele geçirilen rus territoriýalaryny hem yzyna alyp başlady.

Blinkeniň Ýewropa amala aşyran saparynyň soňky gününde, 12-nji sentýabrda Polşanyň daşary işler ministri Radek Sikorski ABŞ-nyň döwlet sekretaryna Ukrainanyň özüni gorap bilmegi üçin has oňat mümkinçiliklere mätäç bolandygyny, sebäbi Moskwanyň “raýat desgalaryna hüjüm edip, uruş jenaýatlary bilen meşgullanýandygyny” aýtdy.

“Raýat desgalaryna zarba urýan bu raketalar Russiýanyň territoriýasynyň üstünden, bomba söweş uçarlaryndan ot açylýar. Bombalaýjy uçarlar Russiýanyň çägindäki howa bazalaryndan asmana göterilýär” diýip, Sikorski aýtdy.

“Agressiýanyň pidasynyň özüni goramaga haky bar” diýip, ol belledi.

Beýleki ýewropa liderleri hem birmeňzeş teswirler bilen çykyş etdiler.

Blinken Warşawada geçiren metbugat ýygnagynda “Russiýanyň edýän zatlary üýtgänsoň, söweş meýdany üýtgänsoň, biz hem uýgunlaşýarys” diýip, 11-nji sentýabrda Kiýewde aýdan belliklerini gaýtalady.

Ol özüniň Ukraina amala aşyran saparynyň esasy maksatlarynyň biri hem, “biziň ukrain hyzmatdaşlarymyzyň häzirki söweş meýdanyndan, şol sanda gündogar Ukrainadaky we ýurduň beýleki sebitlerindäki söweş meýdanlaryndan baş alyp çykmakda özlerine nämeleriň zerur bolandygyna ynanýandyklary barasyndaky gürrüňleri eşitmekden” ybaratdy diýdi.

“Men size mundan beýläk hem şu wagta çenli edişimiz ýaly etjekdigimizi, ýagny rus agressiýasyna garşy göreşmek üçin, biziň zerur boldugyndan uýgunlaşjakdygymyzy aýdyp bilerin” diýip, Blinken aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG