Azerbaýjan milli awiakompaniýanyň ýolagçy uçary Gazagystanda heläkçilige uçranyndan bir gün soň, 26-njy dekabrda milli ýas gününi belledi. "Azerbaýjan Howaýollarynyň" uçarynyň bortundaky 67 adamyň 38-si wepat boldy. Gazak häkimiýetleri uçardaky 29 adamyň aman galandygyny aýtdylar.
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdan Russiýanyň Çeçenistan sebitindäki Grozny şäherine barýan “Embraer 190” uçary, adatdan daşary ýagdaý sebäpli, Gazagystanyň günbataryndaky Aktau şäheriniň golaýynda gonmak synanyşygyny etdi diýip, uçar kompaniýasy aýtdy.
Azeri we gazak häkimiýetleri uçar heläkçiliginiň gümürtik bolmagynda galan sebäbini anyklamak üçin derňew işine başladylar. Resmiler uçaryň bort ýazgysynyň elýeterli edilendigini, dikeldilendigini aýtdylar.
J2-8243 reýsinde 42 azerbaýjan raýaty, 16 sany rus raýaty, alty sany gazak we üç sany gyrgyz raýaty uçup barýardy diýip, resmiler aýtdylar.
Gazagystanyň wise-premýeriniň orunbasary, gazak hökümetiniň bu hadysany derňemek üçin döreden ýörite toparynyň başlygy Kanat Bozymbaýew heläkçilikde ölenleriň köpüsiniň şahsyýetiniň, jesetleriň güýçli ýanmagy sebäpli, bada-bat kesgitlenip bilinmändigini aýtdy.
Bozymbaew diri galan 29 adamyň ortaça agyrlykdan agyr ýagdaýa çenli ýaralanandygyny, köpüsiniň uly ýangyndan ejir çekendigini aýtdy.
Gazagystanyň Saglyk ministrliginiň maglumtyna görä, ýaralananlaryň arasynda azyndan iki çaga çaga bar, 11 adam reanimasiýa, agyr näsaglar bölümine ýerleşdirildi.
Diri galanlaryň arasynda dokuz sany rus raýaty hem bolup, olar 26-njy dekabrda Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi tarapyndan Moskwa uçuryldy.
Russiýanyň saglygy goraýyş edaralarynyň habar bermegine görä, diri galan üç adamyň ýagdaýy agyr.
“Azerbaýjan Howaýollary”, betbagtçylygyň derňewine garaşmak bilen, Bakuwdan Çeçenistana uçýan uçarlarynyň ählisini togtadýandygyny aýtdy.
Russiýanyň “Interfaks” habar gullugy resmileriň sözlerine salgylanyp, 2013-nji ýylda işe girizilen uçaryň oktýabr aýynda abatlaýyş barlagyndan geçendigini, pilotyň 15,000-den gowrak uçuş sagady bilen “uly tejribä” eýe bolandygyny aýtdy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew GDA-nyň, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa edýän saparyny gysgaldyp, uçar heläkçiliginiň sebäbini kesgitlärden entek irdigini, ýöne bu waka howa şertleriniň ýaramaz bolmagynyň täsir edip biljekdigini aýtdy.
"Maňa berlen maglumatlara görä, howa şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli, uçar Baku bilen Groznynyň arasyndaky ugruny üýtgetdi we heläkçilige uçramazyndan öň Aktau howa menziline tarap ugradyldy" diýip, ol aýtdy.
Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy "mümkin bolan ähli ýagdaýlaryň gözden geçirilýändigini" aýtdy.
Forum