Marynyň merkezi şäheriniň ýaşaýjylary häkimiýetleriň tomsuň jokrama yssy günlerinde sebitdäki suw çüwdürimleriniň aglabasyny işletmezligine nägilelik bildirýärler.
Häkimiýet wekilleri munuň sebäbini suw çüwdürimleriniň turbalarynyň hatardan çykandygy bilen düşündirýärler. Ýöne ýaşaýjylar muny ýurtda ilatyň suw we elektrik üpjünçiligindäki dowam edýän problemalar bilen baglanyşdyrýarlar.
“Ýaşaýjylar, şol sanda garrylar we ýaş çagaly eneler suw çüwdürimleriniň golaýynda agşamara dynç alýan ýerlerinden mahrum edilýärler. Fontanlar suwsuz, gurak boşap durandygy sebäpli, olar agşamara arassa howada salkynlap bilmeýärler” diýip, şäher ýaşaýjysy anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Işi togtadylan suw çüwdürimleri Mary şäheriniň A.Niýazow köçesindäki onlarça köp gatly jaýyň meýdançalarynda, şeýle-de şäheriň 1-nji etrapçasyndan tä 3-nji etrapçasyn çenli aralykdaky köp gatly jaýlaryň arasynda ýerleşýär.
Ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, gurak klimatly Türkmenistanyň yssy howa şertleri göz öňünde tutulyp, sowetler döwründe we garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan bu suw çüwdürimleri onýyllyklaryň dowamynda işledilip gelinýärdi.
“Ýöne soňky birnäçe ýylyň dowamynda bularyň işi, hususan-da tomus aýlarynda, togtadylýar. Öň bular ýaşaýjylary bir ýere jemlärdi. Fontanlaryň daş-töweregi ýaşaýjylaryň termosda çaý demläp, palas ýazyp, üýşüp oturýan ýerine öwrülýärdi” diýip, başga bir ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.
Sebitde suw çüwdürimleri bilen bir hatarda, olaryň golaýyndaky krantlaryň suwy hem kesildi. Ýaşaýjylar suw çüwdürimleriniň we krantlaryň işlemezliginiň daş-töwerekdäki baglaryň guramagyna getirýändigini hem aýdýarlar.
Ýerli häkimiýetler suw çüwdürimleriniň we krantlaryň işledilmezliginiň sebäbi barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.
Ýöne Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri ýaşaýjylara dilden berýän maglumatlarynda munuň sebäbini suw çüwdürimleriniň turbalarynyň hatardan çykandygy bilen düşündirýärler.
“Suw turbalary çüýräp, içi biten we suw nasoslary hem hatardan çykyp, diwarlary jaýrylan. Abatlaýyş işleriniň geçirilmelidigi barada ýokardan buýruk ýok” diýip, ýerli ýaşaýjy Öý dolandyryş müdirliginiň bir işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.
Ýöne ýaşaýjylaryň käbiri müdirligiň berýän düşündirişine ikuçly seredip, muny ýurtda ilatyň suw we elektrik üpjünçiligindäki dowam edýän problemalar bilen baglanyşdyrýarlar.
Azatlygyň bu barada Marynyň welaýat we şäher häkimliklerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýöne bu waka, Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa ýetýän mahaly, ilatyň agyz suw we elektrik üpjünçiliginde bökdençlikleriň dowam edýän mahalyna gabat geldi.
Türkmenistanda tomus aýlarynda suw çüwdürimleriniň işledilmezligi soňky ýyllarda adaty tejribä öwrülýär.
Geçen ýylyň awgustynda Mary şäher häkimliginiň birnäçe işgäri anonim şertde beren maglumatynda bu çäräni “häkimiýetleriň suw we elektrik tygşytlamak tagallalary bilen” düşündiripdi.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda tassyklanan maglumata görä, Aşgabat jemgyýetçilik ýerindäki suw çüwdürimleriniň sany boýunça Ginnes rekordlar kitabyna girdi.
Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende suwy iň köp sarp edýän ýurtlaryň biri hasaplanýar. BMG-niň Azyk we Oba hojalygy edarasynyň 2021-nji ýylyň sentýabrynda çap eden hasabatynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krizis derejesine ýetendigi mälim edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum