Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň mekdep okuwçylary okuw ýylynyň başynda berlen prezident noutbuklaryny henizem ulanyp bilmeýärler


Okuwçy prezidentiň adyndan sowgat berlen noutbugyň öňünde otyr. Birinji synp okuwçylaryna 2011-nji ýyldan bäri prezidentiň sowgady hökmünde noutbuklar berilýär. Türkmenistan (Arhiwden surat)
Okuwçy prezidentiň adyndan sowgat berlen noutbugyň öňünde otyr. Birinji synp okuwçylaryna 2011-nji ýyldan bäri prezidentiň sowgady hökmünde noutbuklar berilýär. Türkmenistan (Arhiwden surat)

Türkmenistandaky mekdepler Täze ýyl dynç alyşyndan soň okuwyny dowam etdirdi, mekdep okuwçylary üçin okuw ýylynyň ikinji ýarymy başlandy. Muňa garamazdan, Türkmenabatdaky birinji synp okuwçylary okuw ýylynyň başynda prezidentiň adyndan özlerine sowgat diýlip, paýlanan noutbuklaryny henizem görmediler.

Okuw ýylyň ýarysynyň geçmegi bilen Türkmenabatdaky orta mekdepleriň birinji synp okuwçylarynda prezidentiň sowgady hökmünde sentýabrda özlerine berlen şahsy noutbuklaryny ulanmak beýlede dursun, hatda görmäge-de mümkinçilik bolmandyr.

Türkmenabatly mekdep okuwçylarynyň ene-atalarynyň sözlerine görä, sentýabrda çagalara noutbuk sowgat berlendigi barada telewizorda görkezilip, habar berlenden soň, olar mekdeplerde çagalara paýlanypdyr we dessine ýygnalyp alnypdyr, şondan bäri bu enjamlary ne çagalar, ne-de olaryň ene-atalary görüpdir.

“Döwlet metbugatynda Türkmenabatdaky we etraplardaky mekdepleriň birinji synp okuwçylaryna prezidentiň adyndan noutbuk berlendigi barada habar hemmeleriň ýadyna düşýär. Ýöne çagalarymyz bu noutbuklary diňe 1-nji sentýabrda gördüler. Olara noutbuklary açmaga-da, işletmäge-de rugsat berilmedi" - diýip, Türkmenabatdaky mekdepleriň birinden mekdep okuwçylarynyň ejesi aýdýar.

Başga bir mekdepde kompýuterler hatda daşyndaky gutusyndan hem çykarylmandyr. Noutbuklar gutusy bilen birnäçe gün partalarda durup, soň ýygnalypdyr.

"4-nji sentýabrda, dynç günlerinden soň, mugallym heniz açylmadyk noutbuklary ýygnady. Şondan bäri hiç kim kompýuterini görmedi. Eýýäm üçünji çärýek başlandy, emma çagamyz noutbukyny entek açyp hem görmedi" - diýip, çagasy mekdepleriň birinde okaýan lebaply ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Ene-atalaryň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda çagalara berlen noutbuklar, “Turkmensenagat” agentliginiň "Aýdyň Gijeler" atly bilelikdäki kärhanasy tarapyndan ýurduň özünde öndürilen önüm. Noutbuklaryň sentýabrda çagalara paýlanmazdan ozal her bir okuwçynyň ene-atasy birnäçe resminama gol çekmeli bolupdyr.

Birinji klas okuwçylary özleri üçin niýetlenen noutbuklary ulanmaga örän höwesli bolup, olary ulanmak üçin rugsat berilmegine henizem garaşýarlar.

"Çagalar noutbuklarynyň haçan beriljekdigini tükeniksiz soraýarlar we mugallymyň hemişe öz soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürýändiklerinden zeýrenýärler" - diýip, türkmenabatly okuwçynyň kakasy aýdýar.

Türkmenistanda birinji synp okuwçylaryna prezidentiň adyndan sowgat hökmünde noutbuk gowşurmak däbi 2011-nji ýyldan bäri dowam edýär. 2017-nji ýyla çenli çagalara berilýän noutbuklar hökümetiň karary bilen Hytaýdan satyn alynýardy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň metbugaty ýurduň özünde kompýuter önümçiligini başlanandygyny habar berdi.

Resmi metbugatda habar berlişi ýaly, kompýuterler okuwçylara şahsy peýdalanmak üçin sowgat hökmünde berilýär. Emma mundan ozalky ýyllarda ene-atalar we mekdep mugallymlary okuwçylaryň noutbuklary üçin olaryň ene-atalaryndan pul alynýandygyny we şol bir wagtyň özünde noutbuklaryň mekdepde galdyrylmaly edilýändigini birnäçe gezek habar beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we ýurduň jemgyýetçilik durmuşyny kompýuterleşdirmek, şeýle hem ilatyň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak meselesine uly ähmiýet berýändigini resmi taýdan yglan etdiler.

Bu aralykda, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolan döwründäki çykyşlarynyň birinde kompýuterleriň, planşetleriň we telefonlaryň çagalaryň, ýetginjekleriň we dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyna zyýanlydygyny öňe sürüpdi.

2020-nji ýylda ýurduň özünde telewizor we smartfon ýaly ösen tehnologiýalaryň önümçiligini hem ýola goýandygy habar berildi. Ýöne ýuduň içinde öndürlen şol önümleriň hiliniň pesligi we ilatda olary satyn almak islegleriň ýoklugy sebäpli ýurduň ýolbaşçysynyň görkezmesi bilen döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleri bu önümleri satyn almaga borçly edilipdi.

Türkmen prezidenti ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmagy tabşyrdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:20 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG