Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidentiniň birinji gezek mekdebe barýan körpeler üçin sowgady hemmä ýetmedi. WIDEO


Birinji klass okuwçysy, Aşgabadyň orta mekdebi (arhiw suraty)
Birinji klass okuwçysy, Aşgabadyň orta mekdebi (arhiw suraty)

Türkmenistanda birinji gezek mekdebe barýan körpeler üçin niýetlenen prezidentiň sowgady - noutbuk kompýuterler şu ýyl ýurduň onlarça mekdebinde paýlanmady.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň, birnäçe çeşmesiniň we ene-atalaryň aýtmagyna görä, şu ýyl noutbuk kompýuterler Aşgabadyň azyndan 15 mekdebinde, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň azyndan bäş orta mekdebinde, Lebap we Mary welaýatlarynyň ençeme mekdebinde okuwçylara berilmändir.

"Marynyň Sakarçäge, Tagtabazar etraplarynda we Lebabyň Dänew we Kerki etraplarynda wada berlen noutbuklary şu ýyl paýlamadylar. Bilim bölümlerinde mugallymlara we ene-atalara olaryň getirilip ýetişmediklerini aýtdylar. Emma olar muňa ynanmaýarlar, asla getirilmejeginden howatyrlanýarlar" diýip, söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu magumaty häzirlikçe resmi taýdan tassykladyp bilmedi.

Türkmenistanda birinji klasa barýan çagalara komýuterleri paýlamak däbi 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli dowam etdirilýär. Noutbuk kompýuterler prezidentiň adyndan sowgat hökmünde körpelere paýlanýar.

Türkmen hökümeti noutbok bilen bagly meseläni 30-njy awgustda geçiren maslahatynda gozgady. Döwlete we hökümete baştutanlyk edýän Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň senagat pudagynda ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmak barada sözlän sözüniň dowamynda kompýuteriň nusgasy bilen tanyşdy. Muny görkezen döwlet telewideniýesinde jikme-jik maglumat berilmedi.

Türkmen prezidenti ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmagy tabşyrdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:20 0:00

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň özünde kompýuterleriň önümçiliginiň ýola goýlandygy habar berlipdi. Bu barada türkmen hökümetiniň 2018-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanyp, 5-nji iýulda geçirilen giňeldilen maslahatynda aýdylypdy. Şonda käbir media maglumatlarynda Türkmenistanda öndürlen kompýuterleriň sanynyň 100 müňdigi habar berildi.

Şu ýyl okuwçylara paýlamak üçin niýetlenen noutbuklaryň sany resmi taýdan mälim edilmedi. 2017-nji ýylda ýurduň hökümeti okwuçylar üçin 140 müňden gowrak noutbukyň Hytaýdan satyn alynjagyny aýdypdy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary noutbuklaryň okuwçylara hususy ulanylyş üçin sowgat berilýändigi aýdýar, emma çagalaryň ene-atalary we mekdep mugallymlary okuwçylara berilýän noutbuklar üçin pul alynýandygy we çagalaryň özlerine berilýän kopýuterleri mekdepde galdyrmaga mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine, soňky aýlarda Türkmenistanda mekdep mugallymlaryndan noutbuk satyn almak we kompýuter ulanmagy öwrenmek talap edilýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary we habar serideleri şu günki gün ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we jemgyýetiň sosial durmuşynyň kompýuterleşdirilmegine, şeýle-de ilatyň kompýuter ugrundan sowatly bolmagyna ilkinji derejede üns berilýändigini aýdýarlar.

Emma ýurtda internet hyzmatlarynyň elýeterliligi we üpjünçilik derejesi pesligine galýar.

Internetiň ulanylyş derejesi boýunça barlag geçirýän halkara guramalarynyň hasabatlarynda türkmen hökümetiniň internetden peýdalanmak ukybyna pes baha berilýär. Ýaňy-ýakynda türkmen hökümeti BMG agza 193 ýurduň arasynda Twitter sosial ulgamynda resmi hasaby bolmadyk alty sany dünýä ýurdunyň hataryna girdi.

Şeýle-de Türkmenistan dünýäde interneti iň ýiti çäklendirýän döwletleriň hatarynda galýar.

ABŞ-da internet hyzmatlary boýunça ýöriteleşen “Akamai Technologies” guramasynyň dünýä ýurtlarynda internetiň ulanylyşy we elýeterliligi boýunça barlaglar esasynda noýabr aýynda çap eden hasabatynda, Türkmenistan öz ilatynyň Internet elýeterliligini 20 prosentden hem aşakda saklaýan ýurtlaryň arasynda agzalýar.

XS
SM
MD
LG