Türkmenistanda raýatlaryň arasynda daşary ýurt döwletlerine hemişelik göçmek meýilleri saklanyp galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we beýleki sebitlerinde bolup geçýän emigrasiýa tolkunlaryny öwrenýär.
Etniki gelip çykyşy rus milletinden bolan türkmenistanly raýatlaryň Russiýa Federasiýasyna köpçülikleýin emigrasiýasy dowam edýär.
Şäher ýerlerinde we etrap merkezlerinde rus maşgalalarynyň sany kemelýär, edara-kärhanalarda etniki rus hünärmenleri azalýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabat şäherinde 44 kwartiraly bir köp gatly jaýda ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş boldy.
“Mundan bäş ýyl ozal, şu köp gatly jaýyň her bir girelgesinde azyndan iki-üç sany etniki rus maşgala ýaşaýardy. Häzir 44 öýli köp gatly jaýda ýekeje-de rus maşgala galmady” diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berýär.
Türkmenistanda etniki ruslaryň ýurdy köpçülikleýin terk edip, Russiýa Federasiýasyna göçüp gitmegi 1990-njy ýyllaryň başlarynda, Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany, köpçülikleýin häsiýete eýe bolup başlady.
“Her bir edara-kärhanada rus milletinden bolan hünärmenler bardy. Işgärler bölümlerinde, maliýe bölümlerinde, ýa-da hasapçy, gaznaçy ýaly hünärlerde rus zenanlary işleýärdi. Häzir edara-kärhanalarda rus milletli işgär galmady” diýip, beýleki bir türkmenabatly aýdýar.
Russiýa hemişelik göçýän türkmenistanly raýatlar Aşgabatdaky rus konsullygyna ýüz tutup, Russiýanyň daşary ýurtlarda ýaşaýan rus watandaşlaryna gönükdirilen göçüş maksatnamasynyň çäklerinde, ýa-da beýleki ýüz tutmalar boýunça wiza alýarlar we ýaşaýyş rugsatnamasyny alýarlar. Soňra rus raýatlygyna ýüz tutýarlar.
Türkmenabatdan Russiýa hemişelik göçmäge taýýarlyk görýän bir rus zenany Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde, emigrasiýa kararynyň aňyrsynda ýatan sebäpleri düşündirdi.
“Biz çagalarymyzyň geljegi üçin Russiýa göçüp gidýäris. Meniň özüm Türkmenistanda doguldym, ýöne çagalarymyzyň bilim mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Russiýa döwletine göçüp gitmegi kararlaşdyrdyk” diýip, rus zenany aýdýar.
Lebap welaýatynyň sebit merkezinde etniki rus maşgalalarynyň taşlap gidýän ýaşaýyş jaýlary etraplardan Türkmenabat şäherine göçýän ýerli ýaşaýjylar tarapyndan satyn alynýar.
Russiýa özüniň Ukrainada dowam etdirýän urşunyň fonunda, daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna, şol sanda öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň raýatlaryna rus raýatlygyny bermek prosesini sadalaşdyrdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary noýabryň başlarynda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndaky wiza ýüz tutmalary, Russiýa gitmäge ýykgyn edýän türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada habar berdi.
Russiýada 30 müňden gowrak türkmenistanly student ýokary bilim alýar. Şol bir wagtda, 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkiýäniň türkmenistanly raýatlara wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagynyň yz ýany, Russiýa zähmet migrasiýasyna çykýan türkmenistanlylar üçin hem esasy ugurlaryň birine öwrülip başlady.
Ýöne Türkmenistanda dowam edýän syýasy we durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda beýleki daşary ýurt döwletlerine göçmäge isleg bildirýän türkmenleriň sany egsilmeýär.
“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Özbegistan bilen serhetleşýän sebitlerinde goňşy ýurda hemişelik göçmäge isleg bildirýän raýatlaryň köpelýändigini habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy lebaply maşgalalaryň arasynda Demirgazyk Kipr ülkesine göçýän raýatlaryň hem bardygyny habar berýär.
Kipr adasynda ýerleşýän Demirgazyk Kipr territoriýasy diňe Türkiýe tarapyndan ykrar edilýär.
“Türkmen maşgalalarynyň arasynda öz jaýyny, mülküni we emlägini satyp, Demirgazyk Kipr ülkesine hemişelik ýaşamaga gidýän adamlar köpelýär” diýip, bir türkmenabatly aýdýar.
Ozalky ýyllarda türkmenleriň zähmet migrasiýasynyň esasy ugurlary Türkiýe bilen bir hatarda Demirgazyk Kipr ülkesini hem öz içine alýardy.
“Demirgazyk Kiprde işleýän lebaply türkmenler Türkmenistana dolanyp, emläklerini satuwa çykarýarlar we çagalaryny hem ýanlaryna alyp yzyna dolanýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Şeýle-de, Lebap welaýatyndaky käbir syýahatçylyk gulluklary Kipre syýahat wizasynyň çykarylmagyna ýardam berýän hyzmatlary hödürleýär.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň ozal beren maglumatlaryna görä, 2009-2019-njy ýyllar aralygynda 2 million çemesi türkmenistanly daşary ýurt döwletlerine emigrasiýa çykdy.
Türkmenistanyň hökümeti we migrasiýa edaralary ilat arasynda saklanyp galýan daşary ýurt meýilleri, emigrasiýa tolkunlary boýunça resmi düşündiriş ýa-da beýanat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum