Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidentiniň Moskwa saparyndan soň goşa raýatlygy bar adamlara pasport berlip başlandy


Türkmenistanyň raýatynyň pasporty
Türkmenistanyň raýatynyň pasporty

Türkmenistanyň raýaty bolmak bilen wagtda Russiýanyň hem raýatlygyny alan türkmenistanlylar ençeme ýyl bäri türkmen daşary ýurt pasportyny almakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary ýagdaýyň birden üýtgändigini we goşa raýatlykly adamlaryň indi daşary ýurt pasportlaryny alyp biljegini bilip galandygyny habar berýär. Bu mümkinçilik prezident Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa eden resmi saparyndan soň döräpdir.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy goşa raýatlykly adamlar üçin biometrik pasportyny almak üçin ýüz tutmak mümkinçiliginiň dörändigini 20-nji iýunda habar berdi. Bu mümkinçilik 2003-nji ýyldan soň Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan we ýurtlaryň arasynda goşa raýatlyk baradaky şertnamanyň ýatyrylmagyndan soň 19 ýyllap türkmen pasportyny alyp bilmedik Türkmenistanyň raýatlaryna degişli.

Häzirki wagtda Migrasiýa gullugy 2003-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli wagt aralygynda Russiýanyň raýatlygyny alan Türkmenistanyň raýatlaryndan pasport bermek üçin arzalary kabul edýär diýip, habarçymyz aýdýar.

"Resminamalaryny tabşyranlara bir aýyň içinde pasport bermek wada berilýär. Ilkinji gezek alanlar 43 dollar töleýärler. Dollary diňe gara bazardan satyn alyp bolýar. Pasportlaryny täzeleýänler tölegi manatlarda töleýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy 20-nji iýunda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, pasport üçin baranlar migrasiýa gullugynyň işgärleriniň "adaty bolmadyk" derejede mylakatlylygyna geň galdylar.

Şeýle-de habarçy pasport üçin arza tabşyrýanlaryň köp däldigini belläp, munuň köpçüligiň belki habarsyzdygyny, ýa-da eýýäm ýurtdan göçüp giden bolmagynyň ähtimaldygyny çak edýär.

Rus raýatlygyna eýe bolan türkmen raýatlary, Serdar Berdimuhamedowyň prezident hökmünde ilkinji resmi saparyny Russiýa Federasiýasyna edip, Moskwa baryp gaýtmagyndan soň daşary ýurt pasportlaryny alyp boljakdygyny bilip galypdyr.

Goşa raýatlyk meselesi onlarça ýyl bäri ýurtlaryň arasynda jedelleriň döremegine sebäp bolupdy.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda goşa raýatlyk düzgüni 10 ýyl bäri bardy we 2003-nji ýylyň aprelinde ýatyrylypdy. Ylalaşyk ýatyrylansoň, Russiýa Türkmenistanyň raýatlaryna raýatlyk bermegini dowam etdirdi. Türkmenistanyň hökümeti 2003-nji ýyldan soň Russiýanyň raýatlygyny alanlara pasport bermekden ýüz öwürdi, şol bir wagtyň özünde-de öz hereketlerine resmi düşündiriş bermedi.

2019-njy ýylyň tomsunda, on ýyllyk arakesmeden soň, Türkmenistanyň migrasiýa gullugy goşa türkmen-rus raýatlygy bolan raýatlaryň pasport sorap eden arzalaryny kabul edip başlady. Emma diňe käbir kategoriýalar, şol sanda çagalar we garrylar, Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurt pasportyny alyp bildiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, köp ýyllaryň dowamynda goşa raýatlykly adamlaryň köpüsine pasport berilmedi we olara garaşmak maslahat berildi. Bu şertlerde Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän köp sanly türkmenistanly rus raýatlygyny saklap, türkmen raýatlygyndan ýüz öwürmek kararyna gelmäge mejbur boldy.

Azatlygyň habarçylary raýatlykda çykmak üçin arza tabşyran adamlaryň ençemesiniň häzir proseduranyň tamamlanmagyna garaşýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, bu aralykda Migrasiýa gullugy goşa raýatlykly adamlara türkmen pasportyny almak üçin türkmen raýatlygyndan ýüz öwürmegiň hökman däldigini düşündirýärler we raýatlykdan ýüz öwürmek hakyndaky arzasyny yzyna almagy maslahat berýärler.

"Indi olar türkmen raýatlygyndan boýun gaçyrmak barada arza ýazan we jogaba garaşýan adamlaryň arzalaryny yzyna alyp biljekdigini düşündirýärler. Ýöne hakykat, adamlar raýatlykdan çakmak üçin registrasiýadan we harby sanawdan çykmaly bolupdy, şonuň üçin indi raýatlykdan çakmak hakyndaky arzany ýatyrmak üçin ýene-de gaýtadan registrasiýa edilmeli we harby hasaba durmaly" diýip, habarçy türkmen raýatlygyndan ýüz öwürmekçi bolan adamlaryň köpüsiniň muňa ýurduň daşyna gidip-gelmek üçin ýeke-täk mümkinçilik hökmünde baş goşmaly bolandygyny belledi.

Onlarça ýylyň dowamynda Türkmenistanyň migrasiýa gullugy goşa raýatlykly adamlara türkmen pasportlaryny bermekden ýüz öwürdi we Russiýanyň raýatlygyndan ýüz öwürmegi talap edip geldi.

"Indi köpler öň Russiýanyň raýatlygyndan ýüz öwürmezden pasport beren bolsalar, köpleriň doglan ýurduny terk etmejekdigini aýdýarlar" -diýip habarçy belledi.

Ykdysady krizisiň we sosial kynçylyklaryň barha erbetleşýän wagtynda, Türkmenistany terk edýän ilatyň sany görlüp-eşidilmedik derejede köpeldi. Koronawirus pandemiýasy ýurduň daşyna migrasiýa akymyny haýallatdy. Bu aralykda, türkmenistanlylar Russiýa göçüp gitmek üçin hukuk almaga howlukdy.

Ilatyň ýurduň daşyna köpçülikleýin gitmeginiň fonunda türkmenistanlylaryň daşary ýurt pasportlaryna eýe bolmak islegleri ýokary bolmagynda galýar. Bu döwürde ilatyň ep-esli bölegi möhleti geçen pasportlaryny täzeläp bilmän ýurduň daşynda kösenýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa meselelerini resmi taýdan agzamaýar, demografiýa we migrasiýa prosesleri barada resmi sanlar çap etmeýärler.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkmenistanyň demografiki krizisiň bosagasynda durandygyny, 2019-njy ýylyň başyna çenli 10 ýylyň dowamynda 2 milliona golaý adamyň Türkmenistany terk edendigini, şeýle-de ýurtda 2,7 million çemesi adamyň galandygyny aýdýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG