Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Temmäki çäklendirmeleri 'Türkmen çiliminiň' talabyny artdyrýar. Lukmanlar onuň saglyk howplary barada duýdurýar


Gury otlardan ýasalan çilim
Gury otlardan ýasalan çilim

Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmegi wada berýän türkmen häkimiýetleri, bu ugurda diňe çilimiň söwdasyny ýiti çäklendirmek, salgytlary artdyrmak, çilimkeşlere basyş etmek ýaly gadagan ediji düzgünleri amal edýärler.

Türkmen hökümetiniň bir taraply görnüşdäki bu tagallalarynyň arasynda, temmäki önümlerine bolan garaşlylygy azaltmak boýunça çäreler, çilime alternatiwalar, maslahat we hemaýat beriş merkezleri göze ilmeýär.

Habarçylarymyz türkmen resmileriniň temmäkini azaltmak wadalarynyň kagyz ýüzünde galýandygyny, arzan çilim gözleginde dükanlary aýlanýan adamlaryň kemelmeýändigini, hat-da uly klas mekdep okuwçylarynyň arasynda hem çilimkeşligiň köpelýändigini belleýärler.

Bu günler ýurduň döwlet dükanlarynda bir gutusy 55 manatdan bahalanýan çilim satuwda bar. Hususyýetçilerde Eýrandan we Özbegistandan getirilen has gowy hilli çilimler 60-80 manat aralygynda satylýar. Emma çilim endigini goýup bilmeýän raýatlaryň köpüsi, dowam edýän agyr ykdysady krizis sebäpli bu nyrhlaryň özlerine elýeterli däldigini aýdýarlar.

“Meniň aýlygym 1 müň 500 manat. [Ykdysady krizis sebäpli] gündelik çöregimiz alada bolup duran mahaly, her gün çilime ortaça 100 manat harçlap bilmeýärin. Emma bu endigi ýeke başyma hem goýmagy başarmaýaryn. Resmileriň seniň çekýän jepaň bilen işleri ýok, olaryň bar bilýäni gadagan etmek” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Ol bu ýagdaýlarda aglaba çilimkeşleriň her dürli guran otlardan ýasalan, ilat arasynda ‘türkmen çilimi’ atlandyrylýan önümi satyn almagy saýlaýandyklaryny belledi.

"Türkmen çilim" diýlip satylýan önüm
"Türkmen çilim" diýlip satylýan önüm

“Hususy dükanlarda çilim görnüşli bu önümiň biriniň bahasy 1 manat. Dogrusy, onuň içine haýsy otlaryň garylandygyny bilmeýärin. Emma onuň ajymytyk tagamy bar. Onuň tüssesi hem gaty üsgürdýär, başyňy aýlaýar. Emma başga alajymyz ýok. Eger-de häkimiýetler bu endikden saplanmak üçin şertleri döreden bolsalardy, höwes edip çilimkeşlikden saplanardym. Ýöne häzirki ýagdaýlarda 30 ýyllyk endigimi, ýeke başyma tarsa goýup bilmeýärin” diýip, 50 ýaşlarynyň ortasyndaky bilim işgäri gürrüň berdi.

Lukmanlar näbelli otlardan öý şertlerinde ýasalan bu önümiň soňy bilen agyr saglyk ýagdaýlaryny döredip biljekdigini duýdurýarlar. Habarçymyzyň söhbetdeş bolan medisina işgäri ‘türkmen çilimi’ diýilýäni sebäpli öýken näsazlygy, şol sanda sarygetirme, inçekesel ýaly nähoşluklara ýolugýan adamlaryň köpelýändigini aýtdy.

“Bu ýasama çilimler hususy dükanlarda, bazarlarda açyk satylýar. Arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gulluklary hem olaryň düzümini barlajak, seljerjek bolup azara galmaýarlar. Golaýda, iki ýyl çemesi bu önümi çeken bir raýat, öýken boşlugyndaky agyrlar sebäpli keselhana ýüz tutdy. Barlagda onuň öýkeninde ençeme gara tegmilleriň emele gelendigi anyklandy. Onda sarygetirme hem döräp başlapdyr. Lukman hökmünde, nämedigi belli bolmadyk bu önümlerden gaça durmagy maslahat berýärin. Munuň juda agyr saglyk netijeleri bolup biler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen lukman belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça ýurduň Saglyk ministrliginden, söwda edaralaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG