Şu günler Mary welaýatyndaky hususy dükanlarda gutusyz, däneläp satylýan arzan çilimler peýda boldy. Bu çilimiň kimler tarapyndan hususy söwda goýberilýändigi belli däl. Ýöne ykdysady kynçylyklar sebäpli gurpdan düşen ilatyň arasynda oňa bolan talap uly. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, hususy dükanlarda bu çilimleriň bir dänesi 3 manatdan satylýar. Bu beýleki çilmlerden 1 - 1,50 manat arzan bolup, galan çilimler 4 - 4,50 manat bahalanýar.
"Bu çilimden näçe aljak diýseň bar, emma onuň daşynyň gaby ýok. Sary tegmilli bu çilim eliňden ýere gaçsa, ýyrtylyp, kagyzy bölünýär. Ol suwuň içinde goýlup, soň guradylyp satylýana meňzeýär ýa-da üstünden suw geçen bolmaly diýip çaklanylýar" diýip, maryly çilimkeşleriň biri anonimlik şertinde 19-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyzyň sözlerine görä, ilat arasynda bu çilimiň hili we nähili şertlerde öndürilendigi babatynda şübheler bolsa-da, ykdysady kynçylyklar sebäpli gurpdan düşen ilatyň arasynda oňa bolan talap az däl.
"Halkyň ýagdaýy bolman, 4 - 4,50 manat berenimden diýip, 3 manatlyk çilimi alýan adamlar kän. Ondan hem arzan çilim gözleýän adamlar bolsa, mahorka satyn alýar" diýip, maryly çilimkeş belledi.
Türkmen häkimiýetleri ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmek ugrunda göreşýärler. Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.
Şondan soň döwlet dükanlarynda bir gutusy 50-80 manat bahalanýan çilim her adama çäkli möçberde wagtal-wagtal satuwa çykaryldy. Bu bolsa hususy dükanlarda temmäki önümleriniň bahasynyň 250 manada çenli ýokarlanmagyna getirdi.
Ýurtda çilim gytçylygynyň we gymmatçylygynyň ýiti duýlup başlanmagy bilen, adamlaryň mahorka – temmäki ýa-da dürli ösümlikleriň ýapraklaryny guradyp çekip başlandyklary, dükanlarda “türkmen çilimi” atlandyrylýan ýasama temmäki önümleriniň hem peýda bolandygy barada köp sanly maglumatlar gowuşýar.
"Öňler polisiýa işgärleri döwlet dükanlarynda arzan nyrhdan satylan çilimi alyp, üstünden peýdasyny görmek üçin 5-10 manat gazanmakçy bolan adamlary yzarlap, ellerinden çilimlerini alýardy. Olara jerime salynýardy. Ýöne häzir hususy dükanlara aýlanyp, bu çilimi aç-açan satuwa hödürleýän adamalara garşy hiç hili çäre görülmeýär. Gaýta, olary satuwa hödürleýän adamlar "Meniň telefon belgimi alyp gal. Bir zat bolsa maňa jaň et" diýýärler" diýip, maryly hususy dükan eýeleriniň biri anonimlik şertinde 19-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk gürrüňi edilýän bu çilimler we onuň söwdasy barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen habarlaşyp bilmedi.
Resmi metbugatda Türkmenistanyň dünýäde temmäkiden azat bolan ýurtlaryň sanawynyň öňüni çekýändigi, 2019-njy ýyldaky görkezijiler boýunça, ýurduň ilatynyň diňe 3,4%-iniň temmäki önümlerini ulanýandygy aýdylýar.
Şu ýyl Türkmenistan ýurduň çäginde elektron çilimleriň söwdasyny hem resmi taýdan gadagan etdi. Ýurduň Söwda ministrliginiň hem-de Saglyk ministrliginiň temmäki önümleriniň söwdasy boýunça kabul eden täze kadalary Adalat ministrligi tarapyndan 9-njy iýulda hasaba alyndy.
Bu habarlaryň arasynda, ýerli synçylar häkimiýetleriň temmäkä endik edinen adamlara medisina kömegini bermek üçin ýeterlik çäre görmeýändigine, şeýle hem temmäki önümleriniň söwdasyndaky korrupsiýa göz ýumýandygyna ünsi çekýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.