Türkmenistanyň wekilleriniň BMG-niň Ženewadaky edarasynda "jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygy we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek ugrunda degişli işleri alyp barýandygy" baradaky öňe sürmesi, ýurtdaky milli azlyklaryň wekilleriniň ünsüni çekdi. Olar häkimiýetleriň bu aýdanlarynyň hakyky ýagdaýlary şöhlelendirmeýändigini bellediler.
Azatlyk bilen bu barada öz pikirlerini paýlaşan okyjy, Türkmenistanda milli azlyklaryň öz ene dillerinde bilim almagyna edil häzirki pursat mümkinçilik döretmelidigini aýtdy.
Bellemeli ýeri, okyjylaryň hatlary, şol sanda orfograýiýasy bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.
Şu günler 2023-2024 okuw ýylynyň öňüsyrasynda milli azlyklaryň kowçum bolup ýaşaýan ilatly ýerlerinde ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleri öz çagalarynyň öz ene dilinde okap bilmek hukugynyň üpjün edilmegini garaşýarlar.
Hususan-da, bu hakynda iki-çäk gürrüňdeşlikde Lebap welaýatynyň Köýtendag, Kerki, Darganata we Çärjew etraplarynda, Çärjew şäherinde, şeýle-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Köneürgenç, Şabat, Andalyp etraplarynda ýaşaýan etniki özbekler öz pikirlerini beýan etdiler.
Olaryň sözlerine görä, türkmen resmi delegasiýasynyň BMG-niň ýygnagyndaky çykyşynda dilden bolsa-da "ýurduň 14% ilatynyň milli azlyklardan durýandygyny" aýtmagy hem Türkmenistanyň hökümetiniň dünýa jemgyýetçiliginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegini talap edýär.
Şol borçnamalaryň iň esaslarynyň biri hem milli azlyklara degişli raýatlaryň öz ene dillerinde bilim alyp bilmek hukugyny üpjün etmekdir.
Şu jähtden indi Türkmenistanda milli azlyklaryň kowçum bolup ýaşaýan ilatly ýerlerinde olaryň dillerinde okadylýan mekdepleriň we synplaryň açylmagynyň wagtynyň gelendigini aýtdylar.
Mundan başga-da, şu tema bilen bagly iýul aýynda ýurduň Mary we Ahal welaýatlarynda zähmet çekýän käbir bilim işgärleri bilen hem ikiçäk gürrüňdeşlikleri geçirdim.
Hususan-da, Ahal welaýatynyň Sarahs, Kaka, Ak bugdaý etraplarynda işleýän mekdep mugallymlarynyň anonimlik şertde aýtmagyna görä, ady agzalan etraplaryň çäklerinde häli-şindi hem pars we kürt dilli ýaşaýjylar we olaryň çagalary bar, emma ol çagalaryň öz dilinde bilim almakdan mahrum edilmegi olary ýurduň sosial we ykdysady durmuşynda ýer we orun alyp bilmeklerini çäklendirýär, üstüne bolsa, ol çagalar türkmen diline gowy düşünmeýändigi üçin, türkmen mekdebini tamamlan hem bolsalar, olaryň bilim derejesi örän pes bolmagynda galýar diýip, ahally mugallymlar hem milli azlyklaryň dilleriniň okadylmagynyň wajypdygyny nygtadylar.
Hut şu äheňde hem maryly baýry mugallymlar etniki buluçlaryň kowçum bolup ýaşaýan obalarynda buluç diliniň okadylmagynyň gereklidigini bellediler.
Şu aralykda Balkan welaýatyndan göçüp, Gazagystanda wid na žitelstwa, ýagny hemişelik ýaşamak üçin rugsatnamany alan, Türkmenbaşy şäherinde ençeme ýyl gazak mekdepde zähmet çeken etniki gazak ýaşulynyň aýtmagyna görä, Balkan welaýatynda hem gazak mekdepleriň hut administratiw ýol bilen, ýokardan gelen buýruk bilen ýok edilmegi gazaklaryň köpçülikleýin göçüp gitmegine getirdi.
Ýaşuly mugallymyň ýatlamagyna görä, 2000-nji ýyllaryñ başlarynda Türkmenistanyň çäginde 20 töweregi gazak dilinde okadylýan mekdepler işleýärdi we olara Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy yzygiderli okuw gollanmalaryny paýlaýardy.
"Men bu praktikany gaýtadan dikeltmegi soraýaryn we bu hili adam hukuklaryna degişli temada Gazagystan we Özbegistan hem özleriniň Türkmenistandaky diasporalaryndan gaça durmaly däldiklerini aýdýaryn" diýip, ýaşuly sözüni jemledi.
Forum