Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanyň çetki obalary ‘orta asyrlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde’ aman galmaga çalyşýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde medeni zonalardan alysda ýerleşýän ilatly nokatlar durmuş ulgamyna degişli amatlyklardan mahrum galýar. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ýasga geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Düwünçi obasy we sebitdäki başga-da birnäçe ilatly nokatlar aragatnaşyk, elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi bilen bagly problemalardan ejir çekýär, ýerli ilat kadaly medisina hyzmatlaryndan we bilim mümkinçiliklerinden mahrum galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýaňy-ýakyndan çet obalaryň birnäçe ýaşaýjysy bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Balkanyň möhüm merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäherine iş gözleginde gelen birnäçe oba ýaşaýjysy öz ýaşaýan sebitlerinde mobil aragatnaşygyň işlemeýändigini, döwrebap çagalar baglarynyň we saglyk öýleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti milli oba maksatnamalaryny kabul edip, oba ýerlerinde durmuş ulgamlarynyň kämilleşdirilýändigini aýdýar. Ýöne, hususan-da, çetki obalarda ýerli ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz galan amatsyz şertleri kagyz ýüzündäki oba milli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilip-ýetirilmeýändigi barada käbir soraglary döredýär.

Balkanly oba ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, olaryň öz ýaşaýan sebitlerinde “Altyn asyr” mobil aragatnaşyk ulgamy işlemeýär. Düwünçi obasynyň ýaşaýjylary mobil aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlarça kilometr ýol sökmeli bolýarlar.

“Adamlar TMCell-iň antennasy tutýan ýerlere baryp jaň edip bilýärler, suw meselesi hem agyr mesele, adatdan daşary näsaglyk ýagdaýy ýüze çykan halatynda Tiz kömek çagyrmak hem kyn, çagyran ýagdaýyňda hem tiz kömek gelmeýär” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu sebitleriň ýaşaýjylary adatdan daşary ýagdaýlarda Bereket etrabynyň Tiz kömek gullugyna ýüz tutmaly bolýarlar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar Berekediň etrap merkezindäki Tiz kömek gullugynda işe ýaramly, abat tiz kömek ulaglarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Ýöne anten, suw we Tiz kömek meselelerinden daşary, elektrik energiýasy bilen üpjünçilik problemasy hem oba ýaşaýjylaryny azara goýýar.

Düwünçi obasynyň hem-de onuň töweregindäki ilatly sebitleriň ýaşaýjylary öz obalarynyň döwlet tarapyndan kadaly elektrik energiýasy bilen üpjün edilmeýändigini aýdýarlar. Hojalyklar elektrik energiýasyny işläp çykarýan generatorlar bilen oňuşmaly bolýarlar. Oba ýaşaýjylary benzin bilen işleýän generatorlarda öndürilen elektrik energiýasyndan günüň dowamynda diňe üç sagat, onda-da diňe gijelerine ýagtylyk üçin peýdalanyp bilýärler.

“Bu obalarda ýaşaýan adamlar orta asyrlaryň durmuş şertlerinde ýaşaýarlar, güzeran aýlaýarlar” diýip, bir oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Ol hojalyklarda doňduryjylardan peýdalanylmaýandygyny, et önümleriniň kak edilip, duzlanyp, ýa-da gowrulyp saklanylýandygyny gürrüň berdi.

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde ýerleşýän çetki obalar tebigy gaz bilen üpjün edilmeýär.

“Adamlar odun, sazak ýakyp, nahar bişirýär, gyş paslynda odun ýakyp ýylanýar” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.

Oba ýerleriniň bilim we saglyk ulgamlary hem gözgyny ýagdaýda bolup, Düwünçi obasynda 80 okuwça niýetlenen bir sany bilim ojagy bar. Bu mekdepde klaslar goşulyp okadylýar, meselem, 1-nji, 2-nji we 3-nji klaslaryň okuwçylary bir klasda, 5-nji, 6-njy we 7-nji klaslaryň okuwçylary bir klasda sapak geçýär. Mekdepde umuman bäş mugallym bar. Mekdebiň direktory aýda bir gezek etrap merkezine baryp, hasabat berýär we ruçka, depder ýaly okuw esbaplaryny alyp, yzyna dolanýar.

Ýaramaz ýaşaýyş-durmuş şerleri Düwünçi obasynyň ýaşaýjylaryny bu ýerlerden medeni zonalara, merkezi sebitlere göçmäge mejbur edipdir.

Bereket etrabyndan Düwünçi obasyna bellenen bir maşgala lukmany alty aýda bir gezek oba sapar edip, hojalyklaryň saglyk ýagdaýyndan habar alýar.

Oba ýaşaýjylary esasan dowardarçylyk bilen meşgullanýar, işiklerinde geçi, goýun ýa-da düýe saklap güzeran aýlaýarlar.

Düwünçi obasynda aradan çykan adamlara jynaza okamak üçin molla tapylmaýan halatlary hem ýüze çykýar.

Adamlar bir döwür etrap merkezine köpçülikleýin göçmäge başlapdyrlar, ýöne “köp adamda öý satyn almaga mümkinçilik bolmansoň, olar mejbury ýagdaýda dogduk obalarynda galmaly boldy” diýip, habarçymyzyň bir söhbetdeşi aýdýar.

Düwünçi obasy Berekediň etrap merkezinden 225 kilometr töweregi uzaklykda, iň ýakyn medeni zonadan takmynan 130 kilometr aradaşlykda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG