Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iýul 1850-nji ýyldan bäri iň yssy aý boldy


Gresiýa, 2023-nji ýylyň iýuly
Gresiýa, 2023-nji ýylyň iýuly

Iýul resmi taýdan 1850-nji ýyldan bäri iň yssy aý boldy. Bu barada Ýewropadaky howanyň üýtgemegini öwrenýän Copernicus gullugy habar berdi.

Alymlaryň maglumatlaryna görä, geçen iýul aýynda, dünýäniň orta temperaturasy 17 °C golaý bolupdyr, bu bolsa iýul aýynda senagatdan öňki rekord derejesinden, 1,5 °C ýokary, 2019-njy ýylyň iýul aýyndan hem 0,3 °C ýokarydyr.

Copernicus gullugynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň ähli böleklerinde, aşa yssy howa hasaba alnypdyr.

Gyzgynlyk baradaky kartada, Orsýetde yssynyň Ural, Sibir we Uzak Gündogar sebitlerinde ýokarydygy görkezilýär. Häzir rus taýgalarynyň 270 müň gektardan gowrak ýerinde ýangyn bar, 40%-den gowrak ýerdäki ýangyn "netijesiz bolany" sebäpli söndürilmeýär. Häkimiýetler ýangynlaryň esasy sebäbi iýul aýynda bolan gurak howa, ýyldyrym çakmagy we kesgin aşa güýçli ýel diýip hasaplaýarlar.

Öňräk Gresiýada tokaý ýangynlary sebäpli 20 müňden gowrak ýaşaýjy we syýahatçy haýal etmezden göçürilipdi. Italiýanyň sebitlerinde hem birnäçe hepdeläp yssy ýalyn höküm sürdi, şol döwürde ýaşaýjylar adatdakydan 7% köp ýogaldy. Ispaniýada ýangynlar netijesinde müň gektardan gowrak ýeriň ot-çöpi ýandy. Kipr ýangyn söndürmek üçin, halkara kömegini sorady. Türkiýede yssy zerarly soňky dokuz ýylda howdanlardaky suwuň möçberi rekord derejä düşdi. Bu ýurtlaryň käbirinde awgust aýynda hem yssy howanyň boljakdygy aýdylýar.

Aziýa ýurtlary – Hytaýda, Hindistanda, Ýaponiýada we Günorta Koreýada iýul aýynda temperaturanyň rekord derejeleri hasaba alyndy. Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinjiangda howa 52 °C çenli gyzdy. Ýapon mediasy iýul aýynyň bary-ýogy bir hepdesinde, dokuz müňden gowrak ýaponlynyň gün urmak sebäpli keselhana düşendigini habar berdi.

Kanadada rekord derejedäki tomusky ýangyn möwsümi dowam edýär: eýýäm 10 million gektar tokaýyň agajy ýandy, bu geçen ýyllara garanyňda, dört esse köp. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň günortasynda, aşa yssy bir aýdan gowrak dowam edýär. Häzirki wagtda 66 mln. amerikalynyň aşa gyzygyn howa şertleriniň howpy astynda durýandygy The Washington Post gazetiniň soňky maglumatlarynda yzarlanýar.

Häzir gyş möwsümi saýylýan Günorta Amerika ýurtlarynda, howanyň gyzgynlygy 37 °C çenli ýetip, ony Çili klimatologlary "adaty däl" diýip atlandyrdylar. Olaryň maglumatyna görä, ýurtda kesgitlenen temperatura adatdakydan 15 gradus ýokarydyr. Paragwaýda, Boliwiýada we Braziliýanyň günortasynda yssy takmynan 39 °C ýetdi.

Awstraliýanyň gyşy hem rekord derejeleri goýýar. Iýul aýynda Sidneýde gözegçilik edilip gelinýän döwrüň dowamynda, howanyň iň yssy derejesi hasaba alyndy. Kanberrada hem gündizlerine howanyň ýokary derejesi hasaba alyndy. Materigiň günorta-gündogaryndaky uly şäherlerde gündizine 20 °C çenli, demirgazykdaky Darwinde 30 °C-den ýokary derejä ýetdi.

Antarktidada gyşky deňiz buzunyň meýdany iýul aýynda, gözegçilik edilýän döwrüň dowamynda, rekord derejede azaldy. Copernicus gullugynyň ýylylyk kartasyna laýyklykda, materikde örän kadadan ýokary temperatura hasaba alyndy. Paleoekologlaryň geçiren barlaglaryndan mälim bolşuna görä, häzir Antarktidadaky buzluklar bäş ýarym müň ýyl mundan öňküsinden has çalt ereýär.

BMG-niň meteorologlary rekord yssylygy howanyň antropogen üýtgemegi we El-Ninonyň başlanmagy, ýagny Ýuwaş okeanyň ekwatorial suwlarynyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Howanyň ýokary galmagy adamlaryň we haýwanlaryň ölümine we olaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna, ösümlik dünýäsiniň, jaýlaryň, infrastruktura gurluşyklarynyň we binagärlik ýadygärlikleriniň ýok bolmagyna getirýär, şeýle hem gurakçylygyň, tokaý ýangynlarynyň ýaýramagyna sebäp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG