Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Dalaşgärler iki topara bölündi: Para berenler we bermedikler"


Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryna gatnaşmaga baran ýaşlar we olaryň hossarlary. Arhiwden alnan illýsutrasiýa suraty
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryna gatnaşmaga baran ýaşlar we olaryň hossarlary. Arhiwden alnan illýsutrasiýa suraty

Türkmenistanda dalaşgärleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary dowam edýän mahaly, olarda okamaga isleg bildirýän raýatlardan para talap edilmegi bilen bagly ýagdaýlar saklanyp galýar. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, para bermedik raýatlar synaglardan geçirilmeýär diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly ýaşlaryň birnäçesi gürrüň berdi.

Ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi guramak hem-de giriş synaglaryny geçirmek işi şu ýyl 11-nji iýul we 26-njy awgust aralygynda alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky buýruga Ministrler kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen mejlisinde gol çekdi.

“Mary welaýatyndaky Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine we S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebine giriş synaglary geçirilip başlandy. Ýaşlar okuw jaýlaryna diňe pul, para berenleriň alynýandygyny bilseler-de, şu ýyl onlarça okuwçy öz nesibesini barlap görmek üçin giriş synaglaryna girdi” diýip, ýagdaýlardan habarly, bilim pudagyndaky çeşmämiz aýtdy.

Giriş synaglaryna gatnaşan maryly ýaşlaryň birnäçesi ýurtda okamak mümkinçiliginiň para bilen baglanşyklydygyna doly göz ýetirendigini aýdýar. Olar munuň şeýlediginiň özleriniň synaglarda başdan geçiren ýagdaýlary bilen tassyklanandygyny belleýärler.

“1-nji awgustda synagyň geçirilen güni irden bilim resmileri dalaşgärleri iki topara böldüler. Birinji topara pul bermedik, ikinji topara aglabasy pul beren dalaşgärleri goýdular. Birinji toparyň synaglary irden geçirildi we bu topardaky ähli okuwçylar synaglardan yzygiderli ýykylyp goýberildi” diýip, mugallymçylyk mekdebinde synaga gatnaşan maryly ýaşlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ýaşlaryň aýtmagyna görä, ikinji toparyň synaglary öýländen soň geçirildi we ondaky dalaşgärleriň tas ählisi okuwa kabul edildi. Bu topardaky dalaşgärleriň arasynda öz bilimi bilen okuwa girmäge synanyşan sanlyja oglan-gyz bardy.

“Öz güýji bilen okuwa girmäge synanyşan okuwçylaryň aýtmagyna görä, bilim işgärleri ençeme okuwçynyň öňüne biletdäki soraglara jogap ýazylan kagyzy aç-açan getirip goýupdyrlar. Dalaşgärler şol kagyzda ýazylanlary öz kagyzyna göçürip alypdyrlar. Bilim işgärleri olara goşmaça sorag bermezden, ‘synagdan geçdiň’ diýip çykaryp goýberipdirler. Öz güýji bilen synanyşýan okuwçylara bolsa, olaryň biletlerdäki soraglara beren jogabyndan başga-da, ençeme soraglary berip, olary ýykmak bilen bolupdyrlar” diýip, maryly ýaşlaryň ýene biri aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýatyň bilim bölüminden we Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinden we S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinden kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin dalaşgärlerden alynýan paranyň onlarça ýyl bäri saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Olar ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise hem-de giň ýaýran işsizlige garamazdan, onuň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny hem belleýärler. Käbir ÝOJ-lar üçin soralýan paranyň möçberiniň 100 müň ABŞ dollaryna çenli ýetýändigi aýdylýar.

Köp ene-ata bu parany bermek üçin awtoulaglaryny, hojalygyndaky mal-garalaryny we mellek ýerlerini satýar. Şu ýylyň martynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz ÝOJ-larda ‘para möwsüminiň' başlanandygyny we ene-atalaryň öz ulaglaryny howlukmaç satýandygyny habar berdi.

“Ýurtda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýänleriň sanynyň ujypsyz bolmagy paranyň möwjemegine getirýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Resmi sanlara görä, soňky ýyllarda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden her ýyl ýurt boýunça 90 müň töweregi okuwçy uçurym bolýar we olardan 20 müň töweregi ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. "Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG