Diňle:"Dalaşgärler iki topara bölündi: Para berenler we bermedikler"
Türkmenistanda dalaşgärleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary dowam edýän mahaly, olarda okamaga isleg bildirýän raýatlardan para talap edilmegi bilen bagly ýagdaýlar saklanyp galýar. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, para bermedik raýatlar synaglardan geçirilmeýär diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly ýaşlaryň birnäçesi gürrüň berdi.