Lebap welaýatynda aşa köp raýatyň öz ulagyny gyssagly satlyga çykarmagy netijesinde Türkmenabat şäheriniň köpugurly bazarynyň awtoulag satylýan bölegi ulaglardan doldy. Ulag eýeleri muňa ýurduň ýokary okuw jaýlarynda "para möwsüminiň" başlanmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.
"Ýekşenbe güni satuwa çykarylan awtoulaglaryň sanynyň köpdügi sebäpli bazaryň ulag satylýan böleginiň daşynda, haýatdan daşarda hem ulaglar goýlup, satlyga çykaryldy. Pyýadalar üçin niýetlenen ýanýodalara hem ulaglary goýdular. Ulaglaryň sany takmynan 400-e barabar boldy. Geçen hepde bazaryň ýarty meýdany boş bolup, ulaglaryň sany deň ýarpy azdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 7-nji martda aýtdy.
Satlyga çykarylan ulaglaryň sanynyň köp bolmagy olaryň bahasynyň belli bir derejede arzanlamagyna getiren bolsa-da, söwda örän pes boldy.
"Ulag eýeleri ulaglaryny gyssagly satuwa çykarandyklaryny we olaryň puluna bir aý hem garaşyp bilmeýändiklerini, ýöne oňuşyp, arzan bahadan berjekdiklerini aýdýarlar. Ýöne adamlarda pul bolmansoň, ulag satyn alanlaryň sany juda az boldy" diýip, habarçy belledi.
Raýatlaryň käbiri ulaglaryny gyssagly satlyga çykarmagynyň sebäplerini ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşdyrsa, köpüsi çagalaryny ÝOJ-a ýerleşdirmek üçin pula mätäçlik çekýändigi bilen düşündirýär.
"Gyzymy ýokary okuw jaýyna salmak üçin para bermäge gyssagly pul gerek. Öýdäki puly jemläp, onuň üstüne hem şu awtoulagymyň puluny goşup, tizden-tiz instituta geçirmeli. Eger bu puly tiz wagtda geçirmesem, onda gyzymyň okuwy 2024-nji ýylyň sentýabryna galar" diýip, lebaply bir raýat anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda adatça ÝOJ-lara we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek kampaniýasy resmi derejede iýulyň ortalarynda başlanyp, awgustyň ahyryna çenli dowam edýär.
Ýurduň kanunçylygynda orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň aglabasynda bilim almagyň mugtdygyna kepil geçilýär. Muňa garamazdan, habarçylarymyz we türkmenistanlylar ÝOJ-lara girmek üçin dalaşgärlerden para alynýandygyny we bu möwsümiň tomus paslynyň başynda başlanýandygyny aýdyp gelýärler.
"Bu ýyl bu möwsüm has ir başlana meňzeýär. Sebäbi bazardaky onlarça ulag eýesi ulagyny çagasyny ÝOJ-a salmaga para bermek üçin satýandygyny aýdýar. Olar parany mart we aprel aýynda geçirmelidiklerini, eger gija galsalar, onda paranyň möçberiniň has-da ýokarlanjakdygyny aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.
Azatlyk ÝOJ-lar üçin soralýan para-berim boýunça Bilim ministrliginden we welaýat Bilim müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Habarçylarymyz ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise hem-de giň ýaýran işsizlige garamazdan, ÝOJ-lara girmek üçin dalaşgärlerden alynýan paranyň möçberiniň 100 müň dollara çenli baryp ýetýändigi barada soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat berdiler.
Köp ene-ata bu parany bermek üçin awtoulaglaryny, hojalygyndaky mal-garalaryny we mellek ýerlerini satýar.
Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. "Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda harby bilim berýän okuw jaýlaryndan daşgary 19 sany ýokary okuw jaýy hem-de 42 sany orta hünär derejesinde bilim berýän jemi 61 ýokary we orta hünär mekdebi bar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum