Aşgabadyň häkimiýetleri ýaşaýjylardan hojalyk hyzmatlarynyň ýylyň birinji ýarymy üçin töleglerini almak işlerini güýçlendirdiler. Şu günler ýerli gaz we elektrik üpjünçilik edaralarynyň, şeýle-de Öý dolandyryş müdirliginiň işgärleri köp gatly jaýlara aýlanyp, ýaşaýjylardan gaz, tok we jaý hyzmatlary üçin tölegleri geçirmegi talap edýärler.
“Bu talaplar şu aýyň başyndan güýçlendi. Ilki gaz, soňra tok edaralarynyň işgärleri gelip, tölegleri alyp gidýärler. Şeýle-de, Öý dolandyryş müdirligi hem, jaý hyzmatlaryna degişli tölegleriň ençemesini geçirmegi talap edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy aýtdy.
Jaý hyzmatlaryna degişli tölegleriň arasynda ýyladyş ulgamy üçin geçirilmeli töleg bar. Munuň üçin jaýyň tutýan meýdany hasaplanýar we her jaýa takmynan 350 manat töleg düşýär.
“Arassa we lagym suw üçin tölegleri hem geçirmeli” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Ýaşaýjylardan zir-zibil üçin ýyllyk tölegi geçirmek hem talap edilýär. Munuň üçin jaýda ýaşaýan her adam üçin 11 manat soralýar.
“Eger köp gatly jaý hususylaşdyrylmadyk bolsa, jaýyň ýyllyk tölegi hem 250 manada barabar bolýar” diýip, ýaşaýjy belledi.
Resmiler bu tölegleri geçirmedik ýaşaýjylara zerur bolan resminamalary, şol sanda “ýaşaýan ýeriňde hasaba durandygyň” baradaky kepilnamany bermekden ýüz öwürýärler.
Habarçy şu günlerde bu resminamalara zerurlygyň artandygyny, ýöne ykdysady kynçylyklar sebäpli gaz, tok we jaý hyzmatlarynyň töleglerini geçirip bilmeýän hojalyklaryň köpdügini aýdýar.
"Bu talap ýaşaýjylary kyn ýagdaýa salýar. Sebäbi häzir çagaňy çagalar bagyna ýa-da mekdebe ýazdyrmak, biometriki pasport almak, ýa-da zähmet biržasyna ýüz tutmak, döwlet dükanyndan azyk almak üçin Öý dolandyryş müdirliginden resminama almaly” diýip, habarçymyz belledi.
Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada ýerli gaz, elektrik üpjünçilik edaralaryndan, şeýle-de şäher häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmen hökümeti ilat üçin elektrik energiýasyny, gaz we suw ýeňilliklerini 2018-nji ýylda ýatyrdy we bu karar 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.
Ýurduň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu kararyny, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň has gowy ýaşap başlandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündiripdi.
Şondan soň ýaşaýyş jaýlarynda elektrik, gaz we suw hasaplaýjylary oturtmak işlerine, olaryň talaba laýyk işleýşine, şeýle-de tölegleriň geçirilişine gözegçilikler güýçlendirildi.
Munuň bilen bir wagtda, Azatlygyň habarçylary bu tölegleri geçirip bilmeýän maşgalalaryň köpdügi, olaryň elektrik, gaz üpjünçilikleriniň kesilýändigi barada yzygiderli habar berýärler.
Töleg meseleleri döwlet derejesinde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedow geçen ýylyň 23-nji noýabrynda ýurtda ilatyň suwdan, tokdan we gazdan peýdalanyşyna, edilýän hyzmatlaryň tölegine gözegçilik etmek wezipesiniň pesdigine nägilelik bildirdi.
Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler indi birnäçe ýyl bäri döwlet edaralarynyň ençemesinden resminama soraýan raýatlardan hojalyk hyzmatlary üçin tölegleriň geçirilendigi baradaky kepilnamalary talap edýärler.
Türkmen häkimiýetleri bu baradaky habarlara hiç hili reaksiýa bildirmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum