Şu günler Bakan welaýatynyň gaz resmileri ýaşaýjylardan gyş aýlary, şeýle-de mart aýy üçin elektrik tölegleriniň hasaplaşyklaryny geçirmegi talap edýärler. Mundan başga-da, resmiler öňkülerden tapawutlylykda, gaz tölegleri bilen bagly täze hasaplaýyş usulyny girizdiler. Ýaşaýjylar bu usulyň adalatsyzdygyny belläp, munuň halkyň puluny talamakdan başga zat däldigini aýdýarlar.
Geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, bu gezek resmiler ilatyň gaz tölegleriniň möçberini sarp edilen gazyň mukdaryna görä däl-de, jaýyň tutýan meýdanyna görä kesgitleýärler.
"Gaz edaranyň işgärleri raýatlaryň gaz ölçeýji enjamlarynda hasaba alnan gaz mukdaryny hasaplap, şoňa görä töleg talap etmeýärler. Olar gaz ölçeýjilere asla seretmeýärler. Olar gaz tölegleriniň mukdaryny raýatyň jaýynyň tutýan meýdanyna görä kesgitleýärler, ýagny her 1 kwadrat metr meýdan üçin her aýyna 20 manat talap edýärler. Netijede, 50 kwadrat metr meýdany bolan iň kiçi jaýlaryň aýlyk gaz tölegi hem 1000 manada deň bolup çykýar" diýip, türkmenbaşyly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, Türkmenistanda iň pes aýlyk zähmet haky 1010 manada, pensiýa 410 manada, döwlet kömek pullary 390 manada deňdir. Ýurtda orta mekdeplerde bilim berýän mugallymlaryň ortaça aýlygy 2000 manada barabardyr.
"Aslynda 1 müň kub metr gazyň döwlet bahasy 20 manat. Adatça raýatlaryň gyş paslynda, üç aýyň dowamynda sarp eden gazynyň mukdary - gaz ölçeýjilerdäki görkezijiler - 3 müň kub metr çemesi bolýar. Şeýlelik-de, raýat üç aý üçin 60 manat töleýär. Ýöne häzir gaz resmileri ilatdan munuň onlarça essesini talap edýärler" diýip, ýaşaýjy belledi.
Gaz resmileri raýatlara bu talap baradaky resmi haty görkezmeýärler. Olar munuň sebäbini düşündirmegi soraýan ýaşaýjylara "gyş paslynda köp gaz ýitgisiniň bolandygyny" aýtmak bilen çäklenýärler.
"Türkmenbaşynyň, şeýle-de Akdaş, Janga we aeroport ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýaşaýjylary örän närazy bolup, olar munuň korrupsiýadan, adamlary talamakdan başga zat däldigini aýdýarlar" diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada ýerli gaz edaradan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Bu aralykda, gürrüňi edilen sebitleriň, şeýle-de başga-da birnäçe obanyň ýaşaýjylary gaz üpjünçiliginiň pesliginden şikaýat edýärler.
"Öýlere akdyrylýan gazyň basyş güýjüniň pesligi sebäpli 1 çäýnek suw iki sagatda zordan gaýnaýar. Bir çäýnek çaý demlemek üçin iki sagat garaşmaly bolýar" diýip, akdaşly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen hökümeti ilat üçin elektrik energiýasyny, gaz we suw ýeňilliklerini 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrdy.
Ýurduň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu kararyny, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň has gowy ýaşap başlandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündiripdi.
Şondan soň ýaşaýyş jaýlarynda elektrik, gaz we suw hasaplaýjylary oturtmak işlerine, şeýle-de tölegleriň geçirilişine gözegçilikler güýçlendirildi. Töleg meseleleri döwlet derejesinde hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen ýylyň sentýabrynda Balkan welaýat häkimliginiň resmisi ýaşaýjylara beren maglumatynda döwletiň soňky sekiz aýda akdyrylan elektrigiň, suwuň we gazyň tölegleri bilen bagly 40% ýitgi çekendigini aýtdy.
Mundan ozal, habarçylarymyz ýerli elektrik, gaz we suw edaralarynyň käbir hünärmenleriniň raýatlardan para alyp, hasaplaýjylardaky görkezijileri kemeldýändigini aýdypdylar.
Bu habarlaryň arasynda, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň suw, elektrik we gaz üpjünçiligindäki bökdençlikleri saklanyp galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum