Ýerli synçy Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň öýlenjek, durmuşa çykjak ýaşlaryň öňünde keseren iň uly päsgelçilikleriň birine öwrülendigini, pulsuzlygyň olary maşgala gurmak, toý etmek arzuwlaryny barha köp jylawlap saklamaga mejbur edýändigini aýdyp, Azatlyga hat ýazdy. Onuň pikiriçe, bu ýagdaýlar geljekde Türkmenistanyň ilat sanynyň ösüşine ýaramaz täsir eder.
Ýerli synçynyň ýazmagyna görä, Turkmenistanda soňky döwürde ýaşlaryň baş birikdirmek, toý etmek we maşgala bolmak, soňra maşgalany ekläp-saklamak, çagalaryna döwrebap bilim bermek mümkinçiligi, ykdysady kynçylyklaryň barha çuňlaşmagy bilen, gitdigiçe azalýar.
Şol bir wagtda, Azatlygyň dürli çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ýokary gatlagyna degişli adamlaryň çagalary ile göz edip, uludan uly toý tutmakda ýaryş gurýar. Ýöne bu hili toýlar, ilatyň aglaba köplüginiň juda garyp düşmeginiň fonunda, ýurtdaky 'bagtly ýaşlar' kartinasyna öwrülip bilmeýär. Soňky döwürde metbugatda peýda bolýan bildirişler bolsa, orta gatlagyň arasynda hem toý mekanlarynda uly ýa ortaça toý tutjak adamlaryň azalandygyny yşrart edýär.
Türkmenistanda işsizligiň hakyky möçberlerini görkezýän statistika maglumatlary çap edilmeýär we ýaşlaryň durmuş gurmak, maşgalaly bolmak mümkinçilikleriniň soňky ýyllarda näderejede azalandygyny anyklamak üçin sosial barlag ýa pikir sorama geçirmek mümkinçiligi häzirlikçe ýok. Ýöne synçy soňky ýyllarda toý etmäge gurbaty çatmaýan ýaş ýigitleriň sanynyň görnetin köpelendigini öňe sürýär.
Mundan başga, hossarlarynyň kömegi ýa karz-kowal bilen toý eden ýaşlaryň hem, işsizlik, pulsuzlyk sebäpli aýrylyşýan, durmuşlaryny bozýan, eger çagalary bolan bolsa, olary ataly ýa eneli ýetim goýýan halatlary, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has köpeldi, muny görmezlik mümkin däl diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran synçy aýdýar.
Onuň ynanjyna görä, bu ýagdaý metbugatda wagyz edilýän maşgala gymmatlyklaryna 'gowy goşant goşmaýar'.
Hökümet ilatyň iş, durmuş şertlerini, sosial goraglylygyny, çagalara, enelere, mätäç maşgalalara berilýän kömegi düýpli gowulandyrmasa, zähmet migrasiýasynyň häzirki ýaly köpelen ýagdaýynda, Türkmenistanyň gelýän ýyllarda çynlakaý demografik çökgünlige düşmegi mümkin diýip, synçy aýdýar.
“Ýaşlaryň durmuş kynçylyklary we olardan bolmaly çagalaryň sanynyň ýyl-ýyldan azalmagy soňy bilen ýurduň demografik ösüşinde has ýiti duýlar” diýip, ol bu aladanyň ozal, Saparmyrat Nyýazow döwründe giň ýaýran neşekeşlik, neşe gaçakçylygy sebäpli, 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hem bildirilendigini belledi.
Ýöne türkmen häkimiýetleri ýurtda neşekeşligiň giň ýaýramagy hem-de türme tussaglygyna höküm edilýän adamlaryň görnetin köpelmegi bilen dörän maşgala meselelerini hiç wagt açyk boýun almady.
Durmuş toýlarynyň harajatlary gazanç etmek mümkinçiliklerinden köp bolansoň, häzirki ýaşlaryň köpüsi öýlenmäge-de, toý etmäge-de kän gyssanmaýar. Sebäbi häzir ortaça diýilýän durmuş toýuny tutjak bolsaň hem, azyndan 200 müň manada golaý harajat çykarmaly. Özem bu harajady köplenç diňe oglan tarapy çekýär diýip, synçy aýdýar.
Aýdylmagyna görä, öýlenjek ýigidiň gyzyň maşgalasyna tölemeli galyňy ýa-da süýthaky puly azyndan 40 müň manatdan başlanýar, eger gyz ýokary bilimli bolsa, onuň bahasy 60 müň manada çenli we ondan hem ýokaryk galyp bilýär.
Mundan başga, oglan tarapy gyzyň egin-eşikleri, altyn şaý-sepleri üçin hem 30 müň manatdan gowrak töleg etmeli bolýar.
Ýöne, hat ýazan synçynyň we beýleki çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, toý etjekleriň iň köp çykdajysy toý mekanlary bilen bagly.
"Toý mekanlarynda bagt toýuny tutmak üçin tölemeli puluň mukdary 2014-nji ýyldan başlap, täze düzgünleriň girizilmegi bilen has köpeldi. Bu öýlenýän oglanlara düşýän agramy has agraltdy, emma häkimiýetler bu ugurdaky bidüzgünçiliklere asla seretmeýär” diýip, synçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 2014-nji ýyla çenli öýlenýän ýigidiň ene-atasy ýa-da hossarlary toý saçaklarynda goýuljak zatlaryň ählisini, naharlary, suwlary, miweleri, süýji-kökeleri toý mekanyna getirip beripdir we toý mekanlarynyň wezipesi saçaklary bezäp, toýy sowmakdan ybarat bolupdyr.
Emma indi ýagdaý düýpden başga we ol toý tutýan maşgalalaryň peýdasyna diýip boljak däl.
Häzir toý mekanynda durmuş toýuny tutjak bolýan maşgala toý mekanynyň eýesi ýa-da dolandyryjysy bilen gepleşip, toýa çagyryljak adamlaryň anyk sanyny aýtmaly we her adam üçin 150-200 manatdan pul geçirmeli. Ýöne bu tölege myhmanlaryň içjek alkogolly içgileri girmeýär, olary toý edýän maşgala satyn almaly we toý saçagyna getirip goýmaly bolýar.
Toý mekanlarynyň işgärleri toý stollaryny her dürli suwlar, miweler, garbanar ýaly zatlar bilen bezeýär, myhmanlara üç dürli nahar çekýär. Toý saçagynyň mümkin boldugyça gowy bezelmegi toý tutýanyň çykdajysyny, toý mekanlarynyň bolsa girdejisini artdyrýar diýip, synçy sözüni dowam etdirdi.
Onuň tassyklamagyna görä, mysal üçin aýdylsa, her toýa oglan tarapyndan 250 we gyz tarapyndan 250 çemesi myhman çagyrylýar. Eger-de toý stoluny “baý” etjek bolsaň, her adam üçin 250 manat tölemeli, ortaça stol üçin her adama 200 manat tölemeli. Toý mekanlaryndaky stol bezegleriniň iň pesi üçin adam başyna 150 manat geçirmeli.
Şeýlelikde, ortaça toý etjek bolsaň, toýa geljek 500 myhman üçin 200 manatdan töleg töleseň, toý mekany ýa kafe üçin 1000 manat geçirseň, öz alyp gelen alkogolly içgileriň bilen 10 müň manat töwereginde çykdajy edýärsiň.
Toýda kesilýän bäş gatly tortuň bahasy 2 müň manat, toýy wideo ýazgy edýän kameraça 1 müň manat tölemeli, gelin köýnegi, aýdym-saz topary... üçin çykarylýan çykdajylar hem az däl. “Agyryňa çydasaň, müň ýaşa diýleni bolýar" diýip, synçy bu ýagdaýlaryň indi jemgyýetde barha köp mesele döredýändigini öňe sürýär.
Türkmen metbugaty ýaşlara döwlet tarapyndan uly kömekleriň berilýändigini, bagtly ýaşamak üçin ähli şertleriň bardygyny tekrarlaýar. Emma synçy bu aýdylýanlaryň kän “ýapa degmeýändigini” aýdýar
“Döwlet durmuş gurýan ýaş maşgalalara 3 ýyllyk möhlet bilen 20 müň manat karz pul berýär, bujagaz pul olaryň nämesine ýetsin?” diýip, synçy soraýar we ilatyň aşa garyplaşmagy ýa-da toý harajatlarynyň köp adamyň mümkinçiliginden ýokary bolmagy ýurtda durmuş toýlarynyň barha az tutulmagyna getirýär diýen netijä gelýär.
“Eger Türkmenistanda iň az zähmet haky ýa-da aýlyk 1500 manat bolsa, toý etjek adamlar iýjeginden, geýjeginden kesip, näçe ýyllap pul toplamaly ýa-da näçe ýylap bergilerini üzmeli? Durmuş toýlary bolmasa, Türkmenistanyň ilaty nädip köpelmeli?” diýip, synçy Azatlyga ýazan hatyny sorag bilen soňlapdyr.
Forum