Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uly toýlar we 'dört tärime sygmaýan' durmuşyň jogapsyz soraglary


Aşgabat, türkmen toýy. Arhiw suraty
Aşgabat, türkmen toýy. Arhiw suraty

Sekiz we ondan hem köp çagaly bolmak wagzyny edýän döwletdäki senzura maşgala gurýan raýatlaryň we ýaş maşgalalarda dünýä inen çagalaryň soňky ýagdaýlary barada açyk gürrüň edilmegine, çözgüt gözlenilmegine ýa-da bu ugurdaky meselelere jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmegine ýol bermeýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanda maşgalasy bozulýan, aýrylyşýan raýatlaryň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende görülmedik derejede köpelendigi, munuň bir tarapdan azatlykdan mahrum edilýän adamlaryň köpelmegi, zähmet ýa okuw migrasiýasy bilen, ikinji tarapdan barha agyrlaşýan durmuş bilen baglydygy aýdylýar. Ýöne bu 'üýtgeşikligi' tassyklaýan ýa inkär edýän anyk sanlar elýeterli däl. Häzir günbatar ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmenistanly gelniň sözlerine görä, onuň bilen bir toparda, on-on iki ýyl ozal ýokary okuw jaýyny tamamlan kyrkdan gowrak gyzyň ýarysy öz durmuş guran ýigidinden aýrylyşypdyr (Redaksiýada bu gyzlaryň haýsy ýylda, haýsy ÝOJ-y tamamlandygy baradaky anyk maglumatlar bar.). Synçylaryň bir bölegi maşgala 'agzalalygynyň' esasy sebäplerini erkeklerde, köne 'düşünjede' ýa-da yza gaýtmakda görse, beýlekileri umumy sowatsyzlykda, 'ýeňil' ýaşamak isleýän gyz-gelinleriň köpelmeginde ýa-da pikir-düşünjäniň düýpli özgermeginde we durmuşyň 'aşa agyrlygynda' görýär. Ikinji tarapdan, örän tiz özgerýän durmuş indi 'dört tärimiň' içine sygmaýar, bile ýaşamak islemese, durmuşyň kyndygyna, ykdysady garaşlylygyň ýokary bolmagyna garamazdan, aýrylyşmak kararyna gelýän aýallaryň köpelmegi olaryň öz hukuklaryny goramak, öz isleglerine görä ýaşamak ýörelgelerine has kän gadyr goýup başlandyklaryny, her hili süteme kaýyl bolup oturmak islemeýändiklerini aňladýan bolmasyn diýen pikir hem bar. Şu aralykda, türkmen hökümetiniň aýal-gyzlaryň bedenine edýän gözegçiliginiň soňky döwürde täze derejelere çykarylmagyny Aşgabadyň aýallara diňe sagdyn watançylary dogurmaklary we däp bolan maşgala gymmatlyklaryny saklamaklary nukdaý nazaryndan seretmek synanyşygy hökmünde tankyt edýänler hem boldy.

Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ene-ataly halyna ýetim galýan, ‘döwlen’ maşgalalarda kemala gelýän çagalaryň sanynyň görnetin köpelendigini aýdýarlar. Redaksiýa bu ýagdaýyň mümkin bolan sebäplerini anyklamak üçin öz çeşmelerine, habarçylaryna we synçylara ýüz tutdy.

“Häzirki wagtda ýaş gyzlar köp halatda durmuş toýuny tutmaga howlukmaýar, sebäbi toý etmekden ýüz öwürýän erkek oglanlar ýyl-ýyldan köpelýär, ýigitleriň köpüsi 35 ýaşa çenli sallah bolup ýaşaýar, muňa köp faktor sebäp bolýar” diýip, habarçylarymyzyň biri ýazdy.

Onuň tassyklamagyna görä, öýlenip, çagasy bolsa, aýalyny, çagasyny eklemegiň kyn boljagyny göz öňünde tutýan ýigitler köplenç durmuş gurmakdan saklanýarlar, ozallar durmuş gurýan ýigitler bu barada häzirki ýaly çynlakaý alada etmezdi.

“Sebäbi ýigitleriň köpüsi işsiz, pul tapmak kyn, olara durmuşa çykjak gyzlar hem işsiz, bular durmuş guranlaryndan soň nädip gün görmeli?” diýip, habarçy redaksiýnyň beren soragyna sorag bilen jogap berdi.

Häzir gyzlar hem durmuş gurmazlaryndan öň ýigidiň işi, hünäri barmy, pul gazanyp biljekmi ýa däl, öňünden sorag-ideg edip görýärler we köp gyz diňe şondan soň belli bir karara gelýär diýip, habarçymyz aýtdy.

Şol bir wagtda, öýlenjek ýigitler hem, eger mümkin bolsa, döwlet işinde ýa başga bir işde işleýän, elinde bir hünäri bolan gyz bilen durmuş gurmaga çalyşýarlar.

Ýaşlaryň maşgala durmuşlarynyň bozulmagyna köplenç işsizlik faktory sebäp bolýar. Tejribeden görnüşine görä, toý edeninden iki ýyl çemesi soň aýrylyşmak kararyna gelýän gelinler barha köpelýär. Elbetde, bu aralykda olaryň köpüsiniň çagasy hem bolýar. Maşgala bozulanyndan soň, çagalar köplenç ejeleri bilen galyp, ataly atasyz ýetime öwrülýärler. Emma bu mesele barada ne metbugat, ne-de hormatly il ýaşululary, häkimiýetler açyk gürrüň edýär.

'Neşe belasyndan' soň kada öwrülen kadasyzlyk

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda ýurtda giň ýaýran neşe gaçakçylygy we neşekeşlik ýaş ýigitleriň köpçülikleýin zaýalanmagyna, türme tussaglygyna höküm edilmegine we sandan çykmagyna alyp geldi. Bu ýagdaý öz gezeginde çagaly ýa çagasyz dul galan gelinleriň, ýaşy geçen, durmuşa çykmadyk gyzlaryň köpelmegine sebäp boldy. Şeýle ýagdaýa düşen gelinleriň, gyzlaryň arasynda her hili agyr ýagdaýlara düşýänleri az bolmady. Olaryň arasynda umydyny ýitirip, ahyrynda özünden has uly, pikir-düşünjesi düýpden gabat gelmeýän erkeklere durmuşa çykanlary-da, ikinji aýal bolmaga razy bolanlar hem boldy. Mysal üçin, özünden 25 ýaş uly adama ikinji aýal bolan bir gyzy tanaýaryn. Onuň bir gyzy boldy. Ýöne ol indi nikalaşan adamsyndan aýrylyp, atasy öýünde ýaşaýar, şeýle mysallar, ýalňyz ene bolup, ömrüni çagasyna bagyşlaýan aýallar häzir kän diýip, habarçymyz aýtdy.

Synçylaryň käbiri gelinleriň arasynda ‘keýpine’, ‘yrsarap’ aýrylyşýanlaryň hem az däldigini, aýrylyşmagyň ‘moda’ ýaly bir zat bolandygyny aýdýar. Emma habarçylarymyz bu ýagdaý barada dürli-dürli garaýyşlary öňe sürdüler. Olaryň birinjisi maşgalalaryň ‘keýpine’ ýa-da ‘moda’ esasynda aýrylyşýandygyny tassyklap bilmejekdigini aýtdy. Emma ikinji habarçymyz bu diýilýäniň janynyň bardygyny, aýallaryň arasynda kinolardaky ýaly “joşgunly söýgi” gözleýänleriň hem ýok däldigini belledi.

“Dogrusy, ýaşlykda aýrlyşýan gelinleriň käbiri ýeňil durmuşy saýlap, pully erkekler bilen eşretli durmuşda ýaşamak isleýärler, olar ýaly durmuş diňe ertekilerde, seriallarda bolýar. Has oňat durmuşda ýaşaryn öýdüp, ärini, maşgalasyny taşlap, Aşgabada gidip köçede galýan gelinler hem, köp azatlyk isläp, azatlykdan mahrum bolup, türmä düşýänler hem bar“ diýip, habarçymyz aýtdy.

"Geçen ýyl Kaka etrabyndaky maşgalasyndan aýrylyp, Aşgabatda erkin durmuşda ýaşajak diýip gelen iki gelin otelde ten söwdasyny edýän gyzlar tarapyndan pyçaklandy, olaryň biri wakanyň bolan ýerinde jan berdi, beýleki gyzlar uzak möhletli türmä basyldy“ diýip, habarçymyz kakaly gelinleriň atlaryny, wakanyň bolan ýerini aýtmak bilen habar berdi.

Şol bir wagtda, sebäpsiz aýrylyşmak diýilýän pikir bilen ylalaşmadyk habarçymyz daşary ýurtlara okamaga, işlemäge gidýän gyzlaryň, gelinleriň köpelmeginiň olaryň Türkmenistanda ýaşaýan deň-duşlarynyň pikir-düşünjesiniň kesgin üýtgemegine belli bir derejede täsir ýetirýän bolmagynyň “gaty mümkindigini” öňe sürýär.

“Hemmesi diýjek däl, häzir gyzly maşgalalaryň köpüsinde mekdebi tamamlan gyzlaryň okuwa ýa-da daşary ýurda, hususan-da Türkiýä gitmek meselesi bar. Has anygy, Türkiýä okamaga ýa işlemäge gitjek diýip aýak direýän gyz köpelýär. Ozallar iş diýip, är-aýal bolup gidenleriň yzynda galan çagalar hem köp. Olaryň arasynda 10-15 ýyldan soň yzyna, Türkmenistana gaýtmak meselesiniň üstünde oňuşman, ‘aýalynyň ýok, men Türkiýede galjak’ diýip aýak depmegi netijesinde bozulan maşgalalar hem bar. ‘Köp maşgalany Türkiýe bozdy’ diýýänler hem ýok däl... Meniň ýaşaýan etrapçamda 40-a golaý aýal, yzda galan ýoldaşyna ‘indi geljek däl, sen hem öýlen, bagtly bol’ diýip, habar goýberdi, olar bu hili karara gelenlerinde çagalary hakynda pikirlenýärmi ýa ýok, biljek däl” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ýene bir faktor, erkekleriň arasynda soňky onýyllyklarda has köpelendigi aýdylýan arakhorlyk bilen bagly, bu ýagdaý barha kän maşgalanyň tozmagyna we çagalaryň ýetim galmagyna alyp gelýär diýip, habarçymyz aýtdy.

Çözülmesi kyn mellek, jaý meselesi

Mundan başga, soňky ýyllarda durmuş guran gyzlaryň arasynda ‘ýoldaşyny eline alyp, ene-ataňdan aýry, özbaşdak ýaşaly’ diýýän gelinler has köpeldi, olar esasan öňden gelýän däbe, ‘gaýynlara hyzmat etmäge razy däl’ diýip, habarçy belledi.

Ýerli çeşmeleriň aýtmagyna görä, mellek ýerini almagyň kyn bolmagy, gurluşyk materiallarynyň gymmatlygy, köne jaýlaryň hem aşa gymmatlamagy, dürli sebäpler esasynda ýykylýan jaýlaryň köpelmegi, täze jaýlary almak mümkinçiliginiň jemgyýetiň juda çäkli bölegine elýeterli bolmagy hem-de birnäçe ogluny öýeren maşgalalaryň alaçsyz, üç-dört otagly jaýda, howluda gysylyşyp ýaşamagy hem ýaş maşgalalaryň bozulmagynda ‘ýeterlik’ rol oýnaýar.

Ýöne synçylar soňky ýyllarda maşgala bolup ýaşaýanlaryň arasynda özara sylag-hormatyň hem görnetin azalýandygyny, aýalyny urýan erkekleriň köpelmegi bilen bir hatarda, adamsyny düýpden sylamaýan, ony ene-atasynyň, doganlarynyň, dostlarynyň arasynda kemsitmäge, utandyrmaga çalyşýan aýallaryň hem az däldigini belleýärler.

Mysal üçin, Azatlygyň bir söhbetdeşiniň aýtmagyna görä, bir maşgala gelniň adamsy bilen sögüşende gaharyna, “sen ýalyny tüýküren ýerimden tapýan” diýen sözi üçin bozulýar, adamsy oňa “beýle bolsa, bir minudam eglenme” diýýär. Beýleki bir maşgala bolsa, gelniň köçede dostlary bilen gürleşip duran adamsynyň üstüne gygyryp, onuň egnindäki köýnegini ýyrtyp, ýaş çagasy bilen atasy öýüne gitmegi bilen bozulýar. Ol şeýdip, yzyndan töwellaçy getirtmegi, ýalbardyp gelmegi gowy görýän eken.

Şeýle mysallar başga-da kän. Aýrylyşyp gidip, soň çagalaryny öňki adamsyna, gaýynlaryna garşy gural edip ulanmaga çalyşýan, olary ata-enelerine görkezmeýän, doglan günlerinde-beýlekide gelseler, öýden gaçyrýan gelinleriň hem az däldigi aýdylýar. Şu hili ýagdaýlarda, uly bir mesele bolmasa-da aýrylyşýan aýallaryň käbiriniň soň, ogly-gyzy durmuş gursa, olaryň hem durmuşlaryny bulaýandygyny gürrüň berýärler.

Mundan başga, türkmençilikde ozal juda seýrek hasaplanan ýagdaýyň, maşgala biwepalygynyň hem köpelendigini, munuň käbir halatlarda gizlenip hem durulmaýandygyny, adaty zada öwrülip barýandygyny aýdýarlar.

“Ozallar beýle zat ýokdy, indi iki tarapda hem aýalynyň ýa adamsynyň daşyndan başga birleri bilen köplenç gizlin, käte tasdan açyk ýaşaýan erkekler we aýallar hem bar, olar bu ýagdaýy kabul edýärler we bir gapydan girip-çykmagy, il gözüne är-aýal bolmagy dowam etdirýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Synçylaryň käbiri ‘maşgaladaky biwepalyk meselesiniň' häzir tasdan birinji ýerde durýandygyny’ öňe sürýär.

“Iki-üç çagaly aýallaryň arasynda hem öz adamsynyň daşyndan ýene biri ýa ikisi bilen ýaşaýan aýallar köpelýän ýaly. Bu ýagdaýy kabul etmeýän erkekler nikasyny bozmak üçin kazyýete ýüz tutýar we kazyýet 6 aýyň dowamynda olaryň nikasyny bozýar. Şondan soň çagalar ejeleriniň elinde, ataly ýetim bolup galýar. Bu hili çagalaryň soňky durmuşy köplenç aňsat bolmaýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky maşgala, durmuş meselelerini ýakyndan synlan habarçymyzyň maglumatyna görä, käbir halatlarda kanunda görkezilmedik hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan oteller, gijeki klublar, disko barlary hem maşgalalaryň bozulmagynda “öz roluny oýnaýar”.

Işi sebäpli ýurduň dürli sebitlerinde bolup, gijelerine otellerde galýan habarçymyz ol ýerlerde dürli ýaşdaky aýal maşgalalar bilen gürrüňdeş boldy.

“Olar esasan ärleriniň özlerini ekläp bilmeýändigini gürrüň berýärler, käbiri adamsynyň özüni urandygyny, horlandygyny we kemsidendigini aýdyp zeýrenýär. “Adamym Türkiýä işlemäge gidip, şol ýerde başga bir aýala öýlendi, ortada men eýesiz, eklençsiz galdym diýýänleri hem bar” diýip, habarçymyz bir-birinden sähel üýtgeýän, ýöne hemmesi birleşip, maşgalanyň bozulmagyna getiren ýagdaýlar barada kän eşidendigini aýtdy.

Synçylaryň käbiri jemgyýetde, maşgalalarda ahlak terbiýesiniň pese gaçandygyny öňe sürýär. Olaryň pikiriçe, geçmişde türkmenler maşgalany mukaddes hasaplapdyrlar, adamsy urşa giden aýallar hem maşgala ojagyna wepaly bolmagy hemme zatdan ýokarda goýudyr. "Emma indi başga döwür, ol öňki edep-terbiýe galmady" diýip, 70 ýaşly aşgabatly pensioner aýtdy. Onuň pikiriçe, “ykdysady kynçylyklar bolsa-da, edil maşgalaňy bozup, ten satmaga sebäp bolar ýaly zat ýok”.

Emma bu pikir bilen ylalaşmaýan synçylar-da bar. Olaryň pikiriçe, mesele diňe pul üçin ten satmakda hem däl. Ýanýoldaşy uzak ýurda işlemäge giden ýa nebit-gaz pudagynda, meýdanda hepdeläp ýatymlyk işleýän erkekleriň aýallarynyň käsiniň aýralyga çydap bilmän, adamsynyň gazanan puluny başga erkeklere harçlaýan halatlary hem az bolmaýar.

"Ýatymlyk işe gidip, maşgalasyny göresi gelip ýa işde bir näsaglyk tapynyp, näsazlyk döräp, wagtyndan ir öýe gelende, aýalyny zynada tutýan erkekler hem bar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Synçylaryň käbiriniň pikiriçe, maşgala medeniýetiniň soňky 30 ýylda “beýle derejede pese gaçmagy” bilim pudagyndaky korrupsiýa, ýokary okuw jaýlarynda diňe pully adamlaryň okap, okaman diplom almagy, pulsuz adamlaryň bolsa diňe iýjek çöregini gaýgy edip ýaşamagy bilen bagly.

Habarçymyz “diňe iýjek çöregiňi tapmak üçin ýaşamaly” diýen düşünjäniň halkyň aňyna siňendigini, köp adamyň başga pikir etmeýändigini we muňa ýagdaýynyň hem ýokdugyny aýtdy.

Emma pikir edýän, sosial ulgamlarda 'ýaman ýanýoldaşdan uzak durmalygydyny' öňe sürýän türkmenler hem bar.

'Gülala-güllük' metbugatyndaky ýapyk gapy

Günbatar ýurtlarynda ýaşaýan 40 ýaşlaryndaky bir synçy türkmençilikde ozallar aýrylyşmaga uly bir aýyp, utanç zat hökmünde garalandygyny, emma indi beýle däldigini belledi.

"Bu aýallaryň-da, erkekleriň-de, eger şeýle netijä gelseler, aýrylyşmaga kanuny hukuklarynyň bardygyny we munuň her bir adamyň öz şahsy meselesi bolup durýandygyny, 'il näme diýer' diýip, bütin ömrüni köýdürýän adamlaryň azalýandygyny aňladýar. Eger häzirki ykdysady kynçylyklar, jaý ýetmezçiligi döwründe hem, 'ejemiň dar garnyna sygdym, giň öýüne sygmarynmy?' diýip, kesgin aýrylyşmak kararyna gelip bilýän gelinler köpelen bolsa, bu özüni sylaýan, öz erkinligine gadyr goýup bilýän aýallaryň köpelýändigini aňladýar.'

Ýöne ol döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maşgala, ýetim çagalar bilen bagly meselelere ýapyk bolmagyny, kyn ýagdaýa düşen adamlara ýeterlik durmuş kömeginiň berilmezligini aklap bolmajakdygyny hem sözüne goşdy.

Habarçylarymyz maşgala krizisi, aýrylyşýanlaryň görnetin köpelmegi, bozulan maşgalalardaky çagalar hakynda metbugatda gürrüň edilýärmi diýip beren soragymyza “ýok” diýip jogap berdiler.

Türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň, şol sanda gezet-žurnallaryň öz tomaşaçylaryny, diňleýjilerini we okyjylaryny ýitirýändigi we munuň sebäpleri barada Azatlygyň habarçylary ozalam habar beripdiler.

"Türkmen telewideniýesine tomaşa edýän adam barmyka?” diýen sorag döreýär, ol ýerde diňe propaganda, türkmen metbugaty Berdimuhamedowlary wasp etmekden başga zada wagt tapmaýar, şu sebäpden köp adam rus, özbek telekanallaryna seredýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, bozulan maşgalalaryň, çagalary üçin aliment töleglerini töläp bilmeýän erkekleriň köpelmegi nesijesinde, hepdäniň 3-nji, 5-nji günleri kazyýet, prokuratura binalarynda kabul edişlige gelýän zenanlar köpeldi; metbugatda ne çagalaryny ekläp bilmeýän aýallar, ne-de olaryň çagalary, ne-de dürli ýerlerde çörek, pul dileýän ýetimler barada gürrüň edilýär, muňa derek “hemme zat gowy, gül ýaly ösüp barýarys” diýen manydaky gepleşikler taýýarlanýar.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäriniň pikiriçe, türkmen ýaşlaryna aýal, erkek arasyndaky jynsy gatnaşyklar, arassaçylyk düzgünleri, göwrelilik döwri we beýlekiler hakynda hem ýeterlik düşünje berilmeýär; maşgala gatnaşyklarynda mesele dörände psiholog kömegini almak medeniýeti tasdan ýok, bu ugurda düşünje berýän gollanmalar hem elýeterli däl.

Metbugatda maşgalalara mümkin boldugyça kän maglumat bermeli wagty geldi; ýaşlary maşgala gurmaga taýýarlaýan okuw sapaklaryny hem guramaly, mekdeplerde ýa-da orta hünär mekdeplerinde okuwçylary 16 ýaşdan soň maşgala durmuşyna taýýarlaýan sapaklary guramaly, ol ýerde diňe bir maşgala, öý işlerini öwretmän, beýleki gymmatlyklary, aýal-erkek gatnaşyklaryndaky sagdyn ýörelgeleri hem öwretmeli, arassaçylyk, maşgala, nika mukaddesligi düşünjelerini bermeli diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Radionyň bir söhbetdeşi mekdeplerde 90-njy ýyllaryň başyndan 97-nji ýyla çenli geçilen Edep sapagyny ýatlatdy.

“Edep sapagy hepdede 3 sagat okadylardy, soň ol hem ýatyryldy” diýip, radionyň söhbetdeşleriniň biri ýurtdaky maşgala krizisini esasan bilim-düşünjäniň, şol sanda dini düşünjäniň pesligi bilen düşündirmäge çalyşdy.

“Häzirki bozulýan maşgalalaryň köpüsiniň sebäbini derňeseň, “ärim aýfon alyp bermedi”, “çagasynyň doglan gününi bellemedi”, “maňa sowgat alyp bermeýär” diýen ýaly bahanalara gelip direýär, bu zatlara birinji günäkär döwletiň alyp barýan ýalňyş bilim we metbugatda bir adamy hudaýlaşdyrmak syýasaty sebäp bolýar” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Mundan başga, synçylaryň käbiri ene-atalaryň arasynda durmuşa çykan gyzynyň, öýlenen oglunyň uzagyndan bagtly bolmagy barada däl-de, ile göz edip, uly toý tutmaga ýykgyn edýän adamlaryň köpelendigini, olaryň ýaşlary “problema sokýandygyny” aýdýar. Olaryň pikiriçe, uly toýlary wagyz edip, toý mekanlaryny gurduryp, bu “zyýankeşligi” döwlet hem wagyz edýär.

“Golaýda bir garyp tanşym öýlendi, gelnalyjy maşynlary 5 sany bolup, gyzy alyp gaýtmaga baranlarynda, gyzyň garyndaşlary: “Näme, dul äkitmäge geldiňizmi? Maşynlaryňyz hem gowy däl, 3 sany maşyn bilen gelip, bizi masgara etdiňiz” diýipdirler. “...adamlar diňe men-menlik bilen ýaşaýarlar, “plany uly toý etdi” diseler boldy” diýip, Azatlygyň beýleki bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, “bir topar bilimsiz, sowatsyz, pul tapan, emma akyl tapmadyk nesil emele geldi, olar üçin ar-namys, päklik hem gyzykly däl, “Eşek eşekden galsa, gulagyny hem kes, guýrugyny hem” diýleni, bir-birinden ozdurjak bolup toý edýärler.

Durmuş gurýanlaryň 'bagşy keseli'

Aýdylmagyna görä, ýaşlaryň arasynda toýa bagşy çagyrmak hem uly mesele bolmagynda galýar we bu ýagdaý käte soň ýaş maşgalanyň bozulmagynyň bir sebäbi bolýar.

Geçen ýyl Farapda bir tanşymyň öýlenjek ogly ene-atasyna “meniň toýuma aýdymçylar Eldar Ahmedow we Farhat Oraýew gelmese, men özümi heläklärin, sebäbi gelinligime, dostlaryma wada berdim” diýipdir. Netijede, ýigidiň kakasy Farapda ýaşap oturan jaýyny girewine goýup, süýthordan prosentine pul aldy” diýip, habarçymyz bu aýdymçylaryň her toýda özlerine 40, 50 müň manat nyrh kesýändigini gürrüň berdi.

"Indi ol tanşymyň jaýy ýok, sebäbi süýthora bermeli boldy, jaýy bolmansoň, gelni hem ogly bilen aýrylyşyp, atasy öýüne gitdi, adamlar toý diýilse, ertiriň pikir etmän çykdajy edýärler, Ýewropa ýurtlarynda ýa-da Ýaponiýada adamlar bizden has baý, has ösen, emma toýa 30-40, aňry gitse 50 adam çagyrýarlar, ýogsa olaryň pulam bar, ýöne olar puluny toý üçin däl-de, ýaşlaryň gelejegine maýa (kapital) goýup, maşgalanyň gelejegni üpjün edýärler, bizde azyndan 500, hatda 2000 adama çenli çagyryp, soňundan aglaşyp, kösenip ýörler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Şu aralykda, soňky onýyllyklarda gurlan köp sanly toý mekanlarynyň müşderileriniň azalýandygy barada berilýän resmi bolmadyk maglumatlardan soň, “Galkynyş” toý mekany maşgala we toý dabaralaryny ýokary derejede gurap berýändigi barada edýän wagyzlaryny güýçlendirdi. “Toý mekanynyň giň we göwnejaý zalyna birbada 500 adam ýerleşip bilýär” diýip, “Türkmenportal” neşiri soňky hepdelerde 'uly toý' wagzynyň azyndan üç bildirişini çap etdi.

Emma muňa garamazdan, Halkara ene-atalygy planlaşdyryş federasiýasynyň (IPPF) web saýtynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda hökümetiň aýallaryň bedenine edilýän gözegçiligi täze derejelere çykarmagy bilen, bu ýerde meseläniň özeni gözegçilikde we aýallara diňe sagdyn watançylary dogurmaklary hem-de aňyrdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny saklamaklary nukdaý nazaryndan gadyr goýulýar.

Şol bir wagtda, aýallaryň 50%-iniň göwreliligiň öňüni alyş serişdelerinden peýdalanmak mümkinçiligi ýok, ýaňy-ýakynda geçirilen bir barlag bolsa türkmen aýallarynyň 60%-iniň saglygy goraýyş, göwreliligiň öňüni alyş çäreleri we jynsy gatnaşyklara razylyk bermek meselesinde özbaşdak karara gelmek mümkinçiliginiň ýokdugyny ýüze çykardy.

Azatlyk Türkmenistandaky ‘ýapyk’ temalaryň ýene birine ýüzlenmek bilen, döwlet propagandasynyň, uludan tutulýan durmuş toýlarynyň ‘kölegesinde’ galýan özgerişliklere nazar aýlamaga synanyşdy. Eýsem, bu meseleler boýunça sizde nähili pikir-garaýyşlar bar? “Indi dört tärimiň içine sygmaýandygy’ aýdylýan we tiz özgerýän durmuşda maşgala gatnaşyklaryndaky sagdynlyk, aýrylyşan maşgalalaryň arasyndaky gatnaşyk, çaga terbiýesi we jemgyýetdäki abadançylygyň ýokarlanmagy barada öz pikirleriňizi paýlaşsaňyz, sizden hoşal bolarys.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG