Balkan welaýatynda agronomlar we pagtaçy kärendeçiler sebitiň köp ýerinde gowaça ekişine heniz hem girişilmändigini belläp, ekişiň gijä galýandygyny aýdýarlar. Bu waka welaýat häkimleriniň ýurtda gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat bermeginden 10 gün soňa gabat geldi.
1-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şonda welaýat häkimleri, şol sanda Balkanyň häkimi Taňryguly Atahallyýew gowaça ekişi geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ilkinji hatarara bejergi we otag etmek işleriniň dowam edýändigini hem aýtdylar.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurduň günbatar welaýatyndaky habarçysy sebitde gowaça ekilmeli meýdanlaryň takmynan 50 göterimine pagta ekilendigini habar berýär.
"Gyzylarbadyň "Ýaşlyk", "Tutly" we "Döwlet" daýhan birleşiklerinde göz öňünde tutulan gowaçanyň bolup bilse 60 göterimi ekildi. Etrabyň "Zau", "Garasenger" we "Hajy" daýhan birleşiklerinde bolsa, uly ýoluň golaýyndaky we etrap merkezine golaý ýerlerdäki gowaça meýdanlarynda ekiş geçirildi. Ýöne bu daýhan birleşiklerinde hem gowaça ekilmegi göz öňünde tutulan meýdanlaryň bolup bilse 40 göteriminde ekiş geçirildi" diýip, balkanly agronom anonimlik şertinde aýtdy.
Agronomlaryň we pagtaçy kärendeçileriň ençemesiniň aýtmagyna görä, Gyzylarbat we Bereket etraplarynda gowaça ekilmedik meýdanlar heniz sürüm işleri üçin-de taýýar däl. Muňa tehnika we ýangyç ýetmezçiligi sebäp bolýar.
"25-30-njy aprel aralygynda dizel ýangyjy bolmady. Şol sebäpli bu döwürde ýeke metr ýerde hem sürüm işleri geçirilmedi. 1-nji maýdan sürüm işleri geçirilip başlandy, ýöne işleriň ýagdaýy juda haýal barýar. Welaýat gowaça ekişiniň doly tamamlanandygy barada hasabat berse-de, ekiş iýun aýynyň ortasyna çenli dowam eder. Sebäbi dizel bolsa-da, sürüm işlerini geçirjek tehnika hem ýetmezçilik edýär" diýip, balkanly kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Galyberse-de, gowaça ekişiniň gijä galmagyna şu ýyl sebitde tohumlyk çigidiň ýiti ýetmezçiligi hem sebäp bolýar. Pagtaçy kärendeçileriň sözlerine görä, etrap häkimleri ilki bilen uly ýollaryň gyralaryndaky ekin meýdanlarda gowaça ekişini amala aşyrmagy tabşyryp, ekişiň gijä galýandygyny ýaşyrmaga çalyşýarlar.
"Heniz gyş suwy tutulmadyk ýerler hem bar. Ýerler gurap, tozap dur. Bu hasyla hem täsir ýetirer. Güýzde million tonna pagta hasyly ýygnaldy diýlip, ähli zat gülala-güllük diýler, ýöne bazarlarda ýagyň, künjaranyň ýokdugy, pagtany we pagta çigidini gaýtadan işleýän zawodlarda çig malyň ýokdugy barada hiç zat aýdylmaz" diýip, kärendeçi aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan welaýat, Gyzylarbat we Bereket etrap häkimliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.
Ýöne bu habarlaryň arasynda, döwlet baştutany Balkanyň häkimi Atahallyýewe welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Prezident 8-nji maýda geçiren hökümet maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny hem aýtdy. Ýöne adatça bolşy ýaly maslahatda sebitde gowaça ekişiniň gijä galýandygy barada hiç hili mesele gozgalmady.
Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.
Muňa garamazdan, kärendeçiler özleriniň tehnika, suw, tohum we dökün üpjünçilikleriniň ýaramazdygyny, munuň köplenç ekiş işleriniň gijä galmagyna we hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
Aprel aýynda Mary welaýatyndaky habarçylarymyz sebitiň gallaçy kärendeçileriniň ekerançylyk suwlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we munuň kärendeçileriň özara dawalaşyp, aýyplaşmagyna hem sebäp bolýandygyny aýtdylar.
Türkmen hökümeti ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösdürilýändigini we daýhanlaryň ýerden bol hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýar. Ýöne häkimiýetler kärendeçileriň tehnika, suw, tohum we dökün ýetmezçilikleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Türkmenistan şu ýyl 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum