Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply kärendeçiler ekin meýdanlaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna suwarýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda kärendeçi daýhanlar ekin meýdanlaryny suwarmak üçin öz maddy serişdeleriniň hasabyna guýulardan suw çekýärler. Garaşsyz neşir "Türkmenistanyň hronikasynyň" çap eden bu maglumaty, prezident Serdar Berdimuhamedowyň suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamagy ýene bir gezek tabşyran mahalyna gabat geldi.

17-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda prezident häzirki wagtda dowam edýän gowaça ekişiniň, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny hem belledi.

Prezidentiň eden bu çykyşynyň fonunda, Lebabyň Darganata etrabynda döwlet tabşyrygy boýunça ot-iým, şol sanda ýorunja ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler suw ýetmezçiliginden kösenýärler. Olar ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin elektrik suw nasoslaryndan peýdalanýarlar.

"Nasoslara elektrik energiýasy çekilýär. Ýerli elektrik edaranyň işgärleri möhürlenen elektrik hasaplaýjy enjamlary oturdýarlar we olar kärendeçilere sarp ediljek toguň adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynda ulanýan elektrik togundan ep-esli gymmat boljakdygyny duýdurýarlar. Sarp edilen elektrik togy üçin tölegleri kärendeçileriň özleri töleýärler" diýip, garaşsyz neşiriň 17-nji aprelde çap eden maglumatynda aýdylýar.

Kärendeçiler sebitiň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýändigine garamazdan suwaryş kanallarynda suwuň ýokdugyny aýdyp, bir nasosyň 24 sagatlap işläp bilmeýändigini, şol sebäpli köpleriň iki nasos işletmeli bolýandygyny hem belleýärler.

"Etrap häkimligi suw ýetmezçiligi meselesiniň kärendeçiler tarapyndan çözülmelidigini, sebäbi suwaryş ulgamynyň esasan pagta we bugdaý ekilen meýdanlary suwarmak üçin işleýändigini aýdýar. Emma bu oba hojalyk ekinleri-de suw bilen ýeterlik üpjün edilmeýär. Mundan başga-da, häkimlik sebitiň ýerasty süýji suwlarynyň ýaşaýjylar tarapyndan mejbury ulanylmagy babatda jogapkärçiligi öz üstüne almaýar" diýip, neşir belleýär.

Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýaly üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.

Muňa garamazdan, kärendeçiler özleriniň suw, dökün we tehnika üpjünçilikleriniň ýaramazdygyny we munuň köplenç hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Martyň ortalarynda Marydaky habarçymyz welaýatyň çäklerindäki gallaçy kärendeçileriň ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýändigini we şu sebäpli bugdaý meýdanlarynyň köp böleginde kadaly gögerişiň alynmandygyny​ gürrüň berdi.​

Türkmenistanda suw ýetmezçiligi diňe oba hojalygynda däl, eýse ýurt ilatynyň agyz suw üpjünçiligi meselesinde hem ýyllarboýy saklanyp galýar. Paýtagtda we welaýatlarda ýaşaýyş hem-de durmuş maksatly binalaryň suw üpjünçiligi ençeme günläp kesilýär.

Bu aralykda, bilermenler Owganystanda gurulýan Koştepa kanalynyň işe girizilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň suw hojalygy ulgamynyň dolandyrylyşyndaky problemalary gytaklaýyn boýun alyp, wagtal-wagtal bu ulgamda kadr çalşygyny yglan edýärler. Muňa garamazdan, suw hojalygyndaky problemalar aradan aýrylmaýar.​

Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň prezidenti ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak baradaky buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy. Ýöne TDH buýrugyň jikme-jiklerini aýdyňlaşdyrmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG