Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Gowaçanyň otag işleri üçin’ býujet işgärlerinden pul ýygnalýar


Býujet işgärleri mejbury köpçülik çäresine gatnaşýar. Arhiw suraty.
Býujet işgärleri mejbury köpçülik çäresine gatnaşýar. Arhiw suraty.

Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalary işgärlerden ýene pul ýygnaýar. Adam başyna 60 manat möçberinde kesgitlenen nobatdaky pul ýygymlarynyň sebitiň çäginde ýerleşýän gowaça meýdanlarynyň otag işlerine harçlanjakdygy aýdylýar.

“Bu gezek gowaçalaryň otag işlerine çagyrylýan hakyna tutma işçilere 20 manatdan pul tölenýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji maýda Mary welaýatyndan habar berdi.

Gowaça meýdanlaryna häkimiýetler tarapyndan iberilýän hakyna tutma otagçylaryň tölegleri sebitiň býujet işgärleriniň üstüne ýüklenýär.

Maglumata görä, hakyna tutulan işçi öz zähmetiniň gündelik tölegi üçin 15 manat kabul edýärler, “galan pullar edara başlyklarynyň jübüsine gidýär” diýip, bir býujet işgäri aýdýar.

Türkmenistanda mart aýynyň ahyrlarynda gowaçanyň ekiş işlerine badalga berildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary günorta-gündogar sebitde şu günler otag işleriniň birinji tapgyryna girişilendigini habar berýärler.

Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler döwlet bilen şertnama esasynda gowaça ösdürip ýetişdirýärler we pagta hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaly edilýärler.

Türkmen häkimiýetleri dürli bahanalar bilen býujet işgärlerinden yzygiderli pul çöpleýärler. Edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin, ýüpek gurçugyny ýetişdirmek üçin, gazet-žurnallara abuna ýazylmak üçin we başga-da ençeme bahanalar bilen yzygiderli tutulýan tutumlar işgärleriň gerdenine ýük bolýar.

“Hamala, döwlet gaznasy býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar bilen aýlanýan ýaly. Elmydama býujet işgärlerinden pul çöpleýärler” diýip, bir döwlet kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Beýleki bir býujet işgäri aýlyk ýygnalýan pullaryň möçberiniň 100 manatdan 200 manada çenli baryp ýetýändigini aýdýar. Üstesine, býujet işgärleri döwlet guramaçylygynda geçirilýän çärelere hem mejbury gatnaşmaly edilýärler.

Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Güýz aýlarynda edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury ýygyma çekilýärler, ýa-da hasyl ýygnamaga gatnaşýan hakyna tutma işçilere hak tölemeli edilýärler.

Birleşen Ştatlaryň Gümrük gullugy, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryň Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy bilen bagly bildirýän aladalaryna esaslanyp, 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda türkmen pagtasyna we türkmen pagtasyndan öndürilen islendik önümiň ABŞ-nyň çägine import edilmegine gadaganlyk girizdi.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri pagtany “ak altyn” atlandyryp, gowaçanyň ideg işlerinde we pagta hasylyny ýygnamakda esasan oba hojalyk tehnikalaryndan peýdalanylýandygyny öňe sürýär.

“Ähli etraplardaky býujet işgärleri öz etraplaryna degişli potrat ýerleriniň otag işlerine pul bermeli. Häzir gowaçanyň otag işleriniň birinji tapgyryna girişildi. Gowaça ekini orta hasap bilen 4-5 gezek otalýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatyndan habar berdi.

Mejbury toplanýan pullara garşylyk bildirýän, ýa-da pul bermekden ýüz öwürýän býujet işgärleri häkimiýetleriň haýbatlaryna sezewar bolýarlar.

“Iň erbet ýeri, halkyň sesini diňleýän ýok” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýtdy.

Biraz öň, apreliň ahyrlarynda Mary welaýatynda döwlet edara-kärhanalaryndaky baýdaklary täzelemek üçin, býujet işgärlerinden adam başyna 75 manatdan pul ýygnaldy.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, aýlyklaryň pesligi we her aý dürli maksatlar üçin yzygiderli pul toplanýandygy zerarly, olaryň ellerinde galýan zähmet haklary aýlyk çykdajylaryň ýarysyna hem ýetmeýär.

Nobatdaky pul toplamak çäreleri ýurtda raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň gijikdirilmeginiň soňky bir aýyň dowamynda ýygjamlaşan wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG