Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda we Lebapda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär


Türkmenistanda köçeleri arassalamak işlerine gatnaşýan Jemagat hojalygy müdirliginiň we edara-kärhanalaryň işgärleri. Arhiw suraty
Türkmenistanda köçeleri arassalamak işlerine gatnaşýan Jemagat hojalygy müdirliginiň we edara-kärhanalaryň işgärleri. Arhiw suraty

Şu günler Daşoguz we Lebap welaýatlarynda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu işler Jemagat hojalygy müdirliginiň we edara-kärhanalaryň işgärleri tarapyndan amal edilýär. Lebabyň häkimiýetleri bu çäreleriň sebäpleri barada anyk bir zat aýtmaýan mahaly, daşoguzly býujet işgärleri muny Berdimuhamedowlaryň öňümizdäki günlerde sebite etmegi mümkin sapary bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

"Dynç günüdigine garamazdan, ýekşenbe güni hem, daşoguzly býujet işgärleri köçeleri arassalamak, baglary timarlamak, ýaşaýyş jaýlaryny aklamak we reňklemek işlerine çekildiler. Şäherde howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirildi" diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy aýtdy.

Bu işler Daşogzuň howa menzilinden merkezi metjidine, "Türkmeniň ak öýi" binasyna çenli aralykda alnyp barylýar. Arassaçylyk we abatlaýyş işleri şäheriň edara-kärhanalarynda hem geçirilýär.

"Bu çäreler Berdimuhamedowlaryň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly. Berdimuhamedowlaryň - atasy, ogly we agtygy - Ogulabat Berdimuhamedowanyň hatyrasyna bäş welaýatyň merkezi metjitlerinde sadaka berjekdigi aýdylýar. Bu sadakalaryň anna günlerine gabatlanyp, anna agşamy berilmegine garaşylýar. Ýöne adatça bolşy ýaly bu barada anyk bir zat aýdylmaýar" diýip, daşoguzly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Býujet işgärleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, ýurduň käbir köçelerine we seýilgählerine Ogulabat Berdimuhamedowanyň adynyň dakyljakdygy barada hem gürrüňler bar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa 7-nji aprelde 86 ýaşynda aradan çykdy. Munuň yz ýany, ýurduň metjitlerinde din wekilleri merhumyň hormatyna aýat-töwir okamak we Gurhan kitabyny hatm etmek bilen borçlandyryldy. Geçen hepde Balkan welaýatyndaky habarçymyz prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna ‘anna agşamlarynyň’ berilýändigini habar berdi.

Daşoguzdaky habarçymyz Berdimuhamedowlaryň howa menzilinden 2 kilometr daşlykda gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumyna hem baryp görmegine garaşylýandygy barada maglumatlaryň bardygyny aýdýar.

"Bu toplumda bäş gatly jaýlaryň 40-dan gowragy gurulýar. Olaryň her birinde 50 çemesi ýaşaýyş jaýy bar" diýip, habarçy belledi.

Lebapdaky habarçymyz hem, Türkmenabat şäherinde aprel aýynyň 20-den bäri günde diýen ýaly ýowar geçirilýändigini, köçeleriň süpürilip, haşal otlardan arassalanýandygyny aýdýar.

"Bu işlere edara-kärhanalaryň her birinden, işgär sanyna görä, 8-10 adam gatnaşdyrylýar. Şäheriň Azatlyk köçesiniň we Türkmenabat-Aşgabat demir ýolunyň ugrunda has-da güýçlendirilen görnüşde ýowar geçirilýär. Her edara 500 metr ýer paýlanyp berildi we bu ýeri haşal otlardan, hapalardan arassalamak talap edildi. Arassaçylyk işleriniň tutýan meýdany tä Zerger etrapçasyna çenli, 10 kilometre çenli uzap gidýär" diýip, habarçy belledi.

Habarçy soňky günlerde şäheriň dürli künjeginde, şol sanda şäher häkimliginiň aktlar zalynda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmeginiň ýygjamlaşandygyny, olara esasanam milli köýnekdäki aýal-gyzlaryň gatnaşdyrylýandygyny hem aýtdy.

"Berdimuhamedowlaryň ýakyn wagtda welaýata sapar etjekdigi barada anyk maglumat ýok. Duýdansyz gelmegi mümkin" diýip, habarçy arassaçylyk işleriniň sebäbi barada anyk düşündiriş berilmeýändigini hem belledi.

Azatlygyň ýokarda aýdylanlar barada ýerli häkimiýetlerden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri döwlet emeldarlarynyň sebitlere etjek saparlary we oňa görülýän taýýarlyklar barada öňünden habar bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Ýöne Türkmenistanda şeýle arassaçylyk we abatlaýyş işleri adatça prezidentiň ýa-da ýokary derejeli döwlet emeldarynyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG