Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen, özbek gepleşiklerine garamazdan, “Farap” gümrüginde ulaglaryň uly nobatlary saklanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň gündogaryndaky Özbegistan bilen serhetdäki gümrük geçelgesinde üstaşyr ýük ulaglarynyň uly nobatlary saklanyp galýar. Bu ýagdaýlar Azatlygyň bu baradaky dowamly habarlarynyň yzýany, geçen aý türkmen we özbek ýokary derejeli ulag resmileriniň ‘ulag-üstaşyr geçiriş ulgamy boýunça işleri ýeňilleşdirmäge’ gönükdirilen gepleşiklerinden hem soň, dowam edýär.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri geçen oktýabrda Özbegistan bilen aradaky Farap-Alat gümrüginiň golaýynda, Amyderýanyň köprüsinde ýörite barlag-gözegçilik nokadyny döredipdiler. Serhetden geçmek üçin ýerli we daşary ýurt ýük sürüjileri bu ýere gelenlerinde, türkmen resmileri olary 15 km uzaklykda ýerleşýän Çärjew etrabyndaky täze köp ugurly bazaryň awtoduralgasyna ýollap, şol ýerde nobata ýazylmak üçin ýörite “fiş” almagy talap edip başladylar.

Munuň netijesinde, ozal bir günde amal edilen dokument işleri birnäçe güne çenli uzady.

Sürüjiler awtotirkegiň nomeri, bazardan ugran sagady ýazylýan bu “fişi” alanlaryndan soň, Amyderýanyň köprüsinden geçip, Farap gümrükhanasyna baryp bilýärler. Bu kagyzy almak üçin bazarda azyndan 5-7 gün garaşmaly, we, elbetde, ulagyň duralgadaky her güni üçin 100 manat möçberinde töleg etmeli.

Azatlykda dowamly çykan bu habarlaryň yzýany, geçen aý Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Maglumata görä, 10-njy martda Aşgabatda geçirilen duşuşykda taraplar ýük daşamak işinde ýüze çykýan käbir kynçylyklary aradan aýyrmak bilen ulag we üstaşyr aragatnaşygyny giňeltmek barada pikir alyşypdyrlar. Şeýle-de haryt daşamak işini çalt amala aşyrmak üçin serhet amallaryny ýönekeýleşdirmek meselesine hem garalypdyr. Emma gürrüňi gidýän ‘kynçylyklar’ we gelnen mümkin kararlar barada hiç zat aýdylmdy.

Galyberse-de, 12-nji aprelde türkmen we özbek gümrük resmileri gepleşik geçirip, hususanda Farap serhet geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada gürrüň etdiler. Türkmen hökümetçi media “Farap awtoýollary” edarasynyň gümrük nokadynyň geçirijilik ukybyny günde 1000 awtoulaga ýetirmek boýunça işlere girişendigini mälim etdi. Emma munuň bilen bagly anyk seneler takyklaşdyrylmady.

Habarçylarymyz bu gepleşiklere garamazdan, Farap gümrüginde ýüzlerçe üstaşyr ýük ulaglarynyň entegem uly nobatlarynyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

“Gündelik duralga töleginiň üstüne sürüjiler iýmit üçin hem çykdajy etmeli bolýarlar. Sürüjileriň köpüsi öz ýanlary bilen getiren azyk önümlerinden balon gazda nahar taýýarlaýarlar. Eýrandan, Türkiýeden gelen sürüjileriň aglabasynyň ‘agzy bekli’, bu ýerde bir hepde töweregi garaşmak olara goşmaça kynçylyk döredýär” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan käbir sürüjiler türkmen gümrükçileriniň, paranyň öwezine serhetden geçmek işini göz-görtele çaltlandyryp berýändiklerini hem gürrüň beripdiler.

Ýokarky ýagdaýlar barada Farap gümrükhanasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň hökümeti ýurdy Ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, onuň sebitdäki iň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülýändigini öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG